Bir günde iki goşgy

Nätmeli?
(özüme)


Şübhesiz,sen meniñ gözlänimsiñ.
Şolsuñ!
Ýöne men seniñ gözläniñmikäm?

Nätmeli?
"Ine,tapdym!
Ol sen ahyr" diýeñde
Nazarlary garap dursa biperwaý.
Söýen ýüregiñe girmeklik üçin
Dowam edip bilersiñmi tijenmäñ?

Umydyñy syndyrarmyñ synlasañ,
Gözlerinde sorag alamatyny?
Çekip bilersiñmi ýeke başyña
Iki kişiñ söýgi garamatyny?

Nätmeli?
Nätmekden saklasyn Hudaý!
Seriñde eýýämden aýdymka ady,
Yssy mähre teşne bolup ýörşüñe,
Sowuk sözleriniñ üşetse dady.

Gitmelimi?
Alajyñ ýok gitmeli.
Onuñam söýmegi hökmanmydyr nä?!
Senem birmahallar "Sen şolsuñ!" diýen
Ýigitleriñ göwnün ýykmanmydyñ nä?!



Minnetdarlyk

Kämahallar käýinýärin özüme:
Nämä derkar ol günleri ýatlamak?
...Ýylgyrdyñ,ýanymda gülledi zemin,
Ýalbardyñ,ýadymda goýduñ ýatlama.

Şeksiz ynandyryp "aşyklygyña",
Salym döretmezdiñ ýürek gysmaga.
Desse-desse gül gujaklan gollarym
Uzadaýsam ýetjek ýaly asmana.

Onsuzam,ganata gowuşan göwnüm
Alty gün gökdedi,ýeke gün ýerde.
A soñ?
Yzy niçik boldy diýýärmiñ?
Kapyýalar uçup başlady serde.

Wagtyndan giç gelen aklym kösedi,
Gözlerimem gapyl boldy görerden.
Irde-giçde terk edýänler ekeni,
Söýmän,yşky endik saýyp ýörenler.

"Mahym-Tahyr" kimin beýik söýgüniñ
Aşmadyk bolsagam çygyrlaryny,
Sag bol,uç-gyraksyz ylham eçilip,
Ýazdyranña söýgi şygyrlarymy.

Mahym Nurgeldiýewa

11.06.2022 ý.
7 лайков 182 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 12 июн 2022, 10:22
Birinji goşguñ başyndaky üç setir goşga degişli däldir.EPIGRAFDYR.
Epigrafyñ ýazylyşy ýaly edip ýazdymam welin şeýle çykypdyr.
Eger moderler düzedip berseler,ullakan "Tañryýalkasyn"aýdardym.
Gauzen
12 июн 2022, 10:40
Gowy goşgy berekella
Mümkin
Автор 12 июн 2022, 11:05
Hemedany,
Şeýle bolsa-ha gowy zat :))
Aksary
12 июн 2022, 11:38
Berekella

Mahymyñ soñky goşgulary şowly çykýa.
Hiayress
12 июн 2022, 12:27
Yssyda ylham sil bolup çoşýar. :D
Ötegçi
13 июн 2022, 12:45
Minnetdarlygyñ, oñam soñky kupledi haaaas govy cykypdyr?