Däliň Akyl bilen duşuşygy

(Dowamy)


Nädersiň Akyl bu sowalyma jogap tapyp bilmän başyny aşak sallap duruberse. Däliň akyldan döwi güýçli diýildigi şu bolýandyr-da. Ýöne dogrymy aýtsam bu "ýeňşimden" hoşal-a bolmadym. Akyla nebsim agyrdy.
Şol wagtam aňyrdan goşarlary tüýlek bir daýaw pyýada geldi-de ýaňky biçäräniň berdi eňeginiň aşagyna. Görgüli ýere ýazylyp gitdi. Dälem bolsam meňem tas ýüregim ýarylypdy. Ejiz bijäre ýene dikeldi. Dikeleni bilen ýaňky doňýürek paýyş sögüp, ony ýene-de urdy. Akylyň agzy-burny gara-gan boldy. Sary giden köneje köýnegi ganyna boýaldy. Ol şonda-da ýene dikeldi.
-Men saňa näçe diýdim, şu taýlarda görünme diýip. Näme meň müşderilerimi elimden aljak bolýaň. Gepe düşmez haýwan.
Men durup bilmedim. Akyly bu ýyrtyjynyň elinden aldym.
-Ýör, how, gideli bu ýerden. O seni öldürýär ýogsa.
-Dagy näme?! Öldürerin, ýene bir gezek elime düşäýse öldürerin.
Akyl sesini çykarman meniň yzyma düşdi.
-Kim-aýt, o ganhor?
-Nadanlyk.
-Aý, goýa. Bolasy, ýüzi tanyş göründi-le.
Men gaňrylyp-gaňrylyp nadanlygyň ýüzüne seretdim. Göräýmäge ony beýleki adamlardan tapawutlandyrar ýalam däl. Onda birhili nadan sypat ýokdy. Onuň gyzyl dişleri, mahabatly ýöreýşi, ýakymsyz gülküsi bardy. Hem özünden juda hoşaldygyny aýdyp duran gözleri sowukdy. Näme-de bolsa ondan daşyrak duran ýagşy.

Soň men horlugyndan süňk bolup galan biçäre Akylyň ganyny ýuwup, nahar-şor berdim. Ol aglamasyny goýsa-da kä wagt hynçgyryp: "Maňa sag dal, däli hossar çykar diýip asla pikirem etmeýärdim. Özüm Akyl bolsamam şoňa aklym ýetmändir" diýip, göwresine geliuşmeýän gazan kellesini ýaýkaýardy.
-Ýaňky waka düşünmedim-le, sen nadanlykdan ýeňiläýdiňmi?
-Häzirlikçe ýeňildim. Ýöne Sowat diýen diýen dostum bar, şol gesin. Oň ýanynda nadanlygyň demi çykmaz.
-O dostuň häzir nirede?
-Düýn turistik syýahata gitdi.
-Şoň gidenini bilip, ýaňky Göroglylyk satýarmy, onda?!
Akyl başyny atdy-da soňam: "Senem Däli bolsaň däliligiň bilen geziber. Däliden sorag ýok. Däli halyňa akyllysyrap ýörme, ýogsa..." diýdi-de dymdy. Ol sözüni gutarmansoň, näme diýjek bolanyna düşünmedim. Bir akylly zad-a aýtjak boldy, ýa-da aýtdy welin, däli kelläm düşünmedi.
Soňam Akyl meniň bilen hoşlaşdy-da öz ýoluna gidiberdi. Dagy, daliň ýanynda akyl uzak durarmy diýsene. Käwagt ony şeýle bir göresim gelýär. Köçe-köçe enteýän, ýöne oňa hiç duşup bilemok. Sowat dosty syýahatda köp eglendimi, ýa-da onuň özem gezelenje ötägitdimi, bilmedim. Birden duşsaňyz maňa habar bereweriň. Onuň bilen ýamaşgan oturasym, ondan köp zatlar sorasym gelýär.

Hydyr Amangeldiýew
3 лайков 78 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.