⁉️

Hemmeler şeýle bir gürlemek isleýär welin, diňlemäge wagt tapanoklar. Ählimiziň birnäçe ýatlamalary bar. Bir gezek gürrüň bermegem ýetenok. Başymyzdan geçen wakalary, ýatlamalary owadanlap her ýerde gürrüň berýäs. Meselem, IMO, Instagramda story-de, we sitelerde paýlaşýas. Soňra aşagyndan ýazylan teswirleri okap, özümiz bilen pikirdeşleriň teswirlerini begenip like goýýas. Pikirimize gabat gelmeýän pikirlileri bolsa göremzok ýa-da görmezlikden gelýäs. Görsegem teswirlerine disslike basýas. Biz gürlänimizde garşymyzdakydan garaşýan jogaplarymyz bar. Garşymyzdakyň bu jogaplardan birini saýlamagyny isleýäs.
Emma onuň berjek jogabynyň biziň üçin kän ähmiýetem ýok. Näme-de bolsa biziň aýtjak zatlarymyz öňden belli. Soňra gezek garşydaka gelýär. Bu gezek ol gürrüň berýär, biz onuň islän jogabyny berýäs. Garaz, jogap berýänem şat, jogaby alýanam şat. Şular ýaly ýagdaýda pursady durdyrýan knopka bolsa we durduryp, diňleýän adamdan näme pikir edýändigini sorasak, aýtjaklarynyň näçe göterimi garşysyndakyň aýdan zatlary bolarka? Siz “Ýok, menä ýatlaryn” diýip bilersiňiz. Bir dostuňyz ýa-da joraňyz bilen gürleşýän wagtyňyz telefona ýa başga işe güýmenmän, hiç hili pikir etmän tutuş bedeniňiz bilen dostuňyzy ýa joraňyzy diňlän wagtyňyz boldumy? Haçan?
Iň soňky gezek kimi işjeň diňlediňiz ýa-da iň soňky gezek haçan kim sizi işjeň diňledi?
8 лайков 416 просмотров
57комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
19 май 2022, 18:04
Melike...,
Meň beren kesgitlemämem adamyň özüni görä üýtgeýän kesgitleme. Özüň bilen ylalaşykda bolsaň, ýagny çyn ýüregiň bilen edesiň gelýän zady edip, edesiň gelmeýän zadam etmeseň, ana şonda senden bagtly adam bolmaz. :)
Melike...
19 май 2022, 18:05
Hiayress,
Edesin gelen zadyny etmek sonlygy bilen bagtsyzlyga hem eltya. Shon uchin muna bagt diymek naderejede dogryka
Hiayress
19 май 2022, 18:10
Rigel,
Duýgular garşydaş bolsada içinde has ýürege ýakyny, göwne jaýy bardyr. Mysal üçin: Sen söýgüliň bilen bir zat üstünde telefonda dawalaşýaň we ýigrenç, gahar, öýke duýgulary emele gelýär, şol bir wagtda-da ýene bir duýgam bar şol duýgulaň aňyrsynda basgylanyp barýan, ýürege has ýakyn duýgy - telefony öçürip, daşaryk çykyp, arassa howada aýlanyp, morožna iýmek duýgusy. :)
Hiayress
19 май 2022, 18:14
Melike...,
Hawa, illeriň nukdaýnazary bilen baha berseň bagtsyzlygada elter. Ýöne sen elmydam düýni ýada ertiri pikirlenmän, şu wagt, şu minut edisiň gelen zadyny etseň, haçan bagtsyz bolup biljegiňe düşünemok.
Hiayress
19 май 2022, 18:15
Ýöne köp kişi bagty, olaryň bagtsyzlygy hem bolýar.
ajy
19 май 2022, 18:15
Rigel,
men-ä shoñ üçin realnydakylara içki pikir duygularymy dökmegi bes etdim.kim name diyse hä howwasyny ýetirýan. Wirtualdan birnace joralarym bar. sholara aytsam ýeñläp gityan, soñ realnydakylara aytmaga içimde zat galmaya yene arkayyn gezyan.
Garyndašdan nätanyš ýakyn diýileni häzirki döwür...
Melike...
19 май 2022, 18:16
Hiayress,
Bir pursatlyk alan bagtyn geljekde has uly bagtsyzlyk beryan bolsa name etmeli. Ozem ony sho pursat bilmesen
seyis
19 май 2022, 18:17
Dem gutarman dert gutarmaz adamda. Derdiň ulusy kiçisi reňklileri bar.
ajy
19 май 2022, 18:18
Rigel,
Daşoguzly bolsañ öýüñe barardym otyrmaga arbuz
Hiayress
19 май 2022, 18:22
Melike...,
Özüňe mizan terezisini gurup, özüňem häkim edip, geçmişdäki bagtly pursatlaryňy ýada bagtly duýgularyňy şu günüň bagtly duýgulara sarp edilmeli bagtsyz duýgularyň bilen sud etseň elbetde bagtsyz bolarsyň. Ýöne geçmiş geçmişde galdy, men şu wagt, şu ýerde ýaşaýan diýip, özüňi häkimlik borjundan boşadyp, bagtly duýgularyňa berilseň bagtly bolarsyň. :)
Hiayress
19 май 2022, 18:23
Adamy bagtsyz edýän zat - bu özüniň bagtlylyk möçberini deňeşdirmesi bolsa gerek.
Melike...
19 май 2022, 18:23
Hiayress,
Hany beyle erk hany beyle erada. Gin yerin gurrinini etyaniz :-)
ajy
19 май 2022, 18:25
Rigel,
wah şahsy hat ishlemera mende. chat.islenen.ru sayta gireñokmy?
Hiayress
19 май 2022, 18:26
Melike...,
Iň soň geçmişi üýgedip bolanok, gelejegem görip... Şonuň üçinem näme etjek biderek üýgedip bilmejek zamanlaryňa wagt harçlap. :)
ajy
19 май 2022, 18:28
Rigel,
Wah.. talyp.site-de gireñokmy
Hiayress
19 май 2022, 18:30
Ýene-de adamy bagtsyz etýän zat - bu adamyň adama borç bergileri bolmaly. Ene-ataňa borjuň, maşgalaňa, borjuň, dost-ýaryňa borjuň, söýgüliňe borjuň, jemagatyňa borjuň, Watanňa borjuň, adamzat öňündäki borjuň, hany öz-özüňe borjuň nirede?!
ajy
19 май 2022, 18:32
Meñ şuwagt içimdäki bar derdim. Meretmätdäki ol gymmat süýji tortdan alyp iýesim gelýä arbuz
ajy
19 май 2022, 18:33
Hiayress,
şol borçlary ýerine ýetirýärkäñ ejizlemeli däl, bolaýmasa oz ozuñ borjyñ...
ajy
19 май 2022, 18:35
Rigel,
Chat islenende şahsy gowy ishleyar, myhman bolup barsaña sho yerde 1 2mintjik yazşardyk
ajy
19 май 2022, 18:42
ýazjagamdäldeý size hmh öýkeledim ?
Melike...
19 май 2022, 18:43
Rigel,
Men dertlem bilen jora bolyp gitdima. Olar tarapdan shikayatym yok :-)
ajy
19 май 2022, 18:48
@Otyr agza men şo yerde
ajy
19 май 2022, 18:56
haa o yerde meñ herdurli nikim bar) yazdym ana
OrazMuhammet Aşyrow
19 май 2022, 19:18
Men köplenç diňlemegi halaýan!
Biohimik
19 май 2022, 21:09
Mena gurlejegem dal meninin arzymy esitseniz otyryp aglarsynyz!
Biohimik
19 май 2022, 21:09
3gunde 5kg horlandym(((
Biohimik
19 май 2022, 21:10
Ishdam yok hichili zada howesem galmady depressiyanyn in duybune gacdym shunca cykjak bolup dyrjashyan ishlerim biraz ilerilese ozume gowunlik beribem gowulasyp gitjekle welin....