(Redaktoryň okyjylara ýüzlenmesi)
"...Sözlär tili Türkmeniň"
Uç-gyraksyz,hanasy bimöçber deňzi göz öňüne getirip görüň . Türkmen diliniň sözlük baýlygy-da şeýle deňiz kimin giň ummandyr,tükeniksiz hazynadyr. Ýöne häzirki döwürde biz şol täsin baýlykdan,şol gymmatly hazynadan ýeterlik peýdalanyp bilýärmikäk ? Gynansagam,ýok. Dil baýlygymyzyň agramly bölegi poslap giden demir ýaly ,biziň gündelik durmuşymyzdan alysda ýatyr. Biz Magtymguly şahyrryň "diýip taryplan halkymyzyň şol dil baýlygyna biperwaý garap, ony garyp hala düşürdik. Bu ýagdaýy bolsa , käbir adamlar şeýleräk düşündirýär :
"Döwür üýtgedi,ylmy-tehnika ösdi.Şonuň üçinem ol biziň dilimizdäki (türkmen dilindäki) bir naçe sözleri,söz düzümlerini arhaizmleşdirdi." Hatda gömelteý düşünjeli bir näçe adam türkmen dilinde arassa geplemegi medeniýetsizlik hasaplady. Elbetde, döwrüň ösendigi,ylmy-tehnikanyň durmuşymyza ornaşandygy ,käbir sözleriň ulanylmaga hajatyň galmandygy jedelsizdir. Emma öz diliňde arassa geplemegi başarman,oňa hormat goýman,her bir zadyň,her bir närsäniň adyny öz ene diliňde aýýtmagy oňarman,ata-babalarymyzyň soňky nesillere nusgalyk galdyran söz baýlygyndan peýdalanman, medeniýetli,döwür bilen aýakdaş gidýän adam bolup bolmaz. Asla, öz ene diliň her bir sözüniň, her bir jümlesiniň many-mazmunyna akyl ýetirip bilmezlik seniň milliligiňe ,milli häsiýetiňe-de kölege salýar.
"Manysyz gep bolmaz" kitabyndan

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.