Goşgular

“BAR, GIDIBER...”

Bar, gidiber, aýyp görme aglasam,
Gözlem indi görmejegne ynanýar.
“Biwepalyk etdiň” diýip nalamok,
Kysmatymda ýoklugyňa gynanýan.

Ykbalyňdan sowa eken ykbalym,
Senli bagt maňa nesip däl eken.
Aýralyga bir sebäp ýok ýalydy,
Ýöne sebäp juda-juda kän eken.

Söýgiň bakylygna ýokdy şübhämiz,
Garlar ýagdy ynam eden dagyma.
Aý, hawa-da, kim eýgilik görüpdir
Ýetjek bolup ýetilmejek salgyma.

Beýdip durmaz, erär gary daglaryň,
Ýürek ýene ýazar söýgi namasyn...
Kysmatymda ýoklugyňa gynanýan,
Şonuň üçin aýyp görme aglasam.

2013ý.


“MUKADDESDIR SÖÝENLERIŇ ÝAZYGAM...”

Bagyşla barlygmy duýarym ýaly,
Bagyşla, eger-de bagyşlap bilseň.
Ýürek aram tapar, beýnim ynjalar,
Bagyşla,
Meň üçin dünýäkäň bir sen
Nämä gerek oda salmak aşygy?!
Kime derkar örtäp-örtäp ýakanyň?!
Gowusy, ýüregmi oda berme sen,
Çünki ol seň müdimilik watanyň.

Bagyşla säherleň hatyrasyna,
Söýgiň ysy gelip duran gijeleň
hormatyna ötüp goýber günämi.
Tow ber dünýäň sagadyna! — Çöküpdir.
Sowuklyga diňe wagtmy günäli?

Sensiz günler juda sowuk — gyş, dünýäm,
Ýa aşyga dözeňokmy ýazyňam?
Heý, söýgä-de jeza bormy beýle-de?!
Mukaddesdir söýenleriň ýazygam!

2015ý.


ENE

Göwni — gül, mähri — Gün, ömri — ymarat.
Enäň beýikligi şundan ybarat...

* * *

Gursagym deý dar köçeden barşyma,
O:ýa gelýär gamly keşbi enemiň.
Ýüregimi elendirýär ýene-de
Ses-sedasyz gizlemegi elemin.

Bukjak bolan paralanşyn bagrynyň,
Çygjaran gözlerni gizlejek bolan.
Perzendiniň köp büdrän ýodasyn
Umytlary bilen düzlejek bolan...

Özüne berilen bagt paýyny
Bagryndan önene bermäge kaýyl,
Bir ölüp bilmändi göznüň öňünde
Perzendiniň horlanşyna wagtsaýyn...

Eneleriň edähedi şeýle-dä,
Balalaryn atarýança bal güne,
Ynjalmazlar.
Ynjytmazlar hiç wagt,
Hem bagryna, hem yp-yssy kalbyna
basarlar-da, pata be:rler mukaddes.
Dünýäni deňlejek ýürek urşuna.
...Şeýdip kän oýlanýan enem hakynda
Gursagym deý dar köçeden barşyma...


“MEN SENI ÝYLLARA BERMELI BOLDUM...”

Gyşlasamam gyşlaryňda mert durup,
Saýdyň bimynasyp ýazlarňa meni.
Men seni ýyllara bermeli boldum,
Erksizligim üçin ýazgarma meni.

Döwdeşim — aýralyk, dertdeşim — galam,
Hemşerim berç bolan ahmyrlarymdyr.
Gijeler pyşyrdap aýdan sözleriň
Gursakda garrajak ak syrlarymdyr.

Bu setirlem agy ýa-da nala däl,
Söýgim arassady, däldi ýuwusga.
Iň uly söýgüdir, dada öwürmän,
Ynsan armanyny suw deý ýuwutsa.

Ýuwdundym.
Ýuwdunýan, teý alaç tapman,
Gözleň, dilleň gürlüginde ýitdik biz.
Ykballar azaşdy, ýollar ters düşdi,
Ekilmedik ýerimizde bitdik biz.

15.09.2017ý.


HOŞLAŞYK

Edere ahmyr kän.
Aýrylyşýarys
düwün-düwün syrlarmyzy çözlemän.
Şu gün soňky gezek iç döküşeli,
Bir-birege gaty-gaýrym sözlemän.

Indi anyk: Meň dünýämi terk edip,
Özge kalbyň gapysyny açarsyň.
Bilýän, kän ynjytdym bilibu-bilmän,
Ähli ýazygymy geçir, başarsaň!..

Sowuk günler ýetip gelýär, duýýaňmy?
Duýýaňmy gözlemden agyr hasraty?
Menden baky gidýäniň däl örteýän,
Seni ynjydanlam degýär has gaty.

Nädip çydamaly uzakdalygňa,
Nädip ýaşamaly gözüň gözlemän?
Şu gün soňky gezek iç döküşeli,
Bir-birege gaty-gaýrym sözlemän...


Sapa HOMMADOW
9 лайков 291 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
29 апр 2022, 18:25
Ýüregimi elendirýär ýene-de
Ses-sedasyz gizlemegi elemin.

-“Elemin” näme manyny aňladýar?
Pegas
Автор 29 апр 2022, 18:29
Nirvana
Ýüregimi elendirýär ýene-de
Ses-sedasyz gizlemegi elemin.

-“Elemin” näme manyny aňladýar?

Elem - alada, gaýgy.

"Günde müň gussam bar ýüz elem bilen,
Derdimiň baryndan beter garyplyk"

Kemine
Maksat
29 апр 2022, 20:21
Berekella gaty gowy goşgular. Ýetirip dur şahyr aga.
Omar
29 апр 2022, 20:57
Bravo?????
Massimus
29 апр 2022, 21:03
Döredijiligiňize üstünlik