⁉️
Hemmeler şeýle bir gürlemek isleýär welin, diňlemäge wagt tapanoklar. Ählimiziň birnäçe ýatlamalary bar. Bir gezek gürrüň bermegem ýetenok. Başymyzdan geçen wakalary, ýatlamalary owadanlap her ýerde gürrüň berýäs. Meselem, IMO, Instagramda story-de, we sitelerde paýlaşýas. Soňra aşagyndan ýazylan teswirleri okap, özümiz bilen pikirdeşleriň teswirlerini begenip like goýýas. Pikirimize gabat gelmeýän pikirlileri bolsa göremzok ýa-da görmezlikden gelýäs. Görsegem teswirlerine disslike basýas. Biz gürlänimizde garşymyzdakydan garaşýan jogaplarymyz bar. Garşymyzdakyň bu jogaplardan birini saýlamagyny isleýäs.
Emma onuň berjek jogabynyň biziň üçin kän ähmiýetem ýok. Näme-de bolsa biziň aýtjak zatlarymyz öňden belli. Soňra gezek garşydaka gelýär. Bu gezek ol gürrüň berýär, biz onuň islän jogabyny berýäs. Garaz, jogap berýänem şat, jogaby alýanam şat. Şular ýaly ýagdaýda pursady durdyrýan knopka bolsa we durduryp, diňleýän adamdan näme pikir edýändigini sorasak, aýtjaklarynyň näçe göterimi garşysyndakyň aýdan zatlary bolarka? Siz “Ýok, menä ýatlaryn” diýip bilersiňiz. Bir dostuňyz ýa-da joraňyz bilen gürleşýän wagtyňyz telefona ýa başga işe güýmenmän, hiç hili pikir etmän tutuş bedeniňiz bilen dostuňyzy ýa joraňyzy diňlän wagtyňyz boldumy? Haçan?
Iň soňky gezek kimi işjeň diňlediňiz ýa-da iň soňky gezek haçan kim sizi işjeň diňledi?

57комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.