Zäher

ZÄHER
Awçynyň hekaýaty

Öňün oýun bildim, soňun puç bildim.
Magtymguly.

Bu dünýäde aýdylmadyk söz ýok, “Köne duşman dost bolmaz” diýipdirler. Men şu derdimi köne duşman diýip bilýän, ne dep bolýa, ne öldürýä, ne güldürýä. Demigysma diýýäler muňa. Otuz ýyldyr çörneşip ýörün. Keseliň bir namardy boljak ekeni bi, sähel ýerde demiňe ýapyşýar. Baý-baý, alabaharda muň däliligini görseň! Ýaman algyly ýaly, teý bokurdagyňdan elini aýranok. Demi sogulyp barýarka adam pahyr gygyryberýä: “Heý, Alla, ýazygym nämedir, alsaňam aýdyp alaweri!” diýip, diwara dyrmyşyp barýansyň. Ýene epedirin maňlaýyňdan dirär, öý, dermanyň gowusydyr, atan dessiňe damarlaň ýumşap, gursagyň giňäp, asyl bar-a, o dünýäniň açylan gapysyny ýapdyrýar, ýosam bolmasa, “yşyksyz tüýnügi ýok garaňky jaýa” düşäýmegiň ähtimal-da! Birki ýyl bäri epedirin gytaldy, keselden başga zat gytalyp barýa, haw. Soňky epedirinleriň öňkülerçe daş ýokdugynam aýdaýyn, göwnüme bolmasa, kadasyna garap dermana goşulýan zatlar kemterräk goşulýan ýaly bolup dur. Öňki güýjüni duýmamsoň aýdaýýan. Arada biri: zawudlaň çykarýan dökünini köp dökdügiňçe toprak şoňa öwrenişýän ekeni diýdi. Şondan çen tutsaň-a, geň görer ýaly zadam ýok, bi meň derdimem öwrenişer ýaly zada öwrenişmeli. Şu ýyl-a ejizledi bolsa-da, öňem-ä arly tomusy syrkawhanada geçirdim. Heý, özi, maňa bi taýdan sypma ýok öýdýän.
Ilki geläýen badyma bir doktara barla diýdiler. Men ýaly köne kesellini barlap oturmagyň derkary ýog-a, haşlap, demimi iki egnimden alyp oturyn. Eý, tüweleme, bitginli pyýada, eliniň aýasy gapan keçesiniň aýtymyça bar, kükregimden basdy weli, tas ýumrupdy.
- Mergen aga, kapital remont etmän goýbermeris seni – diýdi.
Zynjyrly traktor sürýän goňşum ýadyma düşäýdi. Alty aýyň içi, ussahana gatnap bizar boldy, traktoryny kapital remontdan çykaryp bilenok...
- Inim, zapas şaýy özüň tap diýmeseňiz bolýa, galan zada men kaýyl – diýdim.
Bu dert maňa sowuklamadan galan husur. Gyşyň ýaňy başlan mahaly, irden tursam, güpläp gar düşüpdir, täsin bolup ýatyr. Awçyny öýde saklarmyň onsoň, ýabyny münüp ýelk ýasaýdym çöle. Towşan tapjagyma ynamym bar-da. Köne jar bardy, şundan geçeýin diýip insem, oňa-da suw kowan ekenler. Ýalpagrak ýerini peýläp geçäýmekdi-dä hyýalym. Emgek boldumy, ne bela boldy, ýabym büdüräp suwa başaşak gaýtdym. Şenbede çykmasaň bolaýjagyňdyr diýip käýinýän. Şenbe – şow diýipdirler. Hälki bir, özüňi köteklemek üçin tapylýan sözle-aýt, şenbä garaşyp oturýançaň gar eräp gitjek. Ýaby janawara-da iki-üç gamçy çaldym şonda, adamyň gahyry gursun! Ot ýakyp, eginbaşym çalygýança garaşdym. Awuň gyzygy bilen ol mahal bilmändirin welin, sowuk on iki süňňümden geçäýen ekeni. Üç towşan alyp, ýassynlar oba dolandym, ertir tursam süňňüm howur alýar. Öýkeniň iki gapdalynada sowuk degipdir diýdiler. Şonda bogazymda galan hyşyrdy hi-iç aýrylmady, kükregim gysyldy durdy, ahyram demi gysma ýazdy. Mahalynda janyňy aýamaly ekeniň diýýäler, jan aýamaga bu adamlaň eli degdimi! Bir gün başlyk çagyrýar diýdiler, barsam ýüzüni awsyl degen sygryň ýüzi ýaly edip otyr. “Ýa kolhozyň işi, ýa-da aw, ikisinden birini saýla” diýdi. “Aw” diýdim. “Kolhozdan göteril” diýdi. Göterliberdim. Leshozda iş bar ekeni, gorawçy edip aldylar. Gapdalyňdan bir deliliň bolmasa, aw bilen çaga eklärmiň. Tilkiň derisine berýänleri iki-üç manatdyr, köne puluň hasabyndan aýtýan. Şagal köp zaýaçylyk edýä, gyrmaly diýlensoň bahasyny bäş manada galdyrdylar, köne pul bilen. Güjügiňi getirseňem berýärdiler şol bäş manady. Her ganjyk bir giden çaga dogurýa, şagaldan biraz gazanylaýmasa... Eý, olam aw däl-da. Köp bolsun, az bolsun, her jandar hudaýyň buýranyny dogurýandyr, Mergen, seniň bu edýäniň zalymlyk bolmasyn diýýän özüme. Jandalary biparh gyryp ýörsüň, hudaý şoň üçin saňa jeza berýän bolsa nä bilýäň? Ynsany ýaradan hudaý haýwanam ýaradypdyr, ynsana garaşyk edýän hudaý haýwanam gözden salýan däldir, hasaby ýöredýändir. Ogurlyk zat iýýän ýaly, haçan görseň böwrüm iňkisde. Bellisini edeýin-le diýdim. Bilimini Buhara medresesinde çykyp gelen işan bardy, şoňa sala saldym. E-eý bilimli adamlaň yrýa sözi barmy!
- Mergen, eger aw işinde günä bar bolsa, Adam atadan bäri bu kär ýöredilip gelmezdi. – Soňundanam bir tymsaly sunşuryp göýberdi. – Ozalebetde dünýäniň mör-möjegini Allatagalla adama bagş edendir. Adama ýaranyp, adamyň derdine ýarap bilseler, olarda gaýry maksat bolup bilmez. Adam islese, olaryň etini iýsin, isle, derisini alsyn, isle satyp, satyp haýyrlansyn, bu işlerde günäkärçilik görkezilmändir.
Ömrüň uzak bolsun, işan aga, siziň kimin dana adamlaň entegem bardygyna şükür! Şundan beýläk arkaýyn gezibermeli ýaly welin, ozalynda herkimiň ýasalyşy bolýandyr-da, şübhe diýen nälehan kalbymdan owarra bolup gidäýmedi, bi bir meýdan kysmy ýoknasyz zat boljak ekeni.
Kakamyň dogany awçy adamdy, Juma kaka diýerdik oňa. Awçy adam geplemsegräk bolýandyr men ýaly, o bende inimtapdy, her näme-de bolsa, awçynyň biläýmeli tärlerini ýaltanman aýdardy. “Awçy bir gün et iýer, müň gün let iýer” diýen söz bardyrm şonam Juma kakamdan eşdipdim. Esli oglankak, bir gün yzyna tirkäp alyp gitdi, gum eteginde gapan gurupdyr-da, näme düşdükä, göreli diýdi. Hökümetiň hasabynda durýan awçydy ol, pronta-da almadylar, bron berdiler. Her möwsümde bir ton aw etini hökümete geçiräýmeli, başga gep-gürrüň bolmaly däldi, tabşyrýardylaram.
Juma kakama ummasyz mert adam diýse boljakdy, merdem bolsa, tazysy ölende çydamad-ow, eginlerini silkip aglap oturany göz öňümde. Neneň aglamarsyň, tazy gowy bolanda, müň perzetden parhy bolmaz, gaýta düşbüliginde, gaýratynda öz çagaňdan zyýat gelýän pilleleri bolýandyr. Eý, tazy diýseň tazydy-da! Tilkini kowalap, uzak aralyga äkiden mahaly dagy, eýesi barýança garaşyp durandyr, süýräp gitmez. Süýrelen tilkiň tüýi zaýalanýa, janawara düşündirilen ýalydyr. Eýesiniň tapmajagyny bilse özi gözlege çykar, tutan tilkisiniňem dört aýagyny döeüp gaýdar, gaçmasyn diýip etýän çäresi. Heý, adamyň kellesine geljekmi şu zatlar! Oň ejesi bäş güjük guzlapdyr, kiçisini Juma kakam alypdyr. Iň ulusy bilen kiçisini özüň algyn, galanyny diläne berip göýber diýerdi. Ulusy agyrdyr, kiçisi ýeňildir, ýetişensoň ýyndamlygyna taý geljek jandar bolmaz.
Öňi pes, ardy beýik janawardy. Awuny kowup pesden beýige zyňyp barşyny göreňde aýagynda puržyn barmyka diýersiň, keýpine keýik kowaladyp ýörmelidir. Agzy ýer sermäp barýandyr, towşany dagy ýüz ugra gapar gider. Tazy diýeniň hil-hil, dört aýagy deň gulaklary tüýsüz, sülmüräp duran, bili bir gysym owadan tazylaram bardyr. Owadandyr, owadanlygyna söz diýip bilmersiň, ýöne ýüzün salyp barýarka egiljek bolsa düňderilip gider, waňkyryp galar, awa agzy ýetenok. Olaň onusy birigende-de Juma kakamyň ölen tazysynyň ornuny tutup bilmez. Juma kakam ýöne-möne taza aglajakmy diý.
Janawar awy iýipdir. O mahallar bir aýlyganç emel edilerdi, tilkini köpräk tutuň diýip, myşýak diýen awy bererdi hökümet. Güýji gursun, jöwen ýalysy tilkiniň agzyna düşse, tepbedi okaldy biläý, aňry gitse on-on bäş ädim gider, aýagyny kakyp ýatandyr. Zäherden ölen tilkiniň hamyny sypyryp duransyň welin, gözüňi ýaşardyp, demiňi tutup barýandyr, ahmal bolsaň şol-a özüňem aljak. Bu emel hakyky awuň emeli däldi, onda-da ýokardan görkezme berilse, ýogam diýip bolanok. Ýogsa tüpeň, gapan, tazy bilen tutulýan tilkiňem aňyrsy-bärsi ýog-a, hökümete köpden-köp gerek, hudaýyň berenine kaýyl däl. Emeli tohum goýberseň bolýmamyş diýip, ukol edilip, goýun janawarleriň başyna nä günler salyndy. Dörtden-bäşden guzlasyn diýip garaheläk adam bary. O janawar saňa itmi, şagalmy bäşden-ondan guzlar ýaly, çydamaz-a beýle zorluga. Hernä, entäk aýallara beýle zorluk edilýä diýip eşidemzok, şoňa-da şükür edäýmeli.
Tilkiň derisi ganar-ganar geçip durandyr, munça derini ýer hopýamyka diýýäň. Şäher ýerinde negada bir egninden tilkiň guýrugyny sallap, bolmanjysy bolup barýan aýala duşulaýmasa, başga biz-ä dükanda satylyp durlan mahalyna duşmadyk. Asyl eşidip otursak, daşary döwletlere gyzyl pula satylýar eken-ä. Geň görüp oturasy zat ýok, gyzyl görse Hydyr azarmyş. Awçylaň hakyky emeli bilen tutulan jandar halaldyr, zäher bilen tutulan haramdyr, nesip etmez.
Sürgüji eredip, pagta çigidiň ululygynda şar ýasapdylar, içine-de maşýak goýardylar. Geçiň gaýnap duran içýagyna sokup çykararsyň welin, ýaňkyň daşyny ýag tutar, derrewem doňar. Tilki mekirlikde, ussalykda pygamberden pata alan haýwan diýerler. Pygamber oňa gargyş edenmiş. Guralyň özüňe ýagy bolsun, deriň pula, gyzyla dursun diýipdir. Herhal adamyň emeli zor çykýa, oňa tilkem aldanýa.
Ýaňky zäheri gaplamak aňsatdyr öýtýäňmi, baý-bo-ow, agzyňy-burnuňy daňmana ýanyna barma: Agzyňy daňdyň-da gözüňi nätjek, gulagyňy nätjek, gireýin diýse adamda deşik gytmy. Mahal-mahal oturyp: Mergen, sen bi köne derdin bir başy şo zäher bolmasyn diýýän.
Tilkä niýetlenip taşlanan zäheri iýip, bialaç ölen tazysyny gömüp durka, Juma kakam haýwanyň öňünde ýazygyny boýun aldy:
- “Awçy baýamaz, baýasa-da baýnamaz” diýýändirler. Bi bolşumyz bolsa, biz baýamarsam, baýnamarysam, gazanjymyzam haramdyr – diýdi.

Dowamy bar...

Tirkiş JUMAGELDIÝEW
2 лайков 128 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yaprak
08 апр 2022, 19:00
Dowamyny goysaň hoşal bolardym