Sary bägüller
Bu umytsyz söýgi zerarly men uzak wagtlap gussa batyp, ruhy taýdan çökgün gezdim. Öten agşam
betbagtçylyk bolan känine baryp, adamlar bilen
söhbetdeş boldum, takdyryň öňünde ejizlän adamlaryň gözgyny halyna ýüregim awady, agşamam
uzak wagtlap uklap bilmedim.
Ertesi säher bilen daňyň düýbi agaryberende,
men öçüp barýan söýgimiň hatyrasyna baryhlasymy sarpetmeli diýenkarara geldim. Ilki bilen, men
hemişeki barýan gül dükanymdan bir çemen sary
bägüli satyn almalydym, sebäbi meniň ýüregimi
beren zenanym sary bägülleri gaty gowy görýärdi.
Sakgalymy alamsoň, men döşüme kakan boldumda:
— Dogumlyrak bol!— diýdim. Düýn şol kändäki başlarynainen betbagtçylykdan ýaňa sessiz üýnsüz hasrat çekýän adamlaryň mertligini ýadymasalyp,öýden çykdym.
Gülsatylýan dükana barýarkam, bäş ýyl süýjülikde ýaşaşan söýgüli zenanymyň bir görmeksiz we kütek adam üçin meni terk edendigine,meniňem oňa bägül almaga barýandygyma gynanyp,
ýüregim parapara boldy, gahardan hem hasratdan ýaňa aglasym geldi.
Gül dükanynda birbirinden owadan, hoşboýyslyherdürligüllernäçediýseňbardy,emma sarybägüller ýokdy.Ýarym günümi sarp eden gözlegim netije berdi,ahyry sary bägülleriň üstünden bardym.Diňe dokuz sany sary bägül galan eken,
olaram süllerendi.«Hazanurmuş!Adamyň göwniçökgün bolanda, onuňsatyn aljak bolýan güllerem özünden müň esse beter bolýan ekenow»
diýip,içimden jibrindim.
—Başga sary bägül ýokmy?—diýip,men gussa bilen soradym.
Satyjy goja:
—Diňe şu görýänleriň galdy—diýip,parahat jogapberdi.
—Olaryň ählisi solup, sülleripdir ahyryn,men olary nädip satynalaýyn?
Goja ynamly gepledi:
— Munuň işi aňsat, sen bazarda ýarym sagad akaýlaň çaýlaň edýänçäň,men saňa ter sary bägüllerden çemen bogup bereýin.
—Ýeri,bolýar.
Goja kän bir ynam etmesemem, onuň başga
gülçülerden sary bägül gözläp tapaýmagynyň ähtimaldygy hakynda oýlandymda,dükandan çykdym.Bazarda diýseň uzaga çeken ýarym sagady
zordan geçirenimdensoň, ýenede gül dükanyna geldim.Görsem,satyjy melewşedaňy bilen boglan terje wejanlyja,suwy damypduran sarybägülleri aýna tekjäniň üstünde eýýäm taýýarlap goýupdyr.Men gözlerime ynanmadym.Süllerişip duran hälki gülleri oýuma getirişime:
—Bu ýaňky sary bägüllermi?—diýip soradym.
—Elbetde,ýaňky gören sarybägülleriň—diýip,satyjy ýylgyrypjogap berdi.
Men geň galyp:
— Siz bulara nädip jan berdiňiz? Edil ýaňyja görenimde olar süllerişip durdy—diýenimi duýman galypdyryn.
—Bärde üýtgeşik syrýok.Bugüller öňem solmandy,diňe olaryň suwy azlykedýärdi.Meniň bar eden zadym—olary boýdan başa suwuň içinde sakladym,ýigrimi minutdan gülleriň baldagy dikelip başlady.
—Suwy ýetmedimi?Ýöne siz olary suwly bedräniň içinden çykarmadyňyzmy näme?Olara nädip suw ýetmänbilýär?
— Ýaş ýigit, bägüller başdanaýak suwa mätäçdir. Bedräň içinde onuň diňe düýbünde suwbolýar.
Olaryň suw içişem edil adamyň iýmitlenişi ýalyda.
Emma adam diňeiýeni bilen oňmaly däl, ol hökman
beýnisini işletmeli, pikirlenmeli, akyl paýhasyny goýaltmaly, diňe şonda ol başyny dik tutupýaşap biler.
Bägülleriňem gunçalaryna suwgerek, olar meýdanda ösýärkäler ýagyş damjalary bilen çyglanyp durýarlar, emma ýyglandan soň, olaryň gunçalarynada
suw gerekdigini adamlar bilenoklar. Olary boýdanbaşa suwuň içinde goýsaň, derrew janlanaýýar.
Satyjynyň aýdan sözleri kalbyma gozgalaň saldy. Asyl adam bu dünýäde başyny dik tutup ýaşajak bolsa, oňa çäksiz akyl paýhas zerur eken.
Suwsap giden beýnisini paýhas ummanynda gandyrmaly eken.
Satyjy bilen hoşlaşamda,ol egnime kakdyda:
—Ýaş ýigit,sen janlyrak bol!—diýdi.Onuň bu sözlerine men birhili ejizledim, tasdanam möňňüripdim.Ol asyl meniňem bägüller ýaly saralyp solup barýandygymy aňan eken.
Öýe gelenimden soň,men ullakan legeni suwdan doldurdymda,içine girdim.Suwda ýatyrkam sary bägülleriň ýüregini syzdym. Suwdan çykanymdan soň, bütin bedenime üýtgeşik rahatlykaralaşdy.Sary bägülleri söýgülime bermezligi ýüregime düwdüm.
Men ol çemeni günde gunçasyndan başlap düýbüne çenli suwardym.
Bir hepde dagy geçensoň, gül ýapraklaryny dökdi.Bägüllers oldy,emmabaşlaryny diktutup soldular. köp kişiniň onuňysyny almaýan dygyny aýdypdy. Ol:
«Gündiz adamlar başagaýlykdan ýaňa jasminiň ysyny
alanoklar.Adam gündizem özüni rahat alyp barsa, günortanyň tüpyssysynda diňe bir jasminiň däl, hatda
hrizante maňam, orhideýaňam ysyny alar» diýipdi.
Başga bir gül satyjy bolsa säher bilen lotos satyn
aljak bolsaň, onda güllänlerini almaly diýipdi, çünki
oňa görä, «säherwagty lotos gülüniň açylmagy üçin
iň oňaýly wagt. Irden açylmadyk bolsa onuň günortanam, agşamam açylmazlygy mümkin. Olaram edil
adamlarýalyda, adamýaşka bir maksada ymtylmasa,
ol orta ýaşyndada, garrandada şol durkuna galar».
Ýene bir gül satyjy maňa gül näçe gymmat bolsa,şonçada basym solýandyr diýipdi.Ol:«Sebäbi bugülle radamlara ýaşlygyň iň gymmatly zatdygyny we onuň gadyryny bilmelidigimizi ýatladýarlar»diýip düşündiripdi.
Bir gezek ýene bir gül satyjy maňa şeýle sözleri
aýdypdy: «Goý, bize bu täsin dünýäniň ähli ahwalatlaryna düşünmek miýesser etsin! Kalbymyz, hatda
bir sary bägülüň ýüregini duýup biljek derejedesyzgyr bolsun! Ýüregimizi açanymyza mähetdel, degre daşymyzdaky iň adaty we ýönekeýje närselerdenem
köp zatlary öwrenip biljekdigimize düşüneris».

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.