Ussatlar degişýärler

"Atdymam welin, sowa geçdi-dä"
Ýazyjy Aleksandr Dýuma diýseň dilewar adam bolup, kämahal jedelde öteräk gürläýýän eken. Şeýle jedelleriň biri duel bilen gutarypdyr. Olar jenaýat işinden gaça durmak niýeti bilen bije çekmeli edipdirler. Kimiň bijesi çyksa, şol özüni atmaly eken. Bijesi çykan Dýuma sözünde durmaly bolup­dyr. Ol başga otaga geçipdir, az salymdanam tüpeň sesi otagy ýaňlandyrypdyr. Birsalymdan soň bolsa, Dýuma oturanlaryň öňünde peýda bolýar­da:
–– Özümi atdymam welin, sowa geçdi­dä –– diýip, başyny ýaýkaýar.
Oturanlaryň ählisi onuň bu aýdanlaryna hezil edip gülüpdirler. Şeýlelikde, ähli dargynlyklyk öz-­özünden ýazylyp gidiberipdir.

Hat
Bir gezek Mark Twen diňe ýekeje söz, ýagny “doňuz” diýlip ýazylan hat alypdyr. Ertesi gün ol gazetde: “Men köplenç golsuz hatlary alýar­dym welin, düýn ilkinji gezek hatsyz gol aldym” diýen setirleri çap etdiripdir.

Kiplingiň haýyşy
Ussat ýazyjy R.Kipling abuna ýazylýan gazet­leriniň birinde özüniň aradan çykandygy hakynda ýalňyşyp berlen bildirişi okansoň, redaktora ýol­lan hatynda: “Men edil ýaňja öz ölendigim barada bildiriş okadym welin, abunaçylaryň arasyndan adymy aýyrmagy unutmaweriň” diýip ýazypdyr.

Hemingueý we ogly
Hemingueýiň ogly Patrik kakasyndan özüniň ýazan hekaýasyny okap bermegini haýyş edip­dir. Hemingueý onuň golýazmasyny üns bilen okansoň, ogluna gaýtaryp beripdir.
Eline alyp, golýazmasyna göz aýlan Patrik:
–– Kaka, sen diňe ýekeje sözlemi garalaman­syň. Galan sözlemlere düzediş berip çykypsyň –– diýip, öz närazylygyny bildiripdir.
Onda Hemingueý:
–– Iň bolmanda ýekeje sözlemi dogry, göw­nejaý ýazan bolsaň, uly iş bitirdigiňdir –– diýip jogap beripdir.

Çeşme: Dünýä edebiýat žurnaly
8 лайков 192 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
27 июн 2022, 12:14
Dýumanyň çykalgasy ýeser eken. :)))
Öwreniji
27 июн 2022, 12:38
?????
Soho
27 июн 2022, 13:28
Pegas
Dýumanyň çykalgasy ýeser eken. :)))

hakyky :)
CHYRAG
27 июн 2022, 13:44
Donuz manyly eken
Gauzen
27 июн 2022, 13:51
Gyzykly
Гость
27 июн 2022, 19:07
Gyzykly eken ?