On ýedimde
Depderçämden göçürme
On ýedi ýaş döwri geljegiiň kesgitlenilýän döwri ekeni. Kim boljagyň, näme iş bilen meşgullanjagyň, nirede okajagyň, haýsy käri ele aljagyň… hemme-hemmesiniň aýyl-saýyl bolýan döwri. Soň guwanç bilen ýatlasaň hem, arman bilen ýatlasaň hem şu döwre salgylanýaň.
Bu döwrümde alyp barýan syýasatjygymdan şu çaka çenli razy. Üç ýyldan bäri arzuwym bolan Arhitektorlyk boýunça Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin SAT synagyna yzygiderli taýýarlanýaryn. Oýum- -pikirim geljekki 7-8 ýylyň meýilnamasy, okuw, dostlarym we uzyn saçlym. Synpdaşlarym barada ýekeje sözlem ýeterlik. “Olar süýtdeş doganlarym we minimum her 24-iň 11-ini bile geçirýäris”. Başga dostlarym bilen hem aram juda gowy.
On ýedimiň ikinji erbet habary hem bu boldy, “Bugdaý reňklim” bu ýyl okuwa girmeýän boldy. Okuwa girse, şäherimize okuwa gelse, duşuşyga çyksak, söz aýtsam diýip pikir edýädim. Söz aýtmak babatda “A” meýilnamam başa barmady. Şeýlede bolsa, dürli bahanalar bilen hepdede görüşýädim we (säginme) “Ogryn bakan gözleň buşlady bagtymy”.
Ýazan: ilOglyGaradaşly

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.