Aldarköse, döw hem tilki
ALDARKÖSE, DÖW HEM TILKI
Gadym zamanda Aldarköse diýen bir adam bolupdyr. Ol bir gün aýalyna:
— Keýwany, men talap etmäge gitjek – diýip aýdypdyr-da çöl-beýewana çykyp gidiberipdir.
Ol şol gezip ýörşüne bir gün döwe duşupdyr. Aldarköse oňa salam beripdir. Onda döw:
— Şunça salam bermedik bolsaň, seni iki üzüp, bir ýal¬mar-dym. Derrew aýt, atyş gerekmi ýa-da tutuş? – diýipdir.
Onda Aldarköse:
— Atyş ataň başyna, tutuş gerek, döw aga – diýipdir.
— Onuň ýaly bolsa, gel. Ýöne welin, adamzat, janyňa haýpyň gelsin.
— Tutuşan bolup, biri-birimizi heläk edip ýörenden, başga jüre synanyşyp, biri-birimiziň kuwwatymyzy biläýeli, döw aga.
— Nädip synanyşjak bolsaň, aýt, göreli.
— Onda döw aga, her birimiz ýerden bir gy¬sym gum alyp, şony sykyp, ondan ýag çykaraýaly, haýsymyz gumdan ýag çykaryp bilsek, şonuň güýçlüdigi belli bolar.
Döw bu şerte razy bolupdyr. Aldarköse döw¬den ogrynça bir ýerde towugyň ýumurtgasy¬ny gömüp goýýar. Synanyşygy öňürti döwüň başlamalydygyny-da, onuň boýnuna goýýar. Aldarköse döwe garap:
— Gezek seniňki, döw aga, başlaber – di¬ýip¬dir.
Döw ýerden bir gysym gum alyp, bir gezek sykypdyr, hiç zat çykmandyr, ikinji gezek sykypdyr, hiç zat çykmandyr, üçünji gezek bar güýji bilen sykypdyr, emma onda-da öň¬küsi ýaly hiç zat çykmandyr. Ondan soňra döw özüniň synanşygynyň şowsuz bolanyna gynanyp, Aldarkösä garap:
— Köse, indi gezek seniňki, näme gudratyň bolsa görkez, göreli – diýipdir.
Aldarköse bir-iki gezek her ýerden gum alyp gysan bolýar-da, iň soňunda häki gömüp goýan ýumurtgasyny gum bilen garyp gysýar welin, barmaklarynyň aralaryndan ýumurtganyň sarysy akyberipdir. Döw muny görüp, ýerinden tarsa turup, aljyraňňylyk bilen:
— Köse, gudratyňy gördüm, gel ikimiz dost bolaly – diýip, Aldarkösä elini uzadypdyr.
Aldarköse döwüň sustunyň pesligini gö¬rüp:
— Gel, bäri, dost bolsaň – diýip, elini döwe göwünli-gö-wün¬siz uzadan bolupdyr.
Döw Aldarkösä garap:
— Dost, ýör, bize gideli – diýipdir.
Aldarköse ýylgyryp:
— Bolýa, ýör bäri, gitseň – diýip, döwüň öňüne düşü¬be¬rip-dir.
Döw Aldarkösäni öýüne eltip, ony myhman alyp, onuň görkezen gudratyny özüniň aýalyna gürrüň beripdir. Agşam ýatmaly bolanlarynda, myhman üçin myhmanhanadan düşek salýarlar. Döw gije ýatyrka, Aldarköseden edýän howpuny aýalyna aýdýar:
— Ir-u giç şu Köseden biziň başymyza zowal ýetse gerek. Gowusy, ukyda ýatyrka, onuň üstüne dagyň bir bölegini getirip oklaýyn – diýip, aýaly bilen dil birikdirýär. Aldarköse döwüň päliniň geň däldigini ilkagşamdan aňlany üçin, öý eýesiniň özi hakynda eden gürrüňini öýüň daşyndan diňläp eşidipdir. Şoňa görä ol öz düşegini misli adam ýatan dek edipdir-de, özi başga ýere baryp ýatypdyr. Döw bolsa dagyň uly bir bölegini göterip getirip, myhmanyň düşeginiň üstüne oklaýar-da, aýalynyň ýany¬na baryp:
— Kösäniň howpundan dyndyk. Onuň janyny jähenneme iberdim – diýip çişipdir.
Aldarköse öz içinden: «Bu ýerden basymrak gitmesem boljak däl, haçana çenli bu be¬la¬nyň deminden hile bilen gutularyn» diýip oýlanypdyr-da, döwüň edil alkymyna baryp:
— Döw dost, gije meniň üstüme näme ýapdyň? Goýmadyk bolsaň sowukdan ýaňa üşäp he¬läk boljak ekenim – diýipdir.
Aldarköse çaý-suw içip bolandan soň:
— Indi, dost, rugsat bolsa, öýüme gaýdaýyn, ýogsam yzymda mal-garam dagap gider – di¬ýip, hondanbärisi bolan bolupdyr.
«Dag böleginiň astynda Kösäniň bir eýýäm myžžygy çykandyr» diýip, öz içinden begenip oturan döw Aldarkösäni görüp aňka-taňka bolupdyr. Ol öz içinden: «Muňa ölüm ýok ekeni, asyl bu biziň çakymyz däl ekeni, muny basymrak başdan sowaýyn» diýip, gorkusyna läheň humy gyzyldan dolduryp, Aldarkösäniň öňünde goýupdyr-da:
— Rugsatdyr, dost, rugsatdyr, hormat goýup geleniňe sag bol – diýipdir.
Aldarköse döwüň sowgat beren humuny göterip gidip bilmejegine gözi ýetenden soň, bir bahana tapýar:
— Bizde, adamzatda, öý eýesi myhmany ýüki zady bilen öýüne barýança ugratmasa, aýyp görülýändir – diýýär.
Onda döw oňa:
— Onuň ýaly bolsa göterişerinem, eltişerinem dost – diýip, humy goltugyna alyp, Aldarkösäniň öňüne düşüp, loňkuldap, olaryň öýüne gelýär.
Aldarköse döwi jaýyna eltýär-de, özi daşaryk çykýar, döwden gutulmagyň ýoluny agtarýar:
— Keýwany, men odun aýran bolaryn-da, senden: «Naha-ryň ugruna çykdyňmy?» diýip soraryn, sen bolsaň: «Öýden gideniňe iki aý boldy, men gelýänçäm şunuň bilen mydar edersiň diýip diňe iki sanjak döw goýup gitdiň, olary bolsa bir eýýäm iýip gutardyk, indem getiripsiň ýekeje döwi, şony öl-dür, des¬sine bir zat bişirip bereýin» diýersiň – diýip tabşyrypdyr.
Aldarkösäniň aýaly bolşundan-da beter edýär. Döw bolsa är-heleýiň gürrüňini eşidip, «Assa gaçan namart» diýip, ökjäni göterýär weli, Aldarköse-de eli taýakly düşýär onuň söbügine. Şeýdip, bir salym kowalan bolýar-da soň galýar. Şol gaçyp barşyna döwüň öňünden bir tilki çykýar. Tilki ondan:
— Ýeri, döw, nireden niräk aldyranyň bar ýaly bolup bar-ýarsyň? – diýip soraýar.
Döw bolan wakany jikme-jigi bilen til¬kä gürrüň berýär. Onda tilki aýdýar:
— Päheý, ol Aldarkösedir, ol seni aldapdyr, onda kuwwat-da ýokdur, zat-da – diýipdir.
Tilki döwi yzyna eýerdip, Aldarkösäniň üstüne eltmek isleýär, döw bolsa ör-gökden gelýär. Ahyr bolmansoň tilki döwüň öňünde şert goýupdyr:
— Döw dost, eger sen meniň sözüme ynanmasaň, boýnuma ýüp dakyp, ujundan özüň tut-da, git-de otur, aýdanym çyn bolmasa, meni iki üzüp bir ýalmaý – diýip, tilki ant içip awy ýalapdyr.
Döw tilkiniň aýdyşy ýaly edip, niredesiň Aldarkösäniň öýi diýip baryberipdir. Bular obanyň çetinden girenlerinden Aldarköse olaryň gelýändiklerini görüp, eli taýakly uly gykylyk bilen olara garşy ylgap:
— Ha-haýt, kezzap tilki! Kakaň üç döw bergisi bardy. Seň getirýäniňem ýekeje döwmi? Hasapla, kakaň ölenine näçe ýyl boldy? Sen entek bärik bir gel, boýnuňy ýolaýyn – diýip dyzaýar.
Öňem gözüniň ody alnan döw Aldarkösäniň bu haýbatyn-dan soň, içinden: «Bu hilegär şum tilki meni Aldarkösäniň üstüne özüniň ber¬gisini üzmek üçin alyp barýan eken asyl» diý-ýär-de, yzyna bakan ökjäni göterýär. Indi habary tilkiden alyň. Boýnundan ýüp dakylandan soň oňa hine ýa-da çöpe-çöre siňere-de mümkinçilik bolmaýar. Tilkiniň eden gyk-wagyna-da döw gulak asmandyr. Iň soňunda tilki öz emeline özi çolaşyp, döwüň aýagyna eýerip bilmän, bir daşa, bir agaja degip, her tikesi bir çöpüň başyna ilip galypdyr. Şondan bäri döw Aldarkösäniň adyny eşiden ýerinden gaçyp ýörüpdir.
Taýýarlan: Şirinjemal GELDIÝEWA.
Çeşme: kitapçy.com

15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.