Bisabyr gyz (dowamy)
-Gurgunmyň,arma-da!
Sözlük düzüminde başga söz ýok.Öz-özüme igendim.Özüň-ä ölüp ýetdiň.Ýeri,ýangyn söndürmäge barýarmyň,pekge.Dur-da,synla-da.Aýazda köýnekçe galan ýaly gagşap daşlaşsaň kaýyl geldiň.Hany dogumyň?!Müdirimiz bilen iş üstünde ýaňkalaşmaly bolsa-ha hiç kime gezek bereňok.Saňa edil iki paý ýetýän ýaly.Aý,olam bir geleňsiz narpyz-da, gygyryşmasaň göleleri aç gyrjak.Öz-ä nahary ýarym sagat giç iýse ýaryljak,ýuwhajygyň bar-da.Sygyrlar welin günortan gelse-de onuň piňine däl.Onsoň janyň ýanýar-da.Şeýtse,Nurnepesem sylamaryn,özüňizem sylamarsyňyz.Ýöne Nurnepes beýtmez.Ony ýekeje ýyl müdir ediň,göräýiň,nädersiňiz hol hudaýaty ýaly şahy döwük sary sygrymyzam edil bir aýdan bedew ýaly lowurdap,maýa ýaly ýaýkyldap barsa.Iş meselesinde hallyň-sallyň edilse halamok-da.Söýgüde-de şeýle.Edil çöp döwen ýaly edäýesim gelýär.Alagada Nurnepese:"Men seni halaýaryn"diýip oturybersem näderkä? Erkekleriňki hezil.Ýüreklerindäkini alagada aýdýarlar oturyberýärler.Ýogsa-da, ýigitlerden öňürdip olara ýüreklerini açyp bilen gyz boldumyka?Haý näbileýin.Juda meň ýaly ýüregini eline alan bisabyr bolaýmasa.Ah-eý,menem garasyny görmän agzymda aş gatyklaýaryn.Görsem,şol öňküje bolşumdyr-da.Ýene gaçmak bilen bolaryn.
Şol gün-ä özümi arkaýyn duýupdyryn. Nurnepes bilen öňdebaryjylaryň welaýat maslahatyna gidenimi aýtdymmy?Men-ä sagymçy,olam ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy.
Gaýdyşyn Nurnepes bilen bir maşynda gaýtdyk.Özünem edil gapdaljygymda oturdy.Ýolda ol düýbünden başga adam.Bir zat sorasalar-a jogap beräýýär. Ýogsa-da gözi maşynyň aýnasynda.Şol uç-gyraksyz meýdany synlap gelýär.Gören däldir-dä,öň bende.Keşbem iňňän parahat. Giň göwrümli goja meňzeýär.Ynsan tebigatyny diýsene.Gaty geň.Düýn ýygnakda gürlände-hä ýanyp duran oduň bar-da.Obamyzda ýaşlaryň alyp barýan medeni-hojalyk işleri,olaryň gelejekki planlary,obamyzdaky täzelikler hakynda şeýlebir joşup gürledi welin,men-ä däl, zaldakylaryň bary doňaýandyr oý etdim. Öler janam bag-bakja eken.Asyl ol ýeke obamyzda däl,welaýatda alnyp barylýan işleriň hem köpüsinden habarly eken.Ne etrapda çäk goýýar,ne-de obada."Bag-bakjasyz ýalaňaç jaýlar her näçe kaşaňam bolsa gözüňe ilenok"diýip,Nurnepes ýürejigi bilen aýtdy:"Hany obanyň ýaşlary, zeýil bahana etmesinler,bil guşalyp ugruna çykylsa,ähli zadyň çäresini tapyp bolar.Özüňiz oňarmasaňyz,oňarýanyň ugruna çykyň!"diýip,ýaşlara ýüzlendi. Sözüniň ahyrynda ol ýaşlary öz obamyza myhmançylyga çagyrdy.Şol wagt geçen dynç alyş güni alakjap ýörşi göz öňüme geldi.Ýowar etdik.Ýaşlaryň bary geldi.Ilki obamyzy,köçeleri arassaladyk,tertibe saldyk.Yzyndanam täze ýetişen hassahananyň,çagalar bagynyň töweregine agaç ekdik.Oglanlar körpeler oýnar ýaly her hili agaç öýjagazlar ýasadylar.Hiňňillik gurdular.Obamyzda sport meýdançasy bardy.Onuň-da töweregini owadanlap,jähekläp bag ekdik.Şolaryň hemmesine-de ýolbaşçylygy Nurnepes etdi.Näme üçin şonda gözüme ilmedikä?
-Sährada gezmegi halaýaryn.Guşlaryň seslerem gulagyňa gelip dursa.Nurnepesiň özüme bir zat diýenini soň aňşyrdym.
Ol maňa tarap öwrüldi.Gözlerine seredipdirin.Näme üçin bilemok mähremligini.Birhili boz-ýaz bolup aşak bakdym.Şondan soň meniň öňki rahatlygym bolmady.
Derýanyň köprüsinden geçenimizde ol maşyny saklatdy-da,oglanlara ýüzlendi:
-Bu gözelligi görmän geçsek derýa öýkelär hem bir garbanarys.
Oglanlar göwünjeň razylaşdylar. Nurnepesiň iýmek-içmek üçin ýola alan zatlaram bir oba ýetjek.Sürüjiniň keçesem bar eken.Onam eltip kanala saýa berip oturan agajyň aşagyna düşediler.Nurnepes kanalyň raýşyndan töwerek-daşyny tä uzak gözýetime barýança şol synlady durdy. Bilýärin,sizem şony çaklarsyňyz,Nurnepes hyýalynda kanalyň suwuny boz sähra akdyryp,bag ekip keýpden çykandyr.
Ony gyssap çagyrdylar.
Salkynjak ýerde,özüňde şeýle ýakymly täsir galdyran mähriban adamyňam gapdalyňda,mele suwuňam towlanjyrap akyşyny synlap naharlanmagyň nähili üýtgeşik lezzetiniň bardygyny duýup görüpmidiňiz?!Depämizdäki agajyň ýapraklarynyň şybyrdysam täsin mukama meňzäp gulagyňa gelip dur,gelip dur.
-Şuny iýmeseň,kanala oklarys-diýip,Nurnepes ýylgyrýar.Garagollugam bar onda. ...
Dowamy bar...
Şirinjemal Geldiýewa.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.