IRIŇLEME

Dokumalar da toksin ýa­da metabolizma zyňyndylar y ýygnananda, şu
dokumalar daky we daş­töwer ekdäki damarlar dan suwuklyk daşar y syzar
we şeýlelikde keselli zolakda otýok (çiş) dör är. Çiş del maddalar y içine alyp,
sagdyn dokumalar dan izolýasiýa eder. Çişiň içinde ýygnanan leýkosit
zyňyndylary, del maddalary ýuwdar, ýok eder we şol bir wagtyň özünde özi hem
ölüp biler. Iriň­öli myşsa we toksinler bilen janly ýa­da öli leýkositleriň
garyndysydyr. Iriňlemäniň ýüze çykan zolagynda çiş, gyzyllyk, gyzgynlyk we
agyry duýular. Iriň bir ýol tapyp daşary çykyp bilmese, immunitet ulgamy, iriňi
zyňmak üçin iň gysga, hiç hili zyýany bolmadyk başga bir ýol tapar.
Şeýlelikde, beden howply metaboliki zyňyndylaryň ýygnanmagyndan
iriňlenme arkaly arassalanar. Bu, bedeni kesellerden goraýan adaty bir
goranma reaksiýasydyr. Şu ýagdaýda ýerine ýetiriljek iň dogry zat 2­3 gün aç galyp, immunitet ulgamyna ýardam bermekdir. Çünki immunitet
ulgamy iýmit siňdiriş bilen meşgul bolmadyk wagty erkin görnüşde işläp
biler. Ýöne adamlaryň köp we garym­gatym iýmäge öwrenişdirilişleri ýaly,
gyzgynlykdan, üsgürmekden we iriňden gorkmaga­da öwrenişdirildi.
Iýmitlenmegi düzedip, metaboliki zyňyndylaryň azalmagyny üpjün etmegiň
ýerine, şu gorky bilen, gyzgyny düşüriji we antibiýotik kabul edýärler.
Gyzgynlyk düşüriji (salisilatlar) we antibiýotik bolsa, immunitet ulgamyny
güýçden gaçyrar. Gyzgynlyk peseler, leýkosit sany adata geler, üsgürmek,
asgyrmak we burun akmak ýok bolar, iriňlenme soňlanar. Ýöne gowulaşma
amala aşmaz. Çünki gyzgynlygyň peselmegi bilen birlikde metaboliki
zyňyndylaryň daşary zyňylmagy hem tamamlanar. Immunitet ulgamy bu gezek
antibiýotik we salisilatlaryň bagyr tarapyndan zyýansyz edilmegi, böwrekler
tarapyndan bedenden uzaklaşdyrylmagy üçin işlemäge başlar. Muny başarsa,
başarmasa, zyňylman galan metaboliki zyňyndylardan halas bolmak üçin
täzeden herekete geçer. Gyzgynlyk beýgeler, iriňlenme başlar... Hassa ýene­de
antibiýotik we salisilatlar alyp, immunitet ulgamyny çökerer we ýene­de
çözgüt getirmeýän ýagdaýlaryň gaýtalanmagy dowam ediler. Immunitet
ulgamy gaýtalanýan birnäçe synanyşykdan soňra şu netijesiz synanyşyklaryň
gaýtalanmagyndan halas bolmak üçin adatdan daşary bir reaksiýa bermäge
mejbur bolar. Şu reaksiýa allergiýa görnüşinde atlandyrylýar.
Allergiýa, umuman gijilewük, çiş we bronkospazm (dem alyşyň daralmagy)
şeklinde özüni görkezýär.
1­Gijilewük, immunitet ulgamynyň, zyýanly maddalary (şu ýagdaýda
antibiýotik we salisilatlaryň metabolikleridir) deri arkaly iň gysga ýoldan
bedenden uzaklaşdyrma usulydyr. Adam gijelän ýerini gaşanda gan dolanşygy
çaltlanar we munuň bilen birlikde zyýanly maddalar has köp görnüşde zyňylar.
2­Çişmek. Zyýanly madda dokumalara zeper ýetirjek häsiýetde bolsa,
immunitet ulgamy zyýanly maddanyň ýerleşýän zolagynda çiş döredýär. Şu
görnüşde bir ýandan izolýasiýany üpjün edip, beýleki dokumalary gorar, bir
tarapdan seýrekledip, köplügini we täsirini azaldar, bir tarapdan hem bedene
ýaýramagyna böwet bolar.
3­Bronkospazm bilen immunitet ulgamy öýkenlere kislorod girişini
çäklendirip, metabolizmany haýalladar. Metabolizmiň haýallamagy bilen
zyýanly maddanyň bedende ýaýramagynyň hem öňüne geçiler.
«Kesellik» görnüşde kabul edilen şu allergiýaly reaksiýalar immunitet
ulgamynyň adaty bejergilere beren adaty reaksiýalardyr. Ýöne döwrebap
lukmançylykda allergiýaly reaksiýany ezmek üçin kortizon ulanylýar.
Kortizon, bedendäki ähli belok önümçiligini gözegçilik astyna almaga we
immunitet ulgamynyň ulanýan wagtlaryny dolandyrmaga synanyşýar.Immunitet ulgamy şu ýagdaýyň garşysynda «kesellik» ýaly görnen köp
tapawutly we güýçli goraýyş usullary işläp düzer. («Kortizon» bölümine
serediň!). Şu tapawutly goraýyş usullaryna garşylyk döwrebap lukmançylyk
has köp derman ulanmaklygy maslahat berýär. Immunitet ulgamynyň goraýyş
usullaryna dermanlar bilen berlen şu garşylyk allergiýalara, allergiýa bejergisi
immuna defisite (immunitet ýetmezligine), immuna defisit bolsa, has güýçli
allergiýa we infeksiýalara sebäp bolar.
Immuna defisit we infeksiýalaryň bejergisinde hem allergiýa bejergisinde
ulanylýan dermanlar ulanylýar. Hiç kimiň dykgat etmeýän we ähmiýet
bermeýän paradoks şudur ýagny, immuna defisite sebäp bolan we immuna
defisit bejergisinde ulanylýan dermanlar şol bir dermanlardyr.
Gysgaça aýdylanda, şu wagtlar ähli keselleriň sebäbi lukmançylyk
dermanlaryna garşy dörän allergiýalar we allergiýa bejergisi bilen ýüze
çykan immuna defisitdir. Lukmançylyk dermanlarynyň dowamly ulanylmagy
we immuna defisit bejergisi bolsa, immunitet ulgamynyň ysmaz bolmagyna
sebäp bolar.
Ysmaz bolan immunitet ulgamy indi hiç hili wezipesini ýerine ýetirip bilmez,
öýjüklere energiýa öndürdip bilmez we kişä mahsus aýratynlyklary gorap
bilmez. Şu nokatdan başlap, toksinler zyýansyzlandyrylyp bilinmez we daşary
zyňylyp bilinmez, bagyr ýetmezligi, böwrek ýetmezligi, ýürek ýetmezligi,
mutasiýalar, rak ýa­da AIDS ýüze çykar. Hiç hili päsgelçilik bilen
gabatlaşmaýan parazitler (mikroplar, ýeke täk öýjükliler, helmintler ýaly) tizlik
bilen köpeler, janly galan dokumalary eredip, bölüp, özleri üçin iýmite öwürer.
Şu ýere çenli gören zatlarymyzdan ýüze çykan tablisa şudur: Sanjym we
himikatlar kesellik öndürer, keseli bejermek üçin ulanylýan dermanlar täze
keseller öndürer, öndürilen täze dermanlar we usullar ynsanlyk taryhynda
görülmedik keselleri öndürer. Şu çözgüt getirmeýän ýagdaýlaryň gaýtalanmagy
immuna ulgamy çökýänçä dowam eder.
Şu netijesiz gaýtalanma her gün ýaş, garry, ýetginjek, çaga, täze adamlara
sataşýandyr. Hassalanan, maýyp galan, genetikasy üýtgän, ruhy we akyla
degişli deňagramlylygyny ýitiren adamlar jemgyýeti giňelip, şu halka olary
ýuwutmagyny dowam edýändir. Her täze öndürilen derman bilen şu halka has-
da giňäp, ähli adamlary içine almaga başlandyr.
Tablisa seredilende, şu erbet halkadan çykyş ýoly ýok ýaly görünýär. Ýöne
bir zat welin bellidir; sagdyn immunitet ulgamy yzygiderli, ýalňyşsyz we
mejbury ýagdaýda iň möhüm wezipesini, ýagny organizmiň özüne mahsus
aýratynlyklaryny, genofondy (lewhul mahfuz) we öýjüklerde energiýa (zikir)
önümçiligini goramak wezipesini ýerine ýetirmek üçin meýilleşdirilendir.
Immunitet ulgamynyň tapawutly mehanizmleri öýjügiň energiýa önümçiligini goramak we gereksiz energiýa sarp etmesiniň öňüni almak üçin öýjük
döwürlerini berk gözegçilik astynda tutar we hiç hili ýalňyşa rugsat bermez.
Şeýlelikde, öýjüklerdäki belok we energiýa önümçiligine dermanlar bilen
täsir etmek üçin, immunitet ulgamynyň barlagyny hatardan çykarmak
zerurdyr. Bu ýerde şu möhüm aýratynlygy ýatlalyň: öýjük, organizmiň esasy
möhüm da:şydyr. Çünki öýjükde genofond (adamyň şahsyýeti, geçeni we
geljek nesliň aýratynlyklary) saklanýandyr, gerekli beloklar we energiýa bu
ýerde öndürilýär; ýagny organizm üçin iň möhüm işler bu ýerde amala aşýar.
Öndürilen energiýanyň bir bölegi organizmiň mätäçlikleri, bir bölegi bolsa,
ruhy ösüş üçin ulanylýar.
Döwrebap lukmançylygyň ulanýan ähli bejergileriniň maksady bilip ýa­da
bilmän, immunitet ulgamyny ezmek we munuň netijesinde öýjügiň iň möhüm
işleýişlerini gözegçilik astyna almakdyr. Munuň iň täsirli ýoly öýjügiň genetik
gurluşyny üýtgetmek (mutasiýa) ýa­da öýjügi täzeden
programmalamakdyr.
1 лайков 64 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.