Bolmuşam

Çyra edip gijelerne yşkymy,
Kalbymda gurdum men bagtyň köşgini,
Erksiz, serhoş eden söýgiň müşgimi?!
Şarmar  dideleňde men gark bolmuşam.

Ýollaryňa intizardy gözlerim,
Gulagyma hoş owazdy sözleriň,
Alkymyň ak säher, güldek ýüzleriň,
Aý deýin görküňe men zar bolmuşam.

Pikir çümmükleýär, sämän serimi,
Ýanym aldy gussa çermäp ýeňini,
Görkezmän horlama merhemediňi,
Bir diwana, birde perýat bolmuşam

Köpri goýup kineleriň üstünde,
Gel arzuw edeli Aýyň astynda,
Ýüregi josdyrýan juwan paslynda,
Tomusda gagşadyp, gyşda yanmyşam.

Yşkyň ýakdy, günbe-günden süllere,
Däli umman ýaly, joş deý sillere,
Bagban aşyk, bilbil perwaz güllere,
Taýsyz bilbil kimin zynhar bolmuşam.

               Gurbanmämmet MEREDOW.
0 лайков 104 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
12 апр 2022, 18:47
Nusgawy şygryýetimizi ýatladyp duranja goşgy bolupdyr.Şahyrana.Maña ýarady.Ikije ýekeje maslahatym bar.(aýyplaşmarsyñyz-da)
Yşk-müşk-köşk,göz-söz-ýüz ýaly lenç edilen kapyýalary ulanmak goşgy üçin ullakan minusdyr.Başarsañyz,täzeçe,iñ bolmanda az ulanylan kapyýa tapjak boluñ.
"Güldek ýûzleriñ" Gül bilen dek aýry ýazylmaly,ýûzleriñ ýalñyş.Adamda ýekeje ýüz bolýar.Gyzyñ ikiýüzliligine kakdyrylýan bolsañ,bilemok :))
Iñ halan ýerim "Pikir çümmükleýär sämän serimi".
Çümmüklemek işliginiñ goşga şahyranalyk goşýandygyna Goçmyrat Orazberdiýewiñ "Gözlem bilen çümmükleýän asmany"setirinden soñ göz ýetiripdim.Üstünlik!Ýazmaga dowam ediñ!