Gökleñ

Çöle çykar bolsa, meňzär
Keýige, gulana gökleň.
Täsip edip, söweş etse,
Döner aç arslana gökleň.

Ilin, ýurdun byrakmaz,
Bela bakmaz, ýowuz ýokmaz,
Alladan emirdir, çykmaz —
Bu sözüm ýalana, gökleň.

Ylham etdi möwlam maňa,
Nazar düşdi senden ýaňa,
Ýok bolar kast eden saňa,
Gaýdyp dol Gürgene, gökleň!

Sözi agzyma hak salar,
Bir nepes aýdylan bolar,
Ýamanlyk eýleýän geler
«Nurbat» diýp, amana, gökleň!

Hyruç eýläp tursa mawir,
Permana geler Nyşapur,
Öwrüler bu döwran-döwür
Ähli musulmana, gökleň.

Haraba döner Horasan, —
At aýagna galar ýegsan,
Yrak gitse Mazenderan,
Gelerler permana, gökleň.

Diniň durar hak nury dek,
Güýjüň artar Rum zory dek,
Aslyşar sen aç böri dek,
Maşk edip meýdana, gökleň!

Zor biýr sypahyň söweşe,
Döwletiň öňküden daşa.
Gylyç urup gyzylbaşa, —
Dolar sen Eýrana, gökleň!

Beýik dergaha ýüz sürtüp,
Islärin — döwletin artyp,
Pyragy diýr, goşun tartyp,
Barar sen Tehrana, gökleň!
0 лайков 130 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.