Bisabyr gyz (soňy)

Edil keşde ýaly owadan hat.
-Jeren!...
Yzyny okamaga bognum ysmady.Saňa ynanyp berdiler.Jenaýat edýärmiň?Ynsapsyz."Boluplar geçeýin"diýip,birden joşup ýüregim içime sygman,uly ilim bilen gygyrdym.Hatly elim welin aşak sallandy.Gözümden gidip başlady.Beýle gussa çekip görmänimden soň,heniz beýle aglabam göremok.Hat elimden gaçdy.Hut daş işikde elimi ýüzüme tutup ses edip agladym.Barha möwjedim,hiç köşeşip bilmedim.
-Okalmanlar geçsin artyp.Gözümi-ýüzümi çem gelen zatlar bilen süpürişdirdim-de,kysmaty ýaman haty ýerinden galdyrdym.Mertlige salýaryn,özüm welin ýarym-ýaş aglap barýaryn.
Öňümden çykýan bar,yzymdan ýetýän bar.Ýiti-ýiti seredip geçýänem bar,lak atýanam.Men welin agyr jeza höküm edilen adam ýaly başymy aşak salyp şol gidip otyryn.Hyýalymda gujagyna dolup-dolup mährinden welin bir ganmadyk,mähriban ojagynda bileje gülüp-oýnap,ýaýnap gezmegi arzuw eden goç ýigidimiň hatyny,ýok özüni kesekä gowşurmaga barýaryn.Sizem şeýderdiňiz.Sebäbi ol siz-dä.Göwnüme degse-de,dünýäde özüm üçin iň eziz adam bilen ömürlik hoşlaşmaga kaýyl bolup elenip barýaryn.Häzir meniň öz bagtyma hemaýat etmäge hakym ýok.Ýogsam haty eltmänem bilýärin.Eltmesem Jereniň bu zatlardan habarsyz galyp,ertir atasy öýüni terk etjeginem bilýärin.Ýöne dünýäde göwni başga adam bilen baş goşup,heý,bagt tapan adam barmy?Tapýanam bolsa,kesekiniň bagty maňa derkar däl.Belki-de Jeren Nurnepesiň däl-de,hut ertir ojagyndan örjek ýigidiniň bagtydyr.Göwni bolmasa Jeren gidermi?Ýa Nurnepesden göwni galyp şeýtdimikä?Ýigit wagtynda duýdurmadymyka?Ýa duýdurmaga mümkinçiligi bolmadymyka?Şuňa-ha obamyzyň akmagynam ynandyryp bilmersiň.Başym çaşdy.Elimden gelse, beýnimi ýaryp gelýän pikirleriň hemmesini başymdan aýlap urjak.Bir dünýäm giňese.Uludan demimi aldym-da,aýgytly netijä geldim.Borjumy ýerine ýetireýin.Haty elteýin.Galanyny özleri çözsün,maňa galmandyr ony seljermek.
Jaýa girmeli bolmady.Jeren öýleriniň ýeňsesinde maňa pete-pet geldi. Goňşularyna barýan eken.
-Ynha-da kömek berjek adamlaryň gelýän wagty-diýip,ol hem gyzaryp hem ýylgyryp-gyz utanyp ýylgyranda nähili gözelleşýär, synlap görüpmidiňiz,içim tütäp,ot alyp duran hem bolsa şol gözellik gözüme ildi-dillendi.Menem syr bildirmezlige çalşyp,zordan ýylgyrdym.Ýöne Jerene haty gowşuranymda welin,ähli umydymdan el üzüp,bir ýere ýazylmadym.
-Hatyň näme,gyz,şu wagt?!
Men gidiberjek boldum.Jeren saklady.
-Dur entek bileje okaly-da,soň gidersiň.
Özi-de gülümsiräp,haty hasyr-husur açdy-da,bada-bat okap başlady.Birdenem saklandy,ýüzüme köpmanyly seretdi.Onsoň hezil edip güldi-de,haty maňa uzatdy.
-Özüňe ýazylan haty ile gowşuryp ýörmäň näme,gyz?!Utanmadyň,nätdiň?!
Pagyş-para bolup hata elimi uzatmaga-da mejalym galmady:"Garagol diýsänim,özi gowşuraýman.El-aýagyny ýitirip,göz-gülban bolup durşuna şondan gowusy çykjakmydy ondan".
-Obada başga-da Jeren atly gyt däl,aýlanyp çyk olara-da,atdaş-diýip,Jeren gülýär.

Soňy.

Şirinjemal Geldiýewa.
0 лайков 119 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
27 апр 2022, 13:39
Wiý,oñam ady Jeren ekenmi?! Wah...
Senyorita
Автор 27 апр 2022, 13:41
Özüçe däliräpdir görgüli...
senagul
27 апр 2022, 23:15
Birinji bölüminden bäri ady agzalmady şuň adam "Jerendir" diýip oylapdym :)