Haýyşym: kalbyňy arassa sakla

Haýyşym:kalbyňy arassa sakla,
Seniň gör nähili ajap kalbyň bar.
Ýagtylýar ol gökde ýyldyrym çaksa,
Ýeke söze umman bolup tolkunýar,
Salkynlar ol.Kalbyňy arassa sakla,
Sakla ony desterhan deý päkize.
Sen iýen päkize çöregiň hakla,
Bugdaý sözüňi diý kalby päk ile.

Haýyşym:kalbyňy howaly sakla,
Badalgaňdyr haýyň gaçyp geleňde.
Hiç bolmanda pes işinden jahanyň,
Bet işinden göter ony belende.

Haýyşym:kalbyňy juda giň sakla,
Oňa asman bilen zemin ýerleşsin.
Dymyljan ruhuňy täzeläp her dem
Ýagyş geçsin,
ýagmyr geçsin,
ýel geçsin!

Haýyşym:kalbyňy juda baý sakla,
Egsilmez baýlykdyr köňül söýgüsi.
Dünýäň hazynasyn berseňem hatda,
Halas edip bolmaz ruhy göýdügi.

Seniň gözleriňde kalbyň görünýär,
Men oňa gudrata bakan deý bakýan.
Hapasynyň ýetik mahaly dünýäň
Haýyşym:kalbyňyz arassa saklaň!!!

Nobatguly Rejebow.
2 лайков 88 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.