KÖP IÝMEK
«Her keseliň esasynda dokluk bardyr».
Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem.
«Iýmek olar üçin bir jeza, bir tor, bir duzak we bir gandal bolar».
Hezreti Dawut aleýhis salam.
«Köp iýmek agajy dikeniň, ýygnan miwesi keseldir».
Atalar sözi.
Geliň, «Köp iýmek agajynyň» kesel miwesini nähili «bişirendigine»
seredeliň!
Adatdan daşary köp iýýän adamyň aşgazany iýmit siňdiriş üçin has köp
fermente mätäçlik çeker. Ferment öndürmek üçin köp energiýa harçlamak
zerurdyr.
Sagdyn bir adamda aşgazan 200250 gram naharyň birinji siňdirmegini,
iýmite we siňdirme güýjüne görä üýtgemek bilen, 34 sagadyň içinde aňsatlyk
bilen amala aşyryp biler. Şu wagtda ýürek hem kynçylyksyz arkaýyn işlär. 2
esse nahar iýlende bolsa, iýmit siňdiriş we artyk iýilenleriň bir böleginiň
ammara saklanmagy we artyk iýilenleriň bir böleginiň daşary zyňylmagy
üçin, ýüregiň 46 esse has köp işlemegi zerurdyr. Bu ýagdaý diňe ýüregi
däl, iýmit siňdiriş, ammarda saklamak we daşary çykarmak işini ýerine
ýetirýän organlary hem sandan çykarar.
Meselem, bir ulag daşly, egribügri we dik bir ýolda, tekiz ýolda sarp edýän
ýangyjynyň 23 essesini harçlar. Aralyk birmeňzeş bolsada, sarp edilen
ýangyç mukdary tapawutlydyr. Dowamly agyr işlemekden harap bolan bir
motor ýaly, ýürek hem ryzkyny çalt tükeder. Ýaşlaryň iýmit siňdirişi has kuwwatly bolandygy üçin köp iýende, iýmit
siňdiriş tamamlanyp, artykmaçlyklar daşary zyňylyp bilner. Ýöne köp
iýmeklik endik halatyna gelse, şu kuwwat tükener, zyňyndylaryň dura-
bara has az zyňylmagy bilen ammarlar emele gelmäge başlar. Ammarlar
dolandan soňra zyňyndylar gan bilen birlikde aýlanar, gan agyrlaşar,
aýlanyşygy haýallar, daşaýan zyňyndylaryny dokumalarda goýar we
zibilhanalar emele geler.
Agyrlaşan gandaky zyňyndylar damarlarda ýygnanmaga we wagtyň geçmegi
bilen damarlary dykmaga başlar. Daralan we dykylan damarlardaky gan,
dokumalary ýeterlik derejede iýmitlendirip bilmezlige çenli azalar. Iýmitlenip
bilmedik dokumalar beýnä «biz aç» diýen duýduryşy ugradar, beýni şu
çakylyga jogap hökmünde işdäni artdyrar. Bu adamy has köp iýmäge mejbur
eder, iýdigiçe ganda zyňyndylar, dokumalarda zibilhanalar we damarlarda
dykylmalar köpeler. Gan has hem goýulaşar, şeýlelikde, dokumalardaky
iýmitlenme ýetmezçiligi gitdigiçe artar.
Şu gysyr aýlanyşyk dowam edýärkä, adamlarda konsentrasiýa (ünsüň bir
ýere jemlenmegi), ýatkeşlik, pikirlenme, akyl ýetirme we öwrenme ukyby
azalar. Pikir uklar, hikmet öler, beden agzalary durar, ynsany sypatlar
zyňyndylaryň içinde gark bolar. «Iýmek olar üçin bir jeza boljakdyr»
sözüniň hikmeti orta çykar.
Käbir adamlar köp iýmekligiň jezasyny semizlik we ýanynda getiren
keselleri bilen çekerler. Käbirleri bolsa, nähili iýse iýsin, hemişe hor galar,
semremez. Olaryň ýagdaýy semizleriňkiden has howply bolup biler.
Metabolizma (bedende madda alyşçalyşy) zyňyndylary, toksinler we goşundy
maddalary semizleriň bedeninde ýag hökmünde ýygnanýandygy üçin,
organlaryň sandan çykmagynyň bölekleýin hem bolsa öňüni alyp bolar. Emma
hor kişilerde gan arkaly aýlanýan zyňyndylaryň bir bölegi gyzgynlyk, üsgürme,
derleme, dümew, gusmak, iç geçme, örgün, çyban ýaly ýollar bilen daşary
zyňylýarka, organlary we ulgamlary sandan çykarar. Bogunlarda, myşsalarda
we dokumalarda dörän zibilhanalar bolsa, wagtyň geçmegi bilen ýanmaga
(iriňlenmäge) we ýanýan wagty ýakyjy gazlar we zäherli maddalar döretmäge
başlar (edil şäher zibilhanalary ýaly). Şu görnüşde dörän ýakyjy gazlar we
zäherli maddalar agyrylara, infeksiýalara, deri kesellerine, parazitleriň
köpelmegine, genetikanyň üýtgemegine we çişlere sebäp bolar.
Alla Tagala Kurany Kerimiň «Agraf» süresiniň 31nji aýatynda: «Iýiňiçiň,
ýöne isrip etmäň! Çünki Alla isrip edenleri halamaz»diýip buýrulandyr.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: «Allaha iň söýgüli bolanyňyz, iň
az iýeniňiz we beden taýdan iň ýeňil bolanyňyzdyr» we «Iýermen we
garny ullakan bolan J ennete girip bilmez»diýipdir. Ýöne Alla Tagaladan utanmagy unudan adamlara ne aýatlar täsir edýär, nede hadyslar. Ýogsa şu
aýat we hadyslar aýratyn hem biziň günlerimizde örän uly mana eýedir.
Genetikasy üýtgedilen we goşundy maddaly önümlerden gaça durmak mümkin
däl hala gelendigi üçin, az iýmek, bu gün has uly mejburlykdyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.