Terkiwatan

TERKIWATAN

Däli göwnüm ýör gideli Watana
Onda bize gözi ýolda galan bar
Näzli ýaryň ülkesinde talaň bar.

Ýola bakdym, ýolda dost-ýar görmedim,
Ile bakdym, ilde hosar görmedim,
Göge bakdym, gökden haraý görmedim,
Ýere bakdym, rahat saraý görmedim,
Gijeler möňňürip, säherler aglap,
Elwent deý arkama dutary baglap,
Pyragyň diwanyn gysyp goltugma,
Zyňdym özüm mysapyrlyk holtumna.
Betbagt kädini asyp bilimden
Başym alyp çykdym, garyp ilimden,
Ýat illeriň şemalyna döş gerip,
Ajy ukylarda süýji düýş görip,
Aýralyk käsesin dört ýyllap içdim
Bialaç, bialaç, Watandan geçdim.

Çünki diňe ady galdy Watanyň,
Türkmenistan diýlen bagty ýatanyň.

Ärleriň, şirleriň, pirleriň ýurdy
Bu gün şagal, towşan, syçan dogurdy.
Keseki kerweniň düşende ýoly,
Demin alman aşan depäni doly,
Atyň kellesine torba atylan,
Toýnagyna keçe daňlyp ötülen,
Ýurt nädip höjege çykaýdy birden,
Nädip ýene doldy sütem-jebirden.

Otuz ýedinji ýyl başa düşdümi,
Ýa döwlet başyna jellat geçdimi,
Bu nä tuta-tutluk, nä basa-baslyk,
Yz-yzyna atuw, ekranda maslyk.

Bu toprak üstünden kän duşman geçdi,
Isgender, Timurlen, Çingiz han geçdi.
Türkmen beýle güne düşmändi hern-ä
Ýurt bu gün öwrüldi ullakan türmä.
Bu gün müňden geçdi dereksiz ýiten
Hine bakyp üýrer ajaly ýeten.

Tilki - bütindünýä gülki,
Adam bir oturyp oýlansa ilki,
Beýle wejeralyk, bolmazdy belki,
Gel-gel kim oýnap ýör bigünä halky.

Magtymgulyň elni öpmedik türkmen,
Görogla dyzyny epmedik türkmen,
Mertebeden ýokmy galan-gaçany,
Ýa tutuş il bolup ýurtdan göçeli,
Ýa bile çekeli gamçyň awusyn,
Hem bile aglaly iliň agysyn,
Gijeler möňňürip, säherler aglap,
Elwent deý arkama dutary baglap,
Pyragyň diwanyn gysyp goltugma,
Zyňýan özüm näbellinlik holtumna.
Betbagt kädimi bilimden çözüp,
Ugraýan Watana kysmada dözüp,
Gowusy öz ilimde geda bolaýyn,
Onam başarmasam pida bolaýyn.

Eziz obam sataşmasam bagyşla,
Hassa enem ýetişmesem bagyşla!


Şiraly NURMYRADOW
5 лайков 122 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
18 май 2022, 22:29
"Turkmenin sonuna sogan ekilya" diyibem goshgusy bardymy shun!?
Hiayress
Автор 18 май 2022, 22:31
Soho,
Bilmedim, belki bardyr. :)
Soho
18 май 2022, 22:37
Gel ikimiz orta bir şert goýaly,
Öz agzyňa bir ýum, meñkäde bakma.
Menä diýjegmi diýip içim sowatjak,
Senem gaýrat etde arkama kakma

###

Gije gündiz dek duranok dilimiz,
Ýogsam.ilde,bizden dili kelte ýok...
Öwreniji
18 май 2022, 22:37
Nireli bu awtor we häzir nirede
Hiayress
Автор 18 май 2022, 22:42
Remezan,
Bäherdeňli, bu wagtam illeriň aýdýany çyn bolsa bakyýetde. :)