Baky bergidar adam ((Nowella) dowamy)

-Seni ejeň çagyrýar - diýip,alyp gitdi.
Jaýa giren badyma içilen hem sanjylan ýürek dermanynyň ysy burnuma urdy, özümi müýnli saýyp,göni seretmäge-de utanyp,gözümiň gytagyny ejeme aýladym. Ol eýýäm düýbi çapylan daragt ýaly sülleripdir.Onuň gözgyny halda bolup ýatyşyna utanyp,ýer ýarylmady,men girmedim.
- Balam,bagyşla!Öte geçip,göwnüňe degäýdik öýdýän,biz garrylar bilen deň bolup durma!
- Ýok-la! - diýip,geplejek bolup,gepläp bilmän ýuwudyndym.
Ol:
- "Düýe garrasa,köşegine eýär" edäýmeli welin,arman oňaramzok-da - diýip,sözüni dowam etdi. -Dogrudanam,sen mamla.Şu wagta çenli ýoluňy bökdän men.Aý,elti bilen bir düşünişmezlik boldy-da.Bolanda näme, soň gatnaşybermelidik welin,meň şu kejirligim bar bolsun...Ýogsam bize eden ýagşylygyny hiç bir adam edip bilmez...
Oňa geplemek kem-kemden kynlaşýan ýaly,uludan dem alyp sözüni böldi.
Kakam:
- Hawa,oglum,sen arkaýyn git - diýip, ejemiň aýtjak sözlerini dowam edýän ýaly bolup,gürrüňe goşuldy. -Basym özümem bararyn,ejeňem äkiderin,hökman hal-ýagdaýlary bilenem tanşyp gaýdarys. Dogrudanam,gelnejemiň göwnüne degdik. Bu gelşikli däl.Aý,onsoňam ýyllar agyr geldi-dä."Ýer gaty bolsa,öküz-öküzden görer" etdik.Emma ýol uzak,heňñam gysga. Häzirem bir pille,ýalňyşyň ýaryndan gaýdan ýagşy.
Kakam dymdy.Men näme diýjegimi bilmän, olaryň öňünde özümi aklap bolmajak günäkär hasap edip,ýaşaýan jaýyma gitdim-de,agyr oýa çümdüm.
...Ine-de,şol arzyly obam.Ol häzirem öňki ýaly iki derýanyň ortasyndaky käli jähekläp, çar ýana ýaýylyp,baga bürenip otyr.
Köne ýurdumyzdaky belent iki düýp güjüm agajy häzirem biri-birine gol berip,alysdan seleňläp görünýär.Olar meň göwnüme häzirem edil köne dostlarym ýaly mähriban.Dürjemal gelnejemleriň öýlerine tizräk ýetmek üçin,howlugyp ýöräp barýaryn.Bu günler pagta ýygymy döwri, oba çolalyk.Ýolda käte bir adam duşýar, salamlaşyp geçip gidip barýaryn,obanyň düzgüni şeýle.Emma olar meni tananok, menem olary.Göwnüme bolmasa,gözüme bir wagt şeýle mähriban,şeýle yssy görnen obam hem indi maňa ýat ýaly.Häzir men bu ýere azaşyp gelen ýolagça çalym edýändigime gynanýaryn.
Öýe giren badyma eýwanda Nepes kakamyň uly ogly Amanmyrada gabat geldim.Onuň ýüzi salykdy,aljyraňňy hem ünjüli görünýärdi.
Ol:
-Giriber,ejem kän wagtdan bäri saňa garaşyp ýatyr,häzir menem gelerin. - diýdi, ortaky gapyny açyp berdi-de,özi çep tarapdaky otaga girip gitdi.O taýdan çagalaryň şowhuny eşidildi.Men görkezilen jaýa girip gitdim.
Salam berip,gapynyň golaýynda ýazylan halynyň üstüne geçdim-de,giň otagyň töründäki krowatda ýatan näsaga göz aýladym.Onuň çala dem alýany duýulýardy. Ol meniň gelenimi-de aňmadyk bolara çemeli,beren salamym jogapsyz galdy. Birhaýukdan soň gelnejemiň:
- Amanmyrat,çagalar uruşmanjyk oýnap ýörmi?- diýen sesi çala gulagyma ildi.Men:
-Ýok,Amanmyrad-da däl - diýip dillendim. - Men - Çary.
-Kim?... Çary? - diýdi-de,ol gözüni ýalpa açyp,maña tarap seretdi. -Asyl bu senmidiň?
Men ylgap baryp görüşdim.Maňa gözi düşensoň,oňa güýç-kuwwat gelip,daýanan ýaly boldy.
-Gözümiň röwşeni,hany,şu taýdajyk otur! - Men onuň gapdalynda aşak çökdüm.Ol meni ýüzüne sylyp:
-Tüweleme,tüweleme,göz degmesin!-diýip,bir zatlar pyşyrdady.Emma näme diýenini aňşyryp bilmedim,belki,alkyş okandyr,belki-de doga.Öz ýanyndan haýsydyr bir wakany ýadyna saljak bolup, samran bolmagy-da mümkin.Essi aýylýan ýaly,ýene başyny ýassyga goýup,gözüni asmana dikip ýatdy.
Amanmyrat gapyny çalaja açyp,maňa ýüzlenip gepledi:
-Sen gürleşiber,pagtaçylaň ýanyna baryp gaýtmaly.Indi birnäçe gündür,daşarygam çykyp bilemok.Brigadir bolup işleýän,işi kömekçime tabşyrypdym welin,hiç ynjalygym ýok,ýaş oglan-da.
Gözümi aýyrman näsaga syn edip başladym.Onuň çagalygymda ýadymda galan keşbinden çala yz galypdyr.Birwagtky bugdaýreňk gülüp duran nurana ýüzi azaply günleriň görgülerinden,has beterem,bu sataşan aýrylmaz agyr derdiň azaryndan ýaňa sanaç ýaly gurap galypdyr,häzir öňki syryk boýly daýaw göwresi hem keltelen ýaly.Ol az-owlak ymyzganyp,çalaja güýç toplan ýaly,nury öçüşen goýun gözlerini süzüp,gepläp başlady:
-Hawa,öýli-işikli bolupsyň,eşitdik,toýa çagyrarsyňyz öýdüp,tama edipdik.Zyýany ýok,gezen ýeriňizde sag-gurgyn bolsaňyz bor,siz bagtly bolsaňyz,biz şat. - Oňa geplemek agyr düşýärdi.Öýdäkileriň:" Toýa aýtdygam welin,gelmedi" diýip,ýalan sözländiklerini häzir bilip,içim ot alýardy.
-Gyzjagazyňam bolupdyr,ýaşy uzyn bolsun!..Ýöreýärmi?
-Aýdanyňyz gelsin!Ylgap ýör,eýýäm çagalar bagyna-da gatnaýar.
-Tüweleme...Be,birden ýat bolduk gidiberdig-ow?
Men aýdara söz tapman dymdym.
-Ýok,sen ýat bolmal-a dälsiň..Şeýdip gelip durmaly ahyryn.Gaýtam gelniňem getirmeli ekeniň.
Men:
-Ol häzir neme -diýýän-de,aýtjak sözümi aýdyp bilmän başga zatlar gepleýän: -Ejem-kakam dagam salam aýdypdylar,tas ýadymdan çykan eken.Olaryň özlerem basym görme-görşe geljekler.
-Salam aýdan,salam getiren sag bolsun! Janlary sag bolsalar bolýa,gelseler gowy-da.Şu çaka çenl-ä diňe il-günden sorap oňduk,olar bilen deň bolmak nämä gerek diýsene. -Ol tolgunyp,gürrüňini dowam etdi: -Ilk-ä ogullammy öýli-işikli edeýin diýdim, soňam jaý gurup bereýin diýdim.Iki sany Aý ýaly gelnem edindik,köşk ýaly jaýam salyndyk,her ganatynda dört otagly, sagynda uly oglum çagalary bilen bolýar,solunda kiçisi.Tüweleme, agtyklarymam gül ýaly.Şeýdibem iş-alada bilen bütin ömrümi geçirdim.Ine,indem şeýdip ýatyryn,galjagym-galmajagym gümana.
Men:
-Hökman gutularsyňyz -diýip,göwünlik berjek boldum.Emma agzymy açmaga-da ýetişmänkäm,ol ýene gepläp başlady.
-Ýok,men özümi aklajak bolamok.Wah,men guraýyn,wagt tapylardy-la barjak bolsam, boýnuýogynlyk etdim.Ýaşululyk edip baraýan bolsam,kowmazdylar-a...
- Olaram şeýdip,öz-özlerine igenişip otyrlar - diýip,men dillendim.
-Bilýän-le.Wah,şu uruş gursun,belaň körügem şondan-da...Nepes kakaňam şol gidişi boldy,uruş gutarmanka öldi habaryny alşymyz.Pahyr,çagalarynyň hözirinem görüp bilmedi...
Gelnejem gepläp,usurgan ýaly bolup,uka gitdi.Birdenem ýalpa gözüni açyp,ýatan ýerinde ysgynsyz elleri bilen ýassygynyň aşagyny sermeleşdirip,saralyp,reňki solup, hatlary öçüşip giden gazeti maňa uzatdy. Onuň sandyrap duran ellerinden tolgunýanyny duýup galdym.
- Me,seret,içinde surat bardyr.
Men gazetiň gatyny emaý bilen açyşdyrdym,onda bolaýsa iki-üç ýaşlyja, sary galpaklyja,posalajyk oglanjygyň barmagyny dişläp,ýylgyryp duran suraty bar eken.
-Bu kim?
-Tanamadyňmy?
-Ýok - diýip,ýene surata seredip jogap berdim.
-Ol özüň.
Ýüregim jigläp gitdi,surata siňe seretdim. Dogrudan hem,oglanjygyň ýüzünde-de meň dulugymdaky ýaly,ýarym Aý şekilli haly bardy.
-Bu maňa senden galan ýeke-täk ýadygärlik - diýip,ol ýene ysgyny gaçyp,essi aýylan ýaly,birden sesini kesdi.
Ol birhaýukdan soň bolsa:
-Hany,Amanmyratdyr Ýusup gelmedimi? -diýip,ukudan oýanan ýaly gözüni açyp,gapa seretdi.
Birdenem,howa ýetmeýän ýaly,kellesini ýassykdan laňňa ýokary galdyrdy-da, içiňden geçip barýan ýiti nazaryny töweregine elek-çelek edip,janhowluna:
-Gelmedilermi? -diýip,jynssyz gygyryp,ýene öňki soragyny gaýtalady.
Men onuň bolşundan howpurgap:
-Ýok -diýip,jogap berenimi-de duýman galdym.
- Wah,arman! - diýip,ol ahmyr edip,hyrçyny dişledi-de,samraýan ýaly,başyny ýassyga goýup gepledi. -Aýdarsyň,men ogullamdanam,gelinlemdenem razydyryn... Olaram razy bolsunlar...Gijä galaýmankam saňa-da bir zat aýdaýyn - diýip,kynlyk bilen ýuwudyndy-da,öz-özi bilen sözleşýän ýaly pyşyrdady: -Indi çaga däl,düşüner... - Soň maňa ýüzlenip,ýene zordan gepläp başlady. - Merediň zürýady ýokdy...Onsoň yzy ýitmesin diýdim...men seni oňa ogullyk beripdim,agyran-ynjan bolsaň...bagyşla! Soň,birden aýdaýmasyn diýip,eltim şol agyr ýyllarda bugdaý hödürläp göwnüme degipdi.Emma men ony bagyşlaýan,ondan razy...Meretdenem razydyryn,göwnüne degen bolsam bagyşlasyn,aýtgyn,razy bolsunlar!..Indi bir seni menden gabanyp ýörmesinler...Zynharlap ýalbarýan,sen olaryň hiç haçan göwünlerine degäýmegin. Olary ynjydaýsaň-a men senden razy bolman...
Ol ýene bir zatlar aýtmakçy boldy,emma howa ýetmeýän ýaly gobsundy-da,kellesini ýassyga goýberdi.Gözleri ýagty jahanyň gözelliginden ganmadyk ýaly,açyklygyna galdy.Jaý daşymda pyrlanyp başlady,ýer hopan ýaly,ýüregim elenip gitdi.Her daýym käsä batyryp,näsagyň bokurdagyna suw damdyryp oturan pagtamyň elimden nädip gaçanyny-da duýman galdym.
Men:
-Käbäm! -diýip,gygyryp aýagyna ýykyldym. Emma indi giçdi.
Onuň şiri janyndan jyda düşen göwresi eýýäm sowap başlapdy.
Wah,görgüli eneler!Siz näme üçin bizi bimahal çak goýup gidýärsiňiz?..
Hawa,ynsan ömürboýy ýagşylyk edip ýaşasa-da,eziz Watanyň hem-de mähriban enäniň öňünde baky bergidardyr.
Menem şol baky bergidarlaryň biri.

Hojageldi Nurmyradow.
2 лайков 123 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Senyorita.
Автор 08 май 2022, 12:05
Käbir sebäplere görä dowamyny wagtynda goýup bilmändim.
Hiayress
08 май 2022, 14:48
senyorita.,
Başam bardymy muň?! :/
Senyorita.
Автор 08 май 2022, 15:23
Hiayress,
Hawa.Öňräk goýupdym-a.
Ayjahan
30 май 2022, 15:26
Senyorita, 1-nji bölümi ýokmy