ÝAT ÝERE GYZ BERMÄŇ!

Wah, ne gözel maşgala,
Keşde çekse sünnälän.
Bigadyra duş bolup,
Görýän güni gün däl-ä!

Belki, Allaň buýrugy
Arzuwynyň paşmany.
Basýar onuň egninden
Ýat illeriň asmany.

Bagt diýlen zat berlenok
Gözýaşa ýa badaga.
Indi gyzyň yhlasy
Şu ojaga sadaga.

Käbir gyzyň gylygy
Açmaýar hiç ýüregni.
Ynanýar hossaryna
Ykbalynyň küregni.

Dillenmegi kyn görer,
Bir utanjaň — ýazygy.
Üme düşmez eşitmez
Gyz kalbynyň sazyny.

Gyzy oda atanyň
Ýandak bitsin meýdine!
Günä galmak bolarmy
Bu döwürde beýdibem?

Gaýynlary öwse-de,
Hoş ýakanok gulaga.
Ýöne ile bildirmez,
Günlerinem bulamaz.

Bu öý bilen garyşar,
Çeker ýörer keşigni.
Ýuwar-ardar äriniň
Dolagyny, eşigni.

Söýgüsizem sebäp bar
Döremok, dogulmaga.
Ýüzi düşer bäbege:
Gyzlara, oglanlara.

Kem-kem ýatdan çykyşar
Arzuwlarnyň paşmany.
Häzir welin, egninde
Ýat illeriň asmany.


Çary ÝEGENMYRADOW
16 лайков 206 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
13 июн 2022, 02:14
bosh durmasyn . (nokat) swist
Ötegçi
13 июн 2022, 10:49
Yuksek yuksek tepelere ev kurmasunlaar,
Aşri-aşri memlekete kiz vermesinler....