@Ötegçi, ine:

NOWJUWAN GYZ

Gör-le, meniň bagtym nirede eken!
Meni nirden ötüripsiň, kör düýäm?!
Gündelikden.
Sen näme bilýärsiň ýaşaýyş hakda,
Ýaşlyk ygtyýaryň alypdyr seniň.
Ýanjak bolup dursuň ýyldyrym çaksa,
Uçjak bolup dursuň degäýse elim.

Bes!
Örteme meni göz gyýgy bile,
Meni ol gözlere eýleme bendi.
Onsuzam ölüm hem ýaşaýyş maňa
Seň buýsanjaň eginleň deý deňlendi.

Häzir saňa akyl berip,
ugradyp,
Yzyndan oturyp aglasym gelýär.
Owadan gyzlary ýigrenýärin men,
Olar betbagtlygmy ýadyma salýar.

Ýok, aglama!
Ine, munyň bolanok,
Aga çen ortada ýaşlyk bar häli.
Dünýäniň öňünde zerre günäň ýok,
Gözýaşlaryň bilen ýuwaryň ýaly.

Isle, sen diýip özüm uraýyn oda,
Ýa dolaýyn girdabyna derýanyň.
Ýöne mensiz bagtly bol sen dünýäde
Hem diňleme mundan artyk perýadym.

Söýgim soldy,
Söndi otly ýüregim,
Olardan kalbymda diňe gubur bar.
Mazar agajymy gögertme meniň,
Ol nahal däl,
Ýok, ol barybir gurar!

Hem begenme muny söýgüdir öýdüp,
Şowsuzlyga duşdum diýbem dowl alma.
Sen-ä giç doglanňa günäkär dälsiň,
Menem ýazykly däl owal doglanma!..


Nobatguly REJEBOW
7 лайков 208 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
26 фев 2022, 19:54
Ilkinji like menden gaty gowy gordim yazayyn blaknota
ýüreksözi
26 фев 2022, 20:02
ikinji likem menden onda
Hiayress
26 фев 2022, 20:08
"Mazar agajymy gögertme meniň"

Mazarda oturdylýan tut agajy bu ýerde göçme manyda ulanylan hem bolsa asyl näme üçin oturtýandyklaryny anyk öwrenip bilmedim.
Ötegçi
26 фев 2022, 20:14
Sagbol! Eliñ göziñ dert gormesin.
Leyli Amanowa
26 фев 2022, 20:51
Birinji bendiň ikinji setirindäki dyngy belgiler yalňyş
Pegas
Автор 26 фев 2022, 21:09
Цитата: Nairobi
Birinji bendiň ikinji setirindäki dyngy belgiler yalňyş

Hawa, ýalňyş gidipdir. Minnetdar.