Ýazyjylaryň durmuşyndan

Doňuz.
Mark Twene häli-şindi okyjylardan hat gelip gowşar eken.Şol hatlaryň köpüsinde ýazyja buýsanç bildirilýän bolsa,käbiri ony ýepbekleýän sözlerden doly bolupdyr.
Bir gün oňa diňe bir sözden ybarat bolan sögünçli hat gelýär.Hatda diňe "Doňuz" diýlip ýazylypdyr.Ertesi gün ýazyjy gazetde şeýle jogaby ýerleşdirýär:
"Maňa köplenç golsuz hatlar iberilýär, ýöne düýn maňa ilkinji gezek hatsyz gol gelip gowuşdy. . . " .

Ady näbelli jenap
Özüniň redaktirleýän gazetinde Mark Twen bir kezzap hakynda ýazan tankydy makalasyny ýerleşdirýär.Ol makala şeýle sözler bilen tamamlanýar: "Jenap **** iň bärkisi ýüzüne tüýkürilmegine-de mynasyp däl".
Jenap ****,elbetde,muňa gaharlanyp, kazyýete ýüz tutýar netijede,gazetiň şol makalany ýalana çykarmagy talap edilýär. Kazyýetiň bu buýrugyny ýerine ýetirmek üçin Mark Twen gazetde şeýle bildirişi çap edýär:
" Gazetimizde Jenap **** baradaky çap edilen makalamyz hakynda aýtsak,biz öňki sözümizi yzyna alýarys.Jenap **** ýüzüne tüýkürilmegine mynasyp eken.

Hemingueýiň goly
Wiktor Hill atly bir okyjy beýik amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýden ýadygärlik ýazgy aljak bolup,birnäçe aýlap ýazyjyny yzarlap,oňa azar ýamanyny beripdir. Ahyryn Hemingueý basylyp,kitabynyň jildiniň içki tarapynda şeýle ýazgy ýazýar:
"Wiktor Hill, " ýok" sözüne düşünmeýän hakyky haramzada . . ."

Ýazyjynyň pikiri
Häzirki döwrüň meşhur detektiw eserleriniň ýazary Darýa Donsowa sowet ýazyjysy Arkadiý Wasilýewiň gyzy eken.Şonuň üçin Darýa döredijilik adamlarynyň arasynda kemala gelipdir.
Bir gün mekdepde oňa öý işi hökmünde düzme ýazmagy tabşyrýarlar.Donsowa şeýle mowzuk berilýär: "Ýalňyz ýelken agaryp görünýär" romanyny ýazanynda Walentin Petrowiç Kataýew nämäniň pikirini edipdir" ?
Donsowa Kataýewiň özünden kömek sorap,şonuň sözlerine görä düzme ýazýar... Ýöne Darýa Donsowa ikilik alýar,mugallym hem onuň depderine: "Kataýew asla beýle pikir edenok. . ." diýen bellik goýupdyr.

Çehowyň söýgüsi
Beýik rus ýazyjysy Anton Pawlowiç Çehow aýaly Olga Knippere hat ýazanda , "ezizim", " mähribanym" ," janym", "gülüm" ýaly ýönekeý mähirli sözlerden başga-da,oňa juda täsin deňeşdirmeler bilen ýüzlenipdir. Olaryň arasynda "güjüjegim" , "ýylanjygym" , hatda "kalbymyň krokodili" ýaly jümlelere-de duş gelse bolýar.

Ulumsy lord
Asylzada lordlaryň biri Bernard Şouwy myhmançylyga çagyryp hat ýollapdyr. Ulumsy aristokrat ýönekeý ýazyja hezzet-hormat bilen ýüzlenmegi özüne uslyp gören bolara çemeli.Çakylygyň aşagynda şeýle bellik edilipdir: " Lord **** sişenbe güni sagat 16-dan 18 aralygy öýde bolar".Şou bu belligiň ýanynda: "Bernard Şou hem şeýder" diýip jogap ýazypdyr-da,ony yzyna iberipdir.
2 лайков 114 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.