Söwer ýar

Söwer ýar,göwnüňe güman gitdimi,
Düwmelener damja ýaşlar gözüňde.
Ýa bir ýaman dilden ýalan ýetdimi,
Çytylyp dur gara gaşlar ýüzüňde.

Ýa bir başga ýürek ýüregňi awlap,
Ýüregimden ýüregiňi aldymy?
Ýa rakyp gözleri gözüňi baglap,
Oglan ýüregiňe otlar saldymy?

Açjak boldum,açylmady ýar göwni,
Gülümiň göwnüne güman çöküpdir.
Gülmedi gülümiň gülbahar göwni,
Bir namart dilinden duman çöküpdir.

Ýara gelip diýseň:-Ýaryň ýary bar,
Ýar ýüregi ýarylara gelmezmi?
Ýara diýdim:-Ýaryň bolsa wepadar,
Ýalan söze jak-jak edip gülmezmi?

Ýar güldi,ýazyldy ýaryň gaşlary,
Ýakut ýaňaklary ýandy ýalbyrap.
Ýaňaklarna dyzýan aşyk saçlary,
Baglady ak gollar boýnuma orap...

Seniň gözleriň
Diýýärler:Göz göwnüň aýnasy,gözel,
Humaý gözlüm,seniň gözleň ne gözel!

Gara Seýitliýew.
0 лайков 89 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.