Şwesiýa

ŞWESIÝA

Agam ýok, gara-da ýok,
Ganam ýok, ýara-da ýok.
Bir täsin ile düşdük —
Begem ýok, töre-de ýok.

Haýwan adam deňinde,
Adam hudaý deňinde.
Boýnun sallap duran ýok
Patyşaňam öňünde.

Şagal şagal ýerinde,
Gurt ýerinde gurt eken.
Özünde doglan bolsaň,
Ýaşalaýjak ýurt eken.

Ýöne biz bir gelmişek,
Azaşyp ýol salmyşak,
Her täze ýyl toýunda
Aglap dutar çalmyşak.

Şiraly NURMYRADOW.

Çeşme: kitapçy.com
5 лайков 193 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
16 май 2022, 15:36
Bäh...
Şamuhammet
16 май 2022, 19:09
Norwegiýada hem şolar ýaly. Türmeleri dagy Ýewroremontly zatly, içiniň hemme zady üpjün edilen. Pul berip girýärler türmä dagy...
Hiayress
Автор 16 май 2022, 21:50
Jeksparro,
Lüksemburgyň türmesinde naharhana ýokda, türmäniň ýakynyndaky islendik kafeden iýip-içmäge rugsat berilýär. Iýip-içgiň bahasynam döwlet töleýär - diýýär. :)