Alymlara uýsaň açylar gözüň...
AZYNDAN EÇILMEÝÄN,
KÖPÜNDEN BERMEZ
Gurby ganymat adamlaryň biri hökümdar Ahmet ibn Tulunyň ýanynda ýagşylykdyr sadaka hakda söz açypdyr. «Şu wagt az-owlak oňňudym bar, emma elim giňese, menem ile-güne ýagşylyk edip, sadaka berip başlajak. Hudaýyň rysgymy giňelderine garaşyp otyryn, çyndan niýetime düwdüm» diýipdir. Hökümdar oňa: «Bilmedim
welin, sen rysgyň giňände hem sadaka berersiň öýdemok» diýipdir. «Walla, şu-la meň çypbakaý-çynym. Şeýle bir höwes edýärin, niýetime görä bolsa, enşalla, hökman sahawat ederin» diýip, gurply adam ynamly gürläpdir. «Niýetlerem iki dürli bolýar: çyn we ýalan niýetler. Synym sowa düşmeýän bolsa, onda seniň ýüregiňe ýalan niýet
ornaşana meňzeýär» diýip, hökümdar oňa bakypdyr. «Ýalan niýetiň bardygyny ilkinji gezek eşidýärin. Niýetiň orny ýürek bolar-da, heý onuňam ýalany bolarmy?» diýip, gurply adam geň galypdyr. «Owaldan gelýän bir pähim bar. Adamyň niýetiniň dogrumy ýa-da ýalandygyny bilmek üçin şol pähime esaslanýarlar. Onda şeýle diýilýär: «Käbir adamlar öz ýanyndan «eger-de mende şunça-şunça mukdarda mal-mülk bolsa, menem şonuň pylança bölegini haýyr-sahawat etjek diýerler, emma şonça baýlyga eýe bolanda hem ne sahawat eçilerler, ne-de sadaka bererler. Sebäbi, şu wagtky iki teňňesiniň birini bermäge dözmeýän adam, Allanyň eçilen iki müň teňňesiniň ýaryny ýa-da ondan birini bermäge ýürek eder öýdýäňizmi? Azyny gysganýan adam, köpünden asla bermez» diýilýär. Şonuň üçinem rysgyň giňemegini isleýän bolsaň, ýa baryňdan eçilmegi öwren, ýa-da derrew niýetiňi üýtget. Onsoňam, hak bendesi rysgynyň giňeýändigi üçin eçilmeýär, ilki baryndan eçilýändigi üçin Alla onuň rysgyny giňeldýär. Sebäbi ol öz amaly bilen niýetiniň çyndygyny subut edýär» diýip, Ahmet ibn Tulun oňa düşündiripdir.
MÄTÄÇLIK BIR GOWY ZAT
Söz ussady Abu Bekr Horezmi heran-haçan toýdur märekede, mejlisdir saz-söhbetde: «Mätäçlik bir gowy zat, şondan aýyrmasyn» diýip, dileg eder eken. Maý tapsa, sözüniň arasyna goşup, mätäçligi üçin şükür edipdir. «Alym aýdýan bolsa, bir hikmeti, syry bardyr, heniz biz düşünýän däldiris» diýip, adamlar hem bir meýdan bu gürrüňe gulak gabardyp gezipdirler. Emma, sözde şeýle bir täsir bolýar, gulagyňa bir ileninden soňra, onuň anygyna ýetmeseň, ynjalyk tapaňok. Ahyry adamlaryň käbiri alymyň ýanyna baryp: «Il-gün mätäçlikden aýyrsyn» diýip, gije-gündiz Alladan dileýär, sen bolsa olaryň tersine, mätäçlikden aýrylmajak bolýaň. Şu sözi näme üçin öwran-öwran gaýtalaýandygyňy düşündiräýmeseň, biz-ä zada düşünmän, barha kejigip barýarys. Anyk habaryny eşidip, ýüregimizi bir ynjaldaly» diýipdirler. «Mätäçlik bir gowy zat, şondan aýyrmasyn. Ýöne men mätäçlik diýemde, özgelere el serip, gün görüp ýörmegi göz öňünde tutamok. Käteler kimdir birine nämedir bir zat üçin mätäç bolmasak, onda adamlaryň arasyndaky ysnyşykly, mähir-muhabbetli gatnaşyklar ýiter giderdi. Egerde bizde hemme zat ýerbe-ýer we gülala-güllük bolsa, hiç zada mätäç bolmasak, onda ne Ýaradany ýatlardyk, ne-de bendesini. Öz başymyza bir töwra bolar ýörerdik. Mätäçlik welin, biziň birek-birege iş salşyp durmagymyza, hal-ahwal soraşmagymyza, didarlaşyp durmagymyza sebäp bolýar. Eger-de sizde hem şol sözüň anyk manysyny bilmeklige zerurlyk, mätäçlik ýüze çykmadyk bolsa, onda bu hakda ençeme wagtlap kelle döwmezdiňiz ýa-da iň bolmanda meniň ýanyma salama-da gelmezdiňiz. Hut şonuň
üçinem, adamlary birek-birege baglanyşdyryp, gatnaşyklary berkidip duran mätäçlikden bizi aýyrmasyn» diýip, alym jogap beripdir. Adamlar bu sözleri eşidip, uludan demini alypdyrlar.
NALAÇLYK
Jalaý ýigitleriň biri Nejmeddin Kubranyň huzuryna barypdyr. «Tagsyr, men-ä ýaramaz endigimden saplanyp bilemok. Il ýanynda edebimi saklasam-da, ýer çolaryp başladygy, meni bolmasyz niýetler jylawlap başlaýar, nirä çapýanymy, näme edýänimi bilemok. Uzakdan bir gara göründigi, ýene-de menden salykatly adam ýok. Birini görüp durkam, şer işden saklanyp bilýän, emma maý boldugy, ýene ters ýola gaýşyp başlaýan. Nalaç gezip ýörün» diýipdir. «Ogul, aslynda bu hereket ikiýüzlüligiň alamaty, emma şeýle häsiýetiň bardygyny boýun almagyň we ondan saplanmaga ymtylyşyň ýagşy niýetiňden habar berýär. Her wagt ýanyňy alyp durjak adam tapylmaz, ýöne indiki gezek şeýle pişä barmak uzadanyňdan, derrew Asmana seret – şol ýerdäkini ýadyňa sal we seni biriniň gowy synlap oturandygyny ýatla, utan. Ýok, eger ol hem täsir etmese, onda aýagyň astyndaky topraga seret we ol ýerdäkileri – öten-geçen merhumlary ýadyňa sal we utan. Ana şondan soň çola ýerdigine garamazdan, özüňiň ýeke däldigiňi duýarsyň, bet işleriň asla golaýyna barmarsyň» – diýip, Nejmeddin Kubra jogap beripdir.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.