Tañry salamy

Belki, ýaz heseri urandyr başa,
Ezizow aýtmyşlaý, ýöne keýpine...
Salam berip gördüm şo gün ir säher
Gabat gelen ýadu-ýakyn... her kime.

Käbiri hoş bolup aldy salamym,
Gitdi käsi çiňe-çiňe çiňňere.
Nirede görenin ýatlajak bolup,
Ahmal, aňa zor salandyr birneme.

Käsi gaýtalatdy näme diýýänim,
Käsi geňler galyp bakdy yzymdan.
(Kim bilýär, ätiýaç edendir käsi
Ýanynda sülmüräp barýan gyzyndan).

Ýeri, haýran-haýran seredýäň, jigim,
Näme, senem meni tanamadyňmy?!
Bir asman, bir Ýeri paýlaşyp ýören,
Şol bir gyşy gyşlap, şu toprak üste
Şol birmeňzeş ýazy ýazlaşyp ýören
Aňmadyňmy asyl doganyňdygmy...

Adamlar, siz meni bagyşlaweriň,
Goýan bolsam serde ümüş-tamyşlyk.
Eý, Taňry salamy!
Haçandan bäri
Seniň üçin zerur boldy tanyşlyk?!.

Kakamyrat Rejebow
03.2019
5 лайков 182 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garabufer
16 май 2022, 11:00
Indi käbir adamlaryň häsýeti bolup barýar şu düşinje.

PEYDA ÝOK,SALAM ÝOK
Garabufer
16 май 2022, 11:04

SALAM HEM MODADAN ÇYKÝAR diýdiňmi?
Hawa, köpelipdir ses-üýnsüz salam.
Eliňi ýetir-de gulagyň ýanna,
Arkaýyn geçiber.
Tamam.
Wessalam.

Tanşyňmy, dostuňmy, goňşyňmy kimmi-
Hökmanmyşmy ýanna dykylyp barmak!
Biperwaý kelläni çalaja silk-de,
Geçiber. Geplemek nämäňe gerek.
Ýaşaýarkak tygşytlylyk döwründe,
Her tygşytlan sözüň-bir döwüm çörek...

“Salam!” diýmek-parahatlyk dilemek.
Şol mukaddes sözden güýç alýar zaman.
Arada Pöwrize daglarna çykyp,
Üç gezek gygyrdym: “Salam! Salam! Salam!”

Näçe salam bersem,
şonça-da gezek
“Salam!” diýip, jogap gaýtardy daşlar.
Görýän weli,biziň käbirimizden
Şol daşlaram asyllyrak ýoldaşlar!...
Hiayress
16 май 2022, 12:44
"Salam berdim para däl diýip almady"
Oraz Ýagmyr
Mümkin
Автор 16 май 2022, 12:51
Rigel,
Näme diýdi?
Mümkin
Автор 16 май 2022, 13:35
Nähili sözler?
Maksat
16 май 2022, 17:09
Rigel,
Hemme kişä salam berip ýörmeli däl. Şeýle-de diňe tanyşlaryňa berseň, bolany.
Remezan
17 май 2022, 21:56
Esalamu aleýkum, hormatly agzalar
Mümkin
Автор 18 май 2022, 12:02
Kyýas,
Salam!
GeçerGeldi
24 май 2022, 15:25
SALAM!-şu sözi gowy görşumi bir gun beýan edip bilsedim...

"Dünýä göwün berenlere Salam bermezlik arkaly Salam beriñ!"
Mümkin
Автор 24 май 2022, 19:27
GeçerGeldi,
Salam! :))
Aşaky aýdan sözüñ kimiñki?