Şwesiýa

ŞWESIÝA

Agam ýok, gara-da ýok,
Ganam ýok, ýara-da ýok.
Bir täsin ile düşdük —
Begem ýok, töre-de ýok.

Haýwan adam deňinde,
Adam hudaý deňinde.
Boýnun sallap duran ýok
Patyşaňam öňünde.

Şagal şagal ýerinde,
Gurt ýerinde gurt eken.
Özünde doglan bolsaň,
Ýaşalaýjak ýurt eken.

Ýöne biz bir gelmişek,
Azaşyp ýol salmyşak,
Her täze ýyl toýunda
Aglap dutar çalmyşak.
8 лайков 190 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
15 фев 2023, 19:19
??? şol ýerde dogulaýmaly ekenim ???☺️
Retro
Retro
15 фев 2023, 19:39
Ýurdy taşlap nähili gowy ýere barsaňam, ýurduň (dolandyrýanlar) ýagdaýy nähili agyram bolsa Watan küýsetýär. Sebäbi.........(her kimde herhili)

Şwesiýa (şol sanda Norwegiýa, Finlandiýa ýenede binäçe döwleti goşup bolar) aýdylyşy ýaly ýaşamaga gowy ýurt. Şol ýerlerde dogulan bolsaň ol has başga gürrüň.
Owrenyan
17 фев 2023, 11:39
Şu goşgusyny okap, her gezek gynanýan.