Adam agzalarynyň aýdyşygy
Adam agzalarynyň aýdyşygy
1.Aýak:
- Ir säherden başlap agşama çenli
Eýämi egnime edýärin hopba.
Azajyk dynç alýan aralygynda
Üýtgeşik gep tapsa, -
Delräk zat tapsa.
Ol bolmasa elmydama ýolda men,
Günüm kynrak… şeýleräjik adam men.
2. Gulak:
- Eýämiň kellesi uçar guş bolsa,
Mendirin ol guşuň goşa ganaty.
Soňky habarlaryň kabulhanasy…
Agzalaň içinde tarhandyryn men,
Ýele göwsün geren ýelkendirin men.
3. Burun:
- Yza galyp ýörseň gowy görmezler.
Onsoň haçan görseň, gürrüň sen, gep sen.
Bir duran ýerimde duramok hergiz,
Nirä barsam sokulýaryn ys tapsam.
4. Dil:
- Otuz ikiň aňyrsynda mekanym,
Göräýmäge buky ýerde öýüm bar.
Şonda-da ýetmeýän ýerim ýok meniň,
Göz degmesin, gulaç ýarym boýum bar.
5. Ýüz:
- Dat meniň günüme –
Indi boljak däl.
Başym alyp gidäýmesem tokaýa.
Öňler şöhle saçýan güler ýüzdüm men
Indi dönüp galdym galyň çokaýa…
(1977)
* * *
Säher turup syn edýärin sähere,
- Turduňmy? – diýip, bulduraşýar damjalar.
Säher turup syn edýärin sähere,
- Geldiňmi? – diýip, ýylgyryşýar gunçalar.
Säher turup syn edýärin sähere,
Säher ýeli sypap geçýär ýüäümi.
Säher turup syn edýärin sähere,
El uzadýar bagymyzyň üzümi.
Siz ýüz dürli derde derman säherler,
Ömrüm bolsun size gurban, säherler,
Ýöne… “Ýönesi” bar, arman, säherler
Siz bize, biz size myhman, säherler.
(1977)
* * *
Biziň ömrümiziň iň bir baý zady
Arzuwlardyr
Baý biz dostlar arzuwa.
Eger bolmasady arzuw diýen zat,
Ýaşaýyş bolmazdy
Geçýärin güwä.
Mende bir arzuw bar hem gözel, hem kyn,
Köpden bäri ýüregimde besleýän.
Şu azat güneşde, açyk howada
Mydamalyk ýaşap galmak isleýän.
Ömrüm hyzmat etsin beýik adama,
Ömrüm hyzmat etsin bu ajap döwre.
Ýene bir arzuwym: goý şu arzuwlar
Meniň özüm bilen girmesin gabra.
(1962)
Halyl KULYÝEW
1.Aýak:
- Ir säherden başlap agşama çenli
Eýämi egnime edýärin hopba.
Azajyk dynç alýan aralygynda
Üýtgeşik gep tapsa, -
Delräk zat tapsa.
Ol bolmasa elmydama ýolda men,
Günüm kynrak… şeýleräjik adam men.
2. Gulak:
- Eýämiň kellesi uçar guş bolsa,
Mendirin ol guşuň goşa ganaty.
Soňky habarlaryň kabulhanasy…
Agzalaň içinde tarhandyryn men,
Ýele göwsün geren ýelkendirin men.
3. Burun:
- Yza galyp ýörseň gowy görmezler.
Onsoň haçan görseň, gürrüň sen, gep sen.
Bir duran ýerimde duramok hergiz,
Nirä barsam sokulýaryn ys tapsam.
4. Dil:
- Otuz ikiň aňyrsynda mekanym,
Göräýmäge buky ýerde öýüm bar.
Şonda-da ýetmeýän ýerim ýok meniň,
Göz degmesin, gulaç ýarym boýum bar.
5. Ýüz:
- Dat meniň günüme –
Indi boljak däl.
Başym alyp gidäýmesem tokaýa.
Öňler şöhle saçýan güler ýüzdüm men
Indi dönüp galdym galyň çokaýa…
(1977)
* * *
Säher turup syn edýärin sähere,
- Turduňmy? – diýip, bulduraşýar damjalar.
Säher turup syn edýärin sähere,
- Geldiňmi? – diýip, ýylgyryşýar gunçalar.
Säher turup syn edýärin sähere,
Säher ýeli sypap geçýär ýüäümi.
Säher turup syn edýärin sähere,
El uzadýar bagymyzyň üzümi.
Siz ýüz dürli derde derman säherler,
Ömrüm bolsun size gurban, säherler,
Ýöne… “Ýönesi” bar, arman, säherler
Siz bize, biz size myhman, säherler.
(1977)
* * *
Biziň ömrümiziň iň bir baý zady
Arzuwlardyr
Baý biz dostlar arzuwa.
Eger bolmasady arzuw diýen zat,
Ýaşaýyş bolmazdy
Geçýärin güwä.
Mende bir arzuw bar hem gözel, hem kyn,
Köpden bäri ýüregimde besleýän.
Şu azat güneşde, açyk howada
Mydamalyk ýaşap galmak isleýän.
Ömrüm hyzmat etsin beýik adama,
Ömrüm hyzmat etsin bu ajap döwre.
Ýene bir arzuwym: goý şu arzuwlar
Meniň özüm bilen girmesin gabra.
(1962)
Halyl KULYÝEW
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.