TOÝ GÜNÜNIŇ ERTESI

Agla,
örten,
ýer bagyrtlap çabalan,
Içiň ýangynyna meni näletle.
Gije bile sowlan bolsa şagalaň,
Ýaşynyp ýylgyr-da, ýeňles näz et-de,
Bildirme bu toýuň bize ýasdygyn.
Basym öwrenşersiň betbagt durmuşa.
Ýigrenip ýaşarsyň elwan ýaşlygyň,
“Nirden duşdum — diýip — hazan urmuşa”.

Hawa, sen şeýdersiň,
mejbur bolarsyň,
Ýüzüň ýokdur meň alnyma gelere.
Gyzararsyň, saralarsyň, solarsyň,
Ýalňyz çagyň aglap bialaç ýere.

A men ýigitlerçe dişim gysaryn,
Gaýgy-gamy galstuk ýaly dakynyp.
Üşüdýänmi hiç adama aýtmaryn,
Oturaryn içimde ot ýakynyp.

Namart däl ekenim,
Şükür Hudaýa!
Ýaşaryn, ýanaryn, ýazaryn merdem.
Sen bolsa gözýaşly seredip Aýa,
Mensiz örtenersiň ýalňyzkaň her dem.

Ýatlamalaň kempir deýin mürşerer,
A men garramaryn,
Şahyrlar şeýdýär.
Ölen duýgularyň girer düýşüňe,
Olar öz eýesin dowzaha eltýär.


Seýitmyrat GELDIÝEW
6 лайков 242 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
12 май 2022, 10:28
Basym öwrenşersiň TÄZE durmuşa.


Gaýgy-gamy galstuk DEÝ dakynyp.

Şu setirler şeýleraķdi öýtýän
Pegas
Автор 12 май 2022, 10:29
Aksary
Basym öwrenşersiň TÄZE durmuşa.


Gaýgy-gamy galstuk DEÝ dakynyp.

Şu setirler şeýleraķdi öýtýän

Ol ýuwmarlanan wariandy)
Aksary
12 май 2022, 10:32
Pegas,
Hawa men nesil gazetinde okan bolmaly
Novka 20
12 май 2022, 10:46
Name alany gyz dal ekenmi
Pegas
Автор 12 май 2022, 10:47
Nobatik
Name alany gyz dal ekenmi

Başga birine çykan gyz.
Hiayress
12 май 2022, 10:52
Gowy goşgy, çeper, duýguçyl. Berekella! Ýöne "Olar öz eýesin dowzaha eltýär." şu setirine düşünmedim. Birhili indi sen dowzahy diýen ýaly eşidildi. Näme diýseňem goşgunyň okap oturkaň nälet bar ýaly duýulýar. Eger şeýle bolsa erkek oglana diýjekdäl, hiçkime adam näletlemäni gelişdiremok, hasam ilhalar şahyr goşgularynyň temasynyň özüneniň şeýle bolmagyny.
Hiayress
12 май 2022, 10:55
Nobatik
Name alany gyz dal ekenmi

Bu-la Nuryşkaň bir prikolyndaky blujyň: "Näme zaýa çykdymy" diýşine bardy. :D
Pegas
Автор 12 май 2022, 10:57
Hiayress
Gowy goşgy, çeper, duýguçyl. Berekella! Ýöne "Olar öz eýesin dowzaha eltýär." şu setirine düşünmedim. Birhili indi sen dowzahy diýen ýaly eşidildi. Näme diýseňem goşgunyň okap oturkaň nälet bar ýaly duýulýar. Eger şeýle bolsa erkek oglana diýjekdäl, hiçkime adam näletlemäni gelişdiremok, hasam ilhalar şahyr goşgularynyň temasynyň özüneniň şeýle bolmagyny.

Ölen duýgular dowzaha eltýär diýýär. Nälet däl-de, janyýangynlyk öýdýän.
La Star
12 май 2022, 10:58
Hiayress,howwa şolar yaly bolaymasa Huday saklasyn.
Şular yaly zatlar kopelya
La Star
12 май 2022, 10:58
Nobatik,
Şolar yaly bolmagy mumkin .
Hiayress
12 май 2022, 11:10
Pegas,
Näme üçin ady belli şahyrlar şular ýaly ownuk, ýaş ýeleňleriň ýüzlenäýjek temalaryna ýüz tutup kiçelýärlerkä?! Ýa-da jemgyýetimiz ownany we adamlarynyň paýhasyny kiçeleni üçinmikä?! Aslynda goşguny okaýan çeper, akgynly, hemme sözleri ýerbe-ýer, az-owlak sen-senlik dälde, men-menlik bar diýmeseň, alyp birzat diýmäne çekinýäň we soňky goşguny ýapmaly, hemme manysyny özünde jemleýän ajaýyň soňlamasy bolmaly jemlemesine ýetýäňem welin "şol bilip-bilmän eden haýaň üçinem dowzahdan ýanarsyň" diýýär welin, gahar atyna atlananyňy duýman galýaň. "Sen kim?" kimiň dowzahy ýada jennedidigini çözer ýaly diýäýesiň gelýär. (Bir az emosiýa özümi aldyraýdym öýtýän :))