ÖÝJÜGIŇ GENETIKI GURLUŞYNDA ÜÝTGEME (MUTASIÝA)

Himioterapiýa, DDT, PHD, lazer, radio tolkunlary, elektromagnit tolkunlar,
rekombinant­DNK dermanlar, emeli iýmitler we yslar ýaly fiziki ýa­da himiki
agentlere sezewar galan organizmde öýjük mutasiýa duçar bolup biler, ýagny
öýjügiň genetik gurluşy üýtgäp biler. Mutasiýa sebäp bolan başga ýol bolsa,
organizme mikrop, wirus, ösümlik, haýwan ýaly islendik bir janlynyň
öýjüginden genetiki madda geçirmekdir. Geçirilen genetik madda sintetiki hem
bolup biler.
Öýjügi täzeden programmalamakda iň täsirli metod lazer ulanmakdyr.
Lazeriň elektromagnit tolkunlary (lazer energiýasy) janly öýjüklere şu
görnüşde täsir eder: öýjükler, lazeriň elektromagnit tolkunlaryna sezewar
galanda, bir tarapdan öz energiýalaryny ulanýarka, bir tarapdan hem lazer
energiýasyny ulanyp, belok we energiýa önümçiligini köpeldýär. Şuňa
goşmaça görnüşde lazeriň energiýasy öýjükden öýjüge, organizmiň ähli
öýjüklerine ýaýrar we her biriniň energiýa önümçiligine täsir eder. Şu görnüşde
lazer, bedeniň haýsy zolagynda ulanylsa ulanylsyn, ähli öýjükleriň zikirine
täsir eder (ýagny öz dilinde «gepleder»). Ýönekeý bir düşündiriş bilen lazer,
öýjükleriň energiýasyny (zikirini) gözegçilik astyna alyp biler.
Ähli lukmançylyk işlerinde neşter hökmünde lazer ulanmak mümkindir.
Sünnet, dermatologiýa, ginekologiýa, kosmetologiýa, hirurgiýa,
newrohirurgiýa, stomatalogiýa, trawmotologiýa ýaly tapawutly ugurlardaky
ulanylmagy bilen ähli adamlar lazere sezewar bolup biler. Bu ýerden çykan
netijä görä lazer, öýjükleri mutasiýa duçar etmekde we täzeden programmalamakda iň güýçli we iň giňişleýin ulanyş çägine eýe agentlerden
biridir.
«Öýjügiň genetiki gurluşyny üýtgetmek» we «öýjügi täzeden
programmalamak» arkaly immunitet ulgamynyň goraýyşy hatardan
çykarylar we «Rekombinant dermanlar» arkaly niýet edilen zolakda islenilýän
genetiki üýtgeşme amala aşyrylyp bilner.
REKOMBINANT DNK DERMANLAR
Tapawutly biýologiki görnüşlerden (iň köp doňuz we maýmyn ulanylýar)
alnan DNK molekulalary, genetiki inženerlik tehnologiýasy bilen kesiler.
Alnan tapawutly DNK bölekleri birleşdirilip, tebigatda öz­özünden döremegi
mümkin bolmadyk DNK bölekleri dörediler. Mikrop, wirus ýaly bir öýüň
içerisine sokulyp, onuň genetikasy üýtgediler we maksat edilen maddanyň
öndürilmegi üpjün ediler. Alnan DNK materiýallary derman, sanjym, aromatiki
madda we azyk goşundy maddalary ýaly ýollar bilen islenen organizme
geçirilip, öndüriş maksadyna laýyk aýratynlyklarynyň ýüze çykmagy üpjün
ediler. Şuňa bolsa, ylymda Rekombinant DNK tehnologiýasy ady berilýär.
Rekombinant DNK tehnologiýasy bilen lukmançylyk bejergide islenilýän
«ugrukdyrylan» belok («Rekombinant derman») taslamasy we önümçiligi
mümkindir. Ugrukdyrylan Rekombinant derman, öýjügiň immunitet bariýerini
(öýjük perdesini) geçip, öýjük reseptorlary bilen gatnaşyga geçer we merkeze
(atoma) barar. Bu ýerde DNK täsir edip, öýjük işleýişlerini dolandyrýan belok
we fermentleriň önümçiliginde ýerleşýär. «Rekombinant dermanlar» arkaly
organizmlerde zolak niýetli islenilýän genetiki özgerişlikler amala aşyrylyp
bilner. Gan koagulýasiýa faktorlary, witaminler («K» witamini şol sanda),
antikorlar, ähli sanjymlar, amino kislotalar (fenilalanin ýaly), gormonlar
(kortizon, insulin, estrogen ýaly) we fermentler rekombinant dermanlar
toparyndandyr.
Rekombinant DNK we «r asional belok taslamasy» tehnikalary bilen «gaýçy
fermentler » alynýar. Şu fermentler ulanylyp, DNK­nyň eplemi açylyp bilner
we gen, gen topary ýa­da DNK bölegi kesilip zyňylar. Ýerine islendik bir haýwan
görnüşinden (maýmyn, doňuz, towşan, we şm.) alnan ýa­da emeli görnüşde
öndürilen gen, gen topary ýa­da DNK parçasy ýerleşdirilip, tikinçiniň matany
şekillendirişi ýaly, organizmiň genomy şekillendirilýär. Şeýlelikde, organizme
islenilýän aýr atynlyklar tizlik bilen gazandyrylyp bilner.
Rekombinant dermanlar aýratyn hem ir siklde (irki döwürde) bolmak bilen
düwünçek üçin örän howpludyr. Çünki Rekombinant dermanlar ýatgynyň
böwedini geçip, düwünçekde ähli döwürleri gözegçilik astyna alar. Şu ýagdaý
teratogen täsirlere (maýyplyklara) ýol açar. Embriýon döwründe (siklinde)
ulanylýan rekombinant dermanlar bolsa, gös­göni kök öýjüge täsir eder. Ähli öýjükler kök öýjükden döreýändigi üçin, mundan ähli dokumalar we organlar
täsirlenip biler. Şu täsirleşme düwünçek dokumalarynda düýbünden fiziki
(myşsa we organlarda) we ruhy (anomalilara) azgynlyklara ýol açar.
Lukmançylykda ulanylýan biýotehnologiýa we nanotehnologiýanyň şu günki
maksady, kompýuter arkaly gös­göni DNK­ny manipulýasiýa etmek,
öýjükleri täzeden programmalamak we immunitet ulgamynyň gözegçilik
mehanizmlerini ýok edip, öýjüklerdäki belok we energiýa (zikir) önümçiligini
gözegçilik astyna almak, her adama aýratyn immunitet ulgamynyň ýerine emeli
immunitet ulgamyny işe girizmekdir.
1 лайков 182 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.