"Jaýy welin, çalşaly..."

"JAÝY WELIN, ÇALŞALY..."

- Allo, maña Weronika Platonowna gerekdi...
- Men diñleýän, kim bi?
- Bu men, Jorka...
- Haýsy Jorka?
- Baý, eje senem-ä walla. Sen indi öz jigerbendiñem tanañokmy?!
- Waý, Georgiý! Asyl bu senmi? Nirelere ýitirim bolduñ, garagol diýsänim?
- Aý, menem-ä bar özi, eje... Şol iş, iş... Bu gün bir zat, ertir ýene-de bir zat, üçünji gün ýene-de... Garaz, tapylýar-da... Häzirem zordan sypdym... Geçen ýylam saña birki gezek jañ etdim welin, trubkany galdyran bolmady. Niçik hal-ahwallaryñ?
- Aý, meñki hiç-le, hany özüñ gürrüñ ber.
- Biz soñky gezek haçan gürleşipdik?
- Tomusdy öýdýän... sen şonda institutda bir zad-a gorapdyñ. Menem, baý, alada baryny edipdim...
- Hä-ä-ä, dissertasiýa! Wagtyñ çalt geçäýşini! Şondan kän wagt geçmänke-de dosent gyza öýlenipdim.
- Gutlaýan...
- Sag bol, eje... Ýöne şo hakda weli maña ýatlatma... Sebäbi men üç ýyl mundan öñ onuñ bilen aýrylyşdym...
- O ne beýle?
- Dogrusyny aýtsam, señ üçin, eje. Ol seni ýekeje gezek görmese-de, ýigrenýär.
- Aýdýanyñ näme! Çaga-çugañyz bamy?
- Ýok, diñe bir gyzymyz bar, Sweta... Edil okuwçy döwründäki ýaly, hut özüñ-dä. Edil bir almany iki bölen ýaly-da! Häsiýetlerem señkä meñzeş... Tizden durmuşa-da çykýar. Haçanlygyny bilemok. Men ony soñky gezek dördünji klasda okaýaka görüpdim. Mekdebe çagyrypdylar...
- Aýdýanyñ näme!
- Sen oñ üçin hapa bolup oturma... Indem, arada ikinji gezek öýlendim. Öz-ä erbet däl.
- Gutlaýan, çagalaññyz bamy?
- Sag bol, özem oglan, ullakan ýigit. Ýöne özümden däl-de, aýalymyñ öñki ärinden. Barybir, men ony gaty gowy görýän. Ýakyn wagtda goşun gullugyndan geljek. Özem gelinlik getirjek diýip, haýbat atýar.
- O nähili beýle?
- Sen sorama, eje. Bu ýaşlarmy... Ene-atalary bilen maslahat edenoklar, olary adam saýanoklar. "Getirjek" diýýä, gutardy. Nirede ýaşajak, onam pikir edenok. "Obşitde ýaşarys" diýýä. Aýalym ikimiz iki otagly jaýda ýaşaýas. Bary-ýogy 36 metr. Içinde bolsa seredere zat ýok. Ine, özüñem çagyrjak, şonda görersiñ. Ol kän bir uzakda-da däl, awtobusly 15 minutlyk ýol. Holodilnik zawodyndan gönüleseñem, pyýada 10 minut. Men näme şol bir özüm hakda ýañrap otyryn. Özüñ hakda gürrüñ bersene, eje!
- Garrylykdyr-da.
- Hawa-la, ol-a şeýledir-le. Saglygyñ niçik?
- Saglyk nireden bolsun! Öñki kelle däl, öñki el däl, aýaklarym diýenimi edenok. Aý, garaz...
- Hawa-la eje, garrylyga etjek alajyñ ýokdur-la. Gowusy, bize göçüp gel...
- Aýdýanyñ näme, Georgiý, degişýäñmi?
- Çypbakaý çynym. Bizem señ üç otagly jaýyña göçüp bararys.
- Ýok, ýok! Men ony edibilmen. Meñ saglygymyñ ugry ýok...
- Şoñ üçinem çalyşmagymyz gerek... Soñky aýalym ikimiz gowy bir zat oýlap tapdyk. Gazy bar, gyzgyn suwy bar, potologam beýik, bäş gat jaýyñ dördünji gatynda, özem lift gurup bermäge-de söz berdiler. Poliklinika-da golaýjygynda, dermanhana-da iki ädimlim ýerde... başga näme gerek?
- Ýok, oglum, maña o ýeri agyr düşer...
- Eje, men saña ýagşylyk etjek bolýan ahyryn. Eger-de mebelleññi alada edýän bolsañ, onam aýalym ikimiz çekeris. Isleseñem, satarys...
- Ýalbarýan, oglum, öz günüme goý... Ejeñi arkaýyn süýnmäge bir goý, azar berme!
- Ýogsa-da azar beresim ýok! Ony alada etme! Ýöne, jaýy welin, çalşaly...

Anatoliý RAS.

Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.

"Литературная газета"-dan.

Çeşme: kitapçy.com
4 лайков 135 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
13 май 2022, 17:37
namee
Yok artik