Alymlar aşgazany antibiotiklerden goraýan bakteriýalary döretdiler



Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň alymlary adamyň iýmit siňdiriş ulgamyny antibiotikleriň ýaramaz täsirlerinden goramak üçin täze usul döretdiler.




Gözlegçileriň, beta-laktamlar arkaly dargaýan ferment öndürmäge mejbur edýän, adam bedeni üçin howpsuz bakteriýalaryň bir ştammyny ulanandygy habar berildi. Antibiotikleriň bu synpyna ampisillin, amoksitsillin we beýleki giňden ulanylýan dermanlar girýär.




Hünärmenler antibiotik bilen birlikde bedene bu ştamm göýberilse, onuň içegedäki mikrobiotany gorajakdygyny, şol bir wagtyň özünde dermanyň işine hiç hili päsgel bermejekdigini belleýärler.




Gyzykly tarapy, emeli bakteriýalar ähli antibiotikleri dargadandan soň, olar bedenden hiç hili kynçylyksyz iýmit siňdiriş ulgamynyň üsti bilen çykýarlar.





Bu usulyň köpçülikleýin lukmançylykda haçan ulanylyp başlajakdygy entek belli däl.


1 лайков 73 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.