“EÝ, HESER!..”

Eý, Heser, elheder!
Hyýalymdaky
Keşbe juda-juda meňzeýän Eser!
Damakdaky agy ýaly, gözümiň
Owasyndan daşa dyňzaýan Eser!

Eý, giç gelen Ylham!
Eý, göwni Joşgun!
Saçy özündenem uzyn Gözellik!
Ykbaly özgertjek bagta çalymdaş,
Asmanpisint göwni göwne gönezlik!

Sözleň bilen gowulanýar teň halym,
Köňül kölüm gözleň bilen suwlanýar.
Nazaryňa nyşan bolsa (eý, aman!),
Ýanyp duran o:t üşeýär, suw ýanýar.

Eý, gujagy Behişt!
Hijrany — Dowzah!
Kebzelemden ganat çykdy — uçdum men.
Eý, özi bir Dünýä!
Pany dünýäniň
Höwesinden birmahallar geçdim men...

14.06.2022ý.


Sapa HOMMADOW
12 лайков 302 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Margarita
14 июн 2022, 08:52
Ýaňy tamdyrdan çykan gyzgynja goşgy eken. Gowy çykypdyr.
Gumly gelin
14 июн 2022, 09:41
Ine,hakyky Sapa.Soñky döwür birazajyk bady gowşan Sapadan bu goşgyny okamak juda ýakymly geldi.Höwri köp bolsun şeýle heserli eserleñ.
MIZ Tv
14 июн 2022, 10:21
Oz ozuni basga niklerden gelip owdun oytyan:)?
Gowja gosgy:)
Gumly gelin
14 июн 2022, 10:30
MIZ TV,
Toba...gowa gowy diýmekdenem çekinip ýörmeli bolaýdy öýdýän.Aslynda Sapa õwgä mãtäç adam dál.Edebiýatyñ hatyrasyna,hemem awtoryñ azabynyñ hatyrasyna birki agyz hoş sözi her bir edebiýaty söýüji aýdyp biler.Muñ üçin özüñ özüñi öwmek hökman dàl.
Kiçijik degişmáñe düşünmedigim üçin bagyşlañ:)
Hiayress
14 июн 2022, 10:30
Şunuňa biçem däl, berekella. Gowy çykypdyr.
Aksary
14 июн 2022, 12:53
MIZ TV,
Öz özüni öwen yok bu yerde gadyrdan
Ötegçi
15 июн 2022, 00:35
Eý, gujagy Behişt!
Hijrany — Dowzah!
Kebzelemden ganat çykdy — uçdum men.
Eý, özi bir Dünýä!
Pany dünýäniň
Höwesinden birmahallar geçdim men. brawo brawo brawo
Massimus
15 июн 2022, 05:36
Bravo afr
Esma
15 июн 2022, 16:35
Ajaýyp goşgy. Sizden şeýle goşgulara garaşýas.