Hiç kimiň umydyny çürkemäň

Patyşa gyşyň aňzakly sowuk gijeleriniň birinde nobatçy duran esgerden:

– Üşäňokmy? – diýip sorapdyr. Esger:

– Men öwrenişen, patyşahym! – diýip jogap beripdir.

Patyşa:

– Dogry, ýöne şonda-da ýyly geýinmeli. Häzir men serkerdäňe aýdaryn, egniňe atynar ýaly ýylyrak bir zat getirip bererler – diýipdir-de ötägidipdir. Soňra patyşa esgere beren sözüni ýatdan çykarypdyr.

Ertesi gün ýaňky esgeriň doňup galan jesediniň üstünden barypdyrlar. Esger jan bermänkä diwara şu sözleri ýazyp ýetişen eken: «Patyşahym! Men sowuga öňden bäri hem öwrenişendim. Meni öldüren zat siziň «ýylyrak bir zat getirerler» diýip aýdan sözüňiz boldy».Ant içip, awy ýalap adamlary umytlandyrmaň. Adamlary asla beýle synaga duçar etmäň. Sebäbi adamyň garaşdygy saýyn öňküligi bolmaýar. Garaşdyrýan adamyňyz siz hakda soňundan ömrylla öçmejek ters pikirler etmäge mejbur bolýar. Şeýdip, ilki bilen onuň umydy öldürersiňiz. Munuň yzysüre bolsa, söýgi, sylag-hormat, ynam… ölýär. Adama ähmiýet berýän bolsaňyz, özüňiz hem adam boluň. Hiç kimiň umydyny çürkemäň!
8 лайков 137 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ayjahan
12 июн 2022, 13:30
+++
DonMaxx
13 июн 2022, 01:37
berekella Remazan aga yetirip durun+++
DonMaxx
13 июн 2022, 01:40
*Remezan (doglan gunde kopirak gidipdir))) alkash
Öwreniji
Автор 13 июн 2022, 03:29
DonMaxx
*Remezan (doglan gunde kopirak gidipdir))) alkash

Menem taýýarlanýan özä içmelimi dämi