Bisabyr gyz (hekaýa)
Adamlaryň häsiýetleri dürli-dürli.Onsoň yşkam olara dürlüçe täsir edýän bolsa gerek.Özümiň-ä mydama ýüregim elimde.Bisabyr-da,tebigatym şeýle.Onsoň gyz bolanymda näme,yşk meselesinde-de tebigatymdan gaçyp gutulmajagym belli.Nurnepes bilen öňdebaryjylaryň welaýat maslahatyna gidip geldim-de otly köýnek geýäýdim.Siz eşitmäň,men aýtmaýyn.Ne gijesine uky bardyr,ne-de gündiz oturyp kararym ýetýändir. Zowzuldap aýagy bişen towujagyň bar-da.Lap edip aýtdygym däl,öýleriniň duşundan her günde azyndan üç-dört gezek geçýändirin.Gözümem,göle ýitireniňki ýaly garanjaklap,töweregimde. Utanjam galmady mende.Her gün bahana agtarybam kelläm çişýär.Käşgä şol töwerekde bir dükan bolsa,onda bahanalap gitseň,ol-da ýok-da.Goňşularyň täze gelinlerini gören bolup gaýdýaryn. Olam bir ýerinden gelen dymma,bir zat sorasaň-a gözlerini tegeläp ýüzüňe seredäýýär,ýogsa-da edil urşup aýrylyşan ýaly,şol sortduryp otyr.Nurnepesleriň goňşularynyň bäbejiklerinem gutladym. Sekýän gapym däldir welin,nätjek-dä. Onsoňam ulugyzlar obada kän bir bäbek gutlagyjam däl.Bu-da owarram-la.Ýöne gyz ýigidiň ugrunda sergezdan ýörse kim oňlar. Wah,öz-özüme käýiniplerem çykýaryn-la. Hemmesine-de düşünýärin.Ýöne ýene duýgym akylymdan öňe düşäýýär.Göresiň gelip küýsäp ölüp-öçüp barsaň dagy nätjek.Özüňizem şeýderdiňiz-le.Ýekeje gezek meniň ornumda bolup göräýiň. Ýylgyryşan bolmaň,ah-eý,siz-ä mençe-de bolmarsyňyz-la.Size-de näbelet däl-le belli. Bahana gytmy,bir söý bilen eýýäm öýüne-de girip çykardyňyz.Kesekini geňlän bolmak aňsat-da.
Öýdäkilerem soranjaň bolupdyrlar. Aýratynam ejem.Ene-dä,haky bar.Ir bilen işe gitjek bolup durkam yrsaraýar:
-A gyz,boýuňy syryk ýaly edip,heý beýle-de bir ykma bolarmy?Çaky ýagşy.Obanyň ol başynda entäp ýörmäniňde-de,görjegiň gelin bolsa şu töwerekde-de gyt däl.
Jogap bermän,işi bahanalap ýanyndan süzüberdim.
Deň-duşlarymyň her haýsysy eýýäm bir içeriniň keýwanysy boldy.
"Gelip gidýänleriň heý birinde nazaryň eglenmezmi,dannamaňam çeni ýagşy,gyz"-diýip,uly gelnejem otursam,tursam gulak etimi guratdy.Dannama näme işlesin.Hiç haýsysyna göwnüm bölünmese nädeýin?! Ýigidiň gapysyndan ätläniňde ýüregiň gürsüldäp urmajak,didaryna zar bolup,gujagyna dolmajak bolsaň,ol gapydan ätlediň nä,ätlemediň nä.Size-de şeýledir.
Ine,indi bir goç ýigit kalbyňda mekanam tutdy-da!Ykbal meni onuň duran kenaryndan başga kenara zyňýarmy?Bu hakda oýlanmaga-da gorkýaryn.Edil ýüregim agzymdan çykyp barýar.Şol zowzuldap ýörşüme ahyr bir gün sataşdym. Işden gelýärdim.Olam bir ýerik alňasap barýar,ýetişiksiz günde bendäň çagasy.
Sägindi.Birhili hoştap ýylgyrmasam bar.Şol-da janymy alýanam.
-Gurgunmyň,arma-da! ...
Dowamy bar...
Şirinjemal Geldiýewa.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.