Toýuñ diyip eşitdim

Toýuñ diýip eşitdim

Kalbymda gömülen söýgiñ içinde,
Haýyş, bir gül goýuñ diýip geçipdim.
Bagtyñ baglap bu gün özge ojakda,
Göz degmesin, toýuñ diýip eşitdim.

Doldursa özgeler meniñ ýerimi,
Bagtly bol diýp, öz içimde ses etdim.
Duşsañ geç öñümden gysyp egniñi,
Arzuw eden toýuñ diýip eşitdim.

Ölmegime sebäp bolsa-da entek,
Diri men ýaşaýan, hawa, ýaşatdyñ.
Ýöne meni ýykan gussaly derdim,
Şol habardy toýuñ diýip eşitdim.

Sessiz agla kalbym ýeñleýän bolsañ,
Gursagym daşdan däl içden deşipdiñ
Unudan sözleriñ ýadyñda bolsa,
"Jemşit men mydama señki" diýipdiñ
Emma bu gün toýuñ diýip eşitdim.

Jemşit Hajymämmedow
3 лайков 143 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
06 апр 2023, 23:12
Köne derdimi gozgamaýda . Ýürekden ýazylanlar ýürege barar diýilýär. Ýöne ýürekdäkilerňi beýan edip bilmegem gerek. Onam beýan edip bilipsiň . Berekella
Jemshit
Автор 06 апр 2023, 23:51
Gerceknazar,
Sagbol agam minnetdar sylagyna duygy bilen yazmak bashgacalay yone...
Gerceknazar
07 апр 2023, 00:07
Jemshit H.,
Elbetde meniň pikirimçe goşgy esasy duýgy (lirika) bilen ýazylmaly diýip pikir edýän. Şol ýazýan zadyňy ýüregiň bilen duýup başarmasaň hiç zat ýazyp bileňok. Ýazaýanyňda-da goşgyň gowy bolmaýar. Emma bir zady çyn ýürekden duýan mahalyň derrew kagyza geçirmäne howlugmaly. Iň esasy duýgy bilen ýazmagy maslahat berýän. Soň galan zatlaram şoňa garyşyp gidýär.