Asylmañ golumdan

ASYLMAÑ GOLUMDAN 

Asylmaň golumdan azat ýaşaýyn, 
Setir düzüp, goşgy ýasap ýaşaýyn. 

Bent eýlemäň, böwet bolmaň ýoluma, 
Asylyp kän agram salmaň goluma. 

Galan ömri goýuň, ýaşaýyn erkin, 
Tä halyma gülüp ýörmesin her kim. 

Goýuň päk howadan bir dem alaýyn,
Gojaman daglara seýle baraýyn. 

Çagalykda çaga bolup bilmedim, 
Işe gümra bolup ýaýnap gülmedim. 

Ýaşadym öýmüzde gullukçy kimin, 
Oýlanyp bilmedim çuňdan-çuň tereň.

Ilki ata öýüm, soň gaýyn öyüm, 
Işledip-işledip çaşyrdy küýüm. 

Ýumuş oglan boldum iki tarapda, 
Diýen tapylmady otur gyrakda. 

Bäş çagany (çagalarmy) ulaltdym hem ekledim, 
Ondan soňam rahatllyga ýetmedim. 

Meň dünýäm ýaşaýan howlymdan uly, 
Dünýäm Mollanepes hem Magtymguly. 

Dünýäm Misgingylyç, dünýäm Kemine, 
Uçuruň asmandan bakjak zemine 

Annasoltan Kekilowaň mysaly, 
Gümanym türmede ýaşaýan ýaly. 

Böwet bolmaň özüm bolup ýaşaýyn, 
Bu daglary sähralary aşaýyn. 

Asylmaň golumdan, asylmaň indi, 
Ömrüň soňuna çen bolmaýyn bendi. 

Güýzüň gyzy Merýem ZAMANY, 
Türkmensähra.

Kitapcy
3 лайков 120 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
26 апр 2022, 19:29
Soňky döwür türkmensähraly doganlarymyz döredijilikde uly ösüşlere eýe bolýarlar. Aýdym bolsun, şygyrýet bolsun atlary halk içinde giňden ýaýraýar. Hemmesine üstünlik!
Şamuhammet
26 апр 2022, 22:45
Hiayress,
Dogry aýdýaň özem arhiw ýaly aýdymlary, suratlary, kitaplary bir saýda toplap kolleksiýa edip çykarýar şol doganlarymyz. Milliligiň oýanyp gidýär bir hili...