HESER KÜÝSEGI

Häzir ýolda bolsaň...
Eden ýalňyşlaň
Ýüregiňe düşüp dursa azary,
Aladadan dykyn bolsa kelläňem,
Göwnüňe-de deglen bolsa mazaly,
Ýeke bolsaň,
Ýakynlaryň birisem
öňüňden çykmasa, açmasa göwnüň,
Yzyn üzmän çilim çekseň üsgürmän,
Howa sowap, çyplaň bolsa hor egniň,
Itler bölmeseler pikir-oýuňy,
Guşlar jürküldeşip “aýdym aýtmasa”,
Hol görünýän oglanjyklar pete-pet
gabatlaşyp, ýaşuludyr öýtmese —
Salam bermeseler, salam almasaň,
Ýoluň dowam etseň telli-pelliräk,
Soňam öňki-soňky armanyň üçin
Bir uludan nagra tartsaň däliräp,
Belki, bir goşgy dörärdi...


Sapa HOMMADOW
9 лайков 187 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
23 май 2022, 10:06
Gowy goşgy. Berekella!
Leyli Amanowa
23 май 2022, 10:07
Bet bolupdyr. Goşga like cilimkesh
Ayjahan
23 май 2022, 12:18
Molatzy! Söýdümmm... goshgy
Leyli Amanowa
23 май 2022, 12:19
AySa
Molatzy! Söýdümmm... goshgy

molodes sözuniň herhilisine gabat geldim yöne beylesini birinji gezek göryän
GeçerGeldi
23 май 2022, 16:11
Döräpdir şo goşgy agasy! Ýürekden ýazlan goşga ýürekden:Berekella!
Margarita
23 май 2022, 17:43
Onda-da gowy goşgy döräpdir. Ýene döredip dur. Ajaýyplykdan doýma ýok.
Öwreniji
23 май 2022, 20:34
Berekella