mazaryň başynda aýdylan sözler

indi Ataň gezip, ýör egnini gysyp,
ýüregine, teselli etjek dälmidiň?
Eneň bolsa, sen hakda pikire batyp,
onuň çeken gussasyn çekjek dälmidiň?
suratyňy görse, ýaş dolýar, gözi,
gün geçdigi, saýy, saralýar ýüzi,
sen olaň bagtydyň, ýekeje gyzy,
olary bagtly, etjek dälmidiň?
agaň toý toýlasa, keşgini çekip,
täze gelin bilen syr alyp, döküp,
çagajygyn göterip, oýnadyp, böküp,
ýaňagyny ogşap, öpjek dälmidiň?
öýüňden hoşlaşdyň tabyda münüp,
ençe ýürekleri, hasrata goýup,
gitseň bolmazdymy, kürte geýinip?
gelinaljy bilen gitjek dälmidiň?
eý, ykbal, çekdirdiň gaýgydyr, gussa,
nähili durmuş bu, nähili kyssa?
birden maňada bagt gülüp baksa,
Gussam ýüregimden çykak dälmisiň?
R. Mämetgurbanow
2 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.