Däliñ akyl bilen duşuşygy


Arada bazarda geň birini gördüm. Öz-ä bir horja, egninde-de köneje eşigi. Ol her geçeniňem alkymyna dykylyp barýar, mümkin hyzmatyny hödürleýändir-dä. Her kim oňa: "Özümkini nätjegimi bilemok" diýýär-de deňinden geçiberýär. Käbiri-hä: "Bar, göläňe dogra" diýibem azgyrylýar. Her kimiň derdi özüne ýetik, her kim ondan elli bizar. Ahyry ol ýoluň gyrasyna geçip, aglamaga oturdy. Oňa nebsim agyrdy. Näçe gündir, içinden ýyly geçene meňzänok, bolmanda göwünlik bererin. Göwnüm ýetse garnynam doýursam doýuraýaryn diýip pikir etdim. Baryp başyny sypalap, "Näme beýle gözüňden boýur-boýur ýaş dökýäň? Näme derdiň bar?" diýdim. Ol elini salgady-da hynçgyryp-hynçgyryp, agyň arasyndan: "Sen geçiber. Saglar menden bizar, Däli meni başyna ýapsynmy?" diýdi.
-Beý diýme, how. Dälide-de göwün bar. Men-ä saňa dözmän geldim. Saňa kim diýerler?
Ol başyny galdyrdy. Bäh, onuň gözleriniň çuň hem mähirlidigini Akyl diýlen mähirli zat bolýan eken-ow. Ol gözýaşyny sylyp maňa jogap berdi:
-Men Akyl. Iň köp hem iň gyt, iň halanmaýan, hem iň gözlenýän zat men.
-Şondanmy akylyň köp-de, akyllynyň azlygy?
Bu sowalyma Akyl görgüli hasam bozulyp: "Hawa, däli gardaş, şondan, şondan" diýdi-de, ýüzüni tutup, eginlerini silkip-silkip has beter aglamaga başlady.
-Hany diňsene, seň Akyllygyň nire, beýdip ejizläp durmaň nire? Akylam bir akmak meni almady diýip aglarmy?! Bu bir tebigy zat ahyry. Seň Akyl bolup şuňa düşünmeýşiňe men haýran.
Akyl zordan aglamasyny goýdy.
-Ýalňyz galdym. Her kim meni süňk duşmanydyr öýdýär. Näçe akmak bolsaň, nadan bolsaň şonça-da bu dünýede ýaşamak aňsat diýen düşünjä uýýarlar.
-Dagy näme ýalanmy? Akmaklykdan geçip däli bolsaň dagy hasam hezil.
-Seň bu gürrüňiň kör bolsaň hezil, seni idekleýärler, barjak ýeriňe äkidip getirýärler, iýjegiňi bişirip öňüňde goýýalar, hat-da köçedenem geçirip göýberýärler diýen ýaly bolýar. Emma, gel, beýle hezil bolsa gözüňi oýaýyn diýseň bir kişem etmez.
-Gözlüligiň nämedigini köre düşündirersiň, ýöne akylyň nämedigini akmaga nädip düşündirjek?

(Dowamy bar)
4 лайков 111 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
25 май 2022, 07:08
Dowamyna garaşýan