Mazarda ýanan ot. (bolan waka)

Bu waka 1989njy ýylda Özbegistanyñ Fergana welaýatynyñ bir obasynda bolup geçýär. Özbekleñ adaty boýunça täze gelen gelin ir bilen turyp, beýlekiler ýatyrka, howlyny,derwezäñ daşyny goñsylaryna çenli syryp arassalaýar. Çaý demläp ertirlik taýarlap goýýar..... Şol gun entäk howa ýagtylmanka daşary çykyp,işe başlan täze gelin birden ahy-nala sesini eşidip, diñşirgenip durýar. Olaryñ ýaşaýan òýi öwliýä bilen ýanma ýan eken. Şol sesiñ òwliýäden gelýänini bilen gelin, diwardan boýnuny uzadyp owliýä seredýär.... Görse, bir mazaryñ ūstūnde ot ýanyp dur !!! Ýañky gelin dini terbiýesi,bilimi bolany ūçin gorkmaýar. Gaýtam siñe seredip, ol mazaryñ kime degişlidigini bilýär. Dūýn jaýlanan geliniñkiden çykýan eken ol ot we ahy-nala. ---Ejejaaan!!!! Jaaan ejeee!!! Gelseneee,bagyşlasanaa meni,men ýanýanlaaaa,jaaan ejeeee!!!! diýen ses gelýär..... Ýañky gelin derrew elindäki sūwsesini bir gyra taşlap,merhum gelniñ öýūne ylgaýar....... Ejesini mazaryñ ýanyna getirýär. ----Wahhh, jaan gyzym, balammm, men geldim, näme bolýa jaanyym balaaam, diýip merhumyñ ejesi elewreýär, ýöne mazardan çykýan ses galanak. Şool "eje geläýsene" diýip nala çekýär... Birden ýañky gelniñ ýadyna dyşýär, gaýyn enesini çagyrýa diýip. Çūnki özbekler adat boýunça gaýyn enà EJE diýip ýūzlenýär. Gelin ylgap gaýyn enäni getirýär..... Şonda mazardan ses gelýär: --- Ejejaan!!!! Bagyşla meni !!! Señ göwnūñe köp degipdirin!!! Seni sylaman men indi dowzahda ýanýan!!!! Bagyşlaý men akylsyzy ejejaaaan!!!! Gaýyn ene: --- Bah janym balam, bagyşladym, aýdanyma toba etdim, men senden razydyryn!!! Su sözlerden soñ mazaryñ ūstūnde ýanyp duran ot kem-kemden peselip, öçūp galýar.... Merhum gelin diri wagty hiç kimi sylamaýan eken. Gaýyn enesem aýdyp-aýdyp ýadansoñ " Tizirak öl,dowzaha dùş" diýip gargan eken. Görşūñiz ýaly, bu dūnýe, o dūnýe her bir edýän işiñize, ädýän ädimiñize hokman hasabat bermeli bolýandyr!!!  Geljekki gelin boljak gyzlar size sapak bolsun şu tema, çünki gaýyn Ene hem siziñ ikinji ejeñizdir. Siziñ Ejeñiz sizi çaga wagtyñyz ösdürip ulaldyp kemala getirse, siziñ gaýyn Eneñizem siziñ çagañyzy ösdürüp kemala getirýär. Siziñ köpüñiz şaýatsyñyz, siziñ Gelinejeñiz üç, dört günlük öýlerine gitse, derrow jañ edip başlaýandyr Ejeñiz. Meniñ agtyjaklarym oñatçamy, çaltrak geleweriñ agtyjaklarym ýok welin öýüñ içi gum guklyk diýip. Sebabi Gaýyn Ene hem siziñ Ejeñiz dek mukaddes ynsan.

talyplar.com/koneler
7 лайков 438 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Saýrak guş
03 апр 2022, 20:35
Men öň şuňa meňzeş rowaýatyň başgarak görn üşini okapdym.
Onda adamsyny närazy eden aýal hakynady.(şu ýerde-de aýaly mysal getiripdirler.Mesele bolsa aýallar günäkär köp ýerde) Onsaň mazardan erbet agyly sesleriň eşdilýänini bir ylymy ýetik öwülýä adam aýdýar. Şol sesi diňläp baryp soraýar. ,,Näme üçin beýle bolduka?" diýip. Ol mazardan habar alýar. Ol bolsa ,,Meniň adamym pylan obadan pylany. Şony tapyp aýtsaňyzlaň menden razy bolsyn" diýipdir.
Umuman şeýle.
Öň hakyky bolan diýilip eşdipdim. Gonamçylykda bir adamy jaýlan ekenler. Ertesi mazaryň daşynda durmuş. Ýene jaýlasalar ýene daşynda diýýä. Onsaň üçünji gezek jaýlap aýat-töwür edilip molla çagyryp jaýlansoňlar beýle ýagdaý gaýtalanman ekeni diýip mamam pahyrdan eşdäýdim öýdýän.
Ahally
Автор 03 апр 2022, 21:00
Saýrak_guş,
hmm, sagbol ýetireniňe.
Ahally
Автор 03 апр 2022, 21:01
Saýrak_guş,
hmm, sagbol ýetireniňe.
Gökhan
03 апр 2022, 22:11
Gowy eser
Gökhan
03 апр 2022, 22:11
bahaber .....
Hiayress
03 апр 2022, 23:04
Dini taglymata görä adamlary dowzaha kyýamat gopup, täzeden direlip, magşar meýdanynda sud edensoňlar we netijäň dowzah bolsa salýalar diýip ýazylýar. Şu gün öldi, ertir dowzaha indiň, bular ýaly hezillik ýok.
#B.S
04 апр 2022, 02:56
Цитата: Hiayress
Dini taglymata görä adamlary dowzaha kyýamat gopup, täzeden direlip, magşar meýdanynda sud edensoňlar we netijäň dowzah bolsa salýalar diýip ýazylýar. Şu gün öldi, ertir dowzaha indiň, bular ýaly hezillik ýok.

Berzah barada bileňok öýdýän gardaş.
Dawut
04 апр 2022, 07:48
Bäh
Hiayress
04 апр 2022, 09:17
Khanture,
Gynansagam bilýän. Berzäh älemi, gabyr azaby, magşar güni, mizan terezisi, amal depderi, syrat köprüsi, ýöne netije näme?! Biri-birine çapraz gelýän ertekiler. Bir hem Jähennem bilen Berzähi nädip biri-birine bagladyň?!
#B.S
04 апр 2022, 11:41
Цитата: Hiayress
Khanture,
Gynansagam bilýän. Berzäh älemi, gabyr azaby, magşar güni, mizan terezisi, amal depderi, syrat köprüsi, ýöne netije näme?! Biri-birine çapraz gelýän ertekiler. Bir hem Jähennem bilen Berzähi nädip biri-birine bagladyň?!

Gardash Jahennem bilen berzahy baglanyshdyrmadym. Hekayan adyna sereda Mazarda yanyan ot. Eger oldukden sonra jahenneme dushen bolsady Jahennemde yanyan gelin bolardy ;) hem-de bularda name caprazlyk goryan dushune bilmedim. Senem dushunman caprazlyga dushyaň dostym.
#B.S
04 апр 2022, 11:43
Hiayress,
Berzah alemi name? Berzah oldukden kyyamata cenli bolyan aralyk mominlerin sylaglanyan kapyrlaryn kyyamata cenli azaplanyan yeri yagny gabyr azaby... hekayadaky yanyan gelinem oz gorunde mazarynda gabyr azabyny giryardi ol dowzahda daldi...
#B.S
04 апр 2022, 11:45
Elif,
Dogry aydyan ol goni dowzaha dushmandir gabyr azabyny gorupdir...
Hiayress
04 апр 2022, 12:51
Khanture,
"Ejejaan!!!! Bagyşla meni !!! Señ göwnūñe köp degipdirin!!! Seni sylaman men indi dowzahda ýanýan!!!!"

Okaýaňmy ýa başyny okap yzyny özüň düzäýýäňmi?! Adamyň özi "men indi dowzahda" ýanýan diýip duran ýalyla ýada aldaýarmyka?!
#B.S
04 апр 2022, 12:59
Hiayress,
O pahyr o yerin dowzah dalde gor azabydygny nirden bilsin ozi omrunde adama yagshylyk etmedik bir haramzada bolsa...
Ahally
Автор 04 апр 2022, 13:01
Hiayress, halypa hana seret aşakda ssylka goýdum, awtory men däl.
#B.S
04 апр 2022, 13:01
Hiayress,
Rahman Zulfikaryn bir hekayasy bardy dowzahdaky gurp bassy ady... o yerdaki dowzahylar sheylebir ynancsyz welin o yerin dowzahdygnada ynanaslary gelenokdy...
Ahally
Автор 04 апр 2022, 13:06
Khanture,
muň awtory, bir wagt talyplardaky @Gurban93 agza.
#B.S
04 апр 2022, 13:12
Цитата: Ahally_24
Khanture,
muň awtory, bir wagt talyplardaky @Gurban93 agza.

Bir gadym okayadym shol agzanyn bloglaryny edebiyatsoyuji agzady oydyan...
Ahally
Автор 04 апр 2022, 13:25
Khanture,
howwa bloglarynyň agramly bölegi Edebiýata degişli