Jadygöý

Bu niçiksi jadygöýlük,aýtsana?!
Yşkyñ bilen gelen ylham başgamy?
Birmahallar gökde saýan goşgulam
Ýuwaş-ýuwaş ýere düşüp başlady.

Keýpim des-deñ Ezizowyñ "Keýpine",
Geýýän başa "Saturnyñ halkasyn"
"Saña ne döw çaldy?" diýýär joralam,
Şol "döwe" müñ kerem tañryýalkasyn!

Ýeriñ ýarygy-da bahana kalba,
Soñky günler çendenaşa gülek men.
Düşündim dünýäme girmedik çaklañ
Ýylgyrşymam däl ekeni ýürekden.

Ýakyn dostum boldy yşky aýdymlar
Hiñlenýärin,unutdyrdyñ gaýgy nä?
Sesimiñ orny bar giñ tebigatda
Bilbilmişim,gargamyşym parhy nä?

Günde müñ gez gaýtalaýan, şondanmy
Gulagyma yssy gelýär adyñam.
Eger jady bolsa,haýyş edýärin:
Jadygöýüm,açma meni jadydan!

Mahym Nurgeldiýewa

14.06.2022.
5 лайков 182 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 14 июн 2022, 10:53
Gyzgynjak goşgudyr,eliñizi ýakaýmañ! :))
Hemişeki bolşy ýaly, tankyda açyk.
Mümkin
Автор 14 июн 2022, 11:00
Hemedany,
Sagady bilmedim-äý.Ot ýygyp ýörkäm kellede ýazyldy.Soñam soñky bentlerini ýazdym.Ýazyp-ýazmakamam şu ýere goýdum.
Hiayress
14 июн 2022, 14:01
Gowy goşgy bolupdyr, berekella.
Soho
14 июн 2022, 14:02
tuweleme, shu gunler:a joshyan sen
Aksary
14 июн 2022, 20:53
Ömrüñ bolsun
Ötegçi
15 июн 2022, 00:37
Berekella!