Ozal akan ýerden akarmyş aryk
Bir müň dokuz ýüz dördünji ýylyň gyşy uzaga çekdi.
Gazaply geldi. Ygally boldy. Agyr düşüp, toprak bilen
bile saň gaty doňan gar geljek ýylyň hasylyny şu günden
azar edinýän daýhanlary begendirse-de, eli, ýapynjasy
ýukaraklary alada goýýardy. Öýüňden tüsse dowamly
çykyp durmasa, burnuňy çekip oturmak aňsat däl. Ýöne
indi gyşam soňuna syrygýan bolaýsa gerek. Ýandakdan
basylyp edilen agyllaryň ygynda, ýylgyndyr gandymlaryň
düýbünde, gum depeleriniň güneýinde iňňäň ujy ýaly
bolup dürterip çykan gyrtyçlar basym geljek joşgunly
baharyň buşlukçylary ýaly bolup jyklaşýardylar.
Düýn giç öýlän deňiz tarapdan lemmer-lemmer bolup gelen gara bulutlar howany biraz ýumşatdy. Öňden
gidenleri barjak ýerlerine ýeten bolara çemeli, hereket
dykyn alansoň, yzdan ýetişen bulutlar öňdäkileriň üstüne münüp, gatlanyp gidip oturyşyna, Günüň öňüni
tutup, howany garaltdy. Daňdana golaý gök gübürdäp,
ýyldyrym çakdy. Bu güpür-tapyrlyk daň saz berýänçä
dowam etdi. Birdenem asman ähli suwuny döken ýaly,
dünýäni suw-sil edip, çabga geldi...
Ýeriň ýüzünde nämeleriň bolup geçýänligini görmäge gyssanýan ýaly, Günem lowurdap dogdy.
Gara öýüň ortarasyndaky ojakda alawlap ýanýan otdan nazaryny sowman oturan ýaşy elli çemesi, süňkbaşy
iri, ýüzi nurana kişi egnine ýasgynjak atynan possunynyň
ýakalaryny çekişdirip, syýyny ýygnap, has-da tijendi. Bu
pursat ol kişiniň keşbi intizar zadyna ýeteniňkä meňzese-
-de, onuň garaşýany bahary getirýän ýagmyryň şapyrdysy
däldi. Ol başga habara garaşýardy.
Edil şol demde gara öýüň bäş ädim öňündäki daş
tamyň gapysy şarkyldap açyldy-da, işigiň eňsisi serpilen gara öýüň bosagasynda Enebaý ejäniň äpet göwresi
peýda boldy. Gapa gapak bolan göwre içerik girmäge
hyýal edäýse, nädip sygarka diýip alada etdirýär. Ýöne ol
içerik girmäge meýil etmedi, henizem diňmedik ýagşa-da
bakmady. Ol söýä ýapyşan elleri bilen awuna topuljak
bürgüde meňzäp durşuna, diňe kellesini içerik sokdy-da:
– Anna serdar, buşluk, ogluň boldy! Berildigi bolsun!
– diýip, çasly sesi bilen gygyrdy.
– Agzyňdan Alla eşitsin. Aýdanyň bolsun, Enebaý!
– diýip, Anna aga-da tolgunyp seslendi.
Dyňzap gelen şatlyk onuň damagyna doldy-da, gözleri nemlenen ýaly boldy. Ol: «Ýaş gaýdyşyp ýör öýdýän,
ýürekler juda ýukalan bolsa gerek» diýip içini gepletdi.
Tolgunmadan ýaňa ol birbada şeýle pursatlarda uzyn gije
taýýarlanyp oturan etsem-petsemlerini-de ýadyndan çykardy. Ýöne jahany ýagtyldan Günüň şöhlesini gapydan
öýe goýbermejekdigi görnüp duran Enebaýa bir zatlar eçilmelidigi hakydasyna geldi. Ýassygynyň aşagyndan
pul düwlen dört sany ak ýaglygy çykaryp, ýeke-ýekeden
Enebaý ejä uzadyp ugrady.
– Ine, bu buşlugyň. Ine, bu göbegenäniň
taňryýalkasyny (ol has gabarakdy). Bularam beýleki
gelinlere berersiň...
– Döwletiň artsyn, Anna baý!
Ol dünýä inen çaganyň kakasynyň eliniň açykdygyny
bilensoň, ýaglyga düwleniň öz eden çakyndan has
artykdygyna göz ýetirdi. Ol dylym-dylym edip durşuna:
– Dogranyň haky ýokmy? – diýip degişdi.
– Dünýä şonuňky bolsun!
– Dünýä-de dünýädir welin, altyn-kümşem ýatdan
çykarma!
– Heý, goç ogul dogrup berenem ýatdan çykaryp
bolarmy, Enebaý?! Biziň göwnümize ýeteniň göwnüni
şat etmek biziň bilen.
Enebaý eje bu goh-galmagala oýanyp, ýorganlarynyň
üstünde oýaly-ukuly gözlerini owkalap oturan Aba bilen
Ýusupberdä:
– Balalam, ogul jigiňiz boldy! – diýip, lak atdy-da,
täze dogan çaganyň sesi çasly çykýan tama tarap döndi.
– Ýatyberiň, ogullam, ýatyberiň. Hudaýa şükür, ogul
jigiňizem boldy – diýip, Anna aga çagalary ýerlerinde
ýatyryp, üstlerini ýorgan bilen mazaly örtensoň, bagana
possunyny egnine atyp, daş çykdy.
Ýagyş birden başlaýşy ýaly, duýdansyzam diňipdi.
Indi ýöne owunjak tozgalap, çisňäp dur. Ýagan ýagyş
ýyly hem suwly bolara çemeli. Ol ýerde ýatan garlary
eredip, ýeriň ýokary gatynyň doňuny çözene meňzeýärdi.
Anna aga goýunlaryň ýatagynyň, at baglanan
teblehananyň, jüp öküz daňlan teläriň, gütürdedip ýandak iýýän düýeleriň taşasynyň daşyndan aýlanýandyryn
öýtse-de, ol, esasan, käte çaga sesi eşidilýän tamyň
töwereginden uzaklaşmaýandygyny aňşyrdy. Perzent
şatlygyny öň iki gezek görenem bolsa, bu gezek dünýä
inen çaga oňa üýtgeşik duýgular bilen onuň kalbyna
doldy. Juwaza goşulan ýaly şol bir öwrümini gaýtalap
durşuna, hyýalynda ýaňja dogan çaganyň näzijek ellerinden tutup, al-elwan gülleriň hoşboý ysy ýaýran sähra
tarap ýöriş etdi. Çaga bilen söhbet etdi, onuň berýän
tükeniksiz sowallaryna jogap agtardy. Bu muhabbetden
ganyp bilmedi, ýygy-ýygydan dyňzap gelen duýgularyň
damagynda dykylyp durandygyny syzdy.
Gara bulutlar ýagjagyny ýagyp syrylansoň, täze dogan nurly Günüň şöhlesi has ýiti, bütinleý başgaça bolup
göründi. Olam Anna aga şatlykly bir habary buşlaýan
ýalydy. Bu gün Anna aga täze dogan Güne Taňry salamyny berdi, ony gaýta-gaýta ýüzüne syldy. Bu zatlar
onuň özünden biygtyýar bolup geçdi...
Sygyryp gelen gyş öz ornuny läle-reýhan bahara
berip gitdi.
Yzgant obasynda Anna Gök baý oglunyň aýratyn
abraýy, hormaty bardy. Gökdepe söweşinde görkezen
batyrlygy we edermenligi üçin onuň adyny, köplenç,
Anna serdar diýibem tutardylar. Ýogsa ol asly, gelip
çykyşy boýunça şol döwrüň gurply daýhanydy. Bütin
Ahalda Anna agany sowatly, okumyş, türkmen halk döredijiligini gowy bilýän adam diýip tanaýardylar. Käbir
eserleri onuň diňleýjilere ýatdan aýdyp bermesem bardy.
Anna aga özbaşdak okamaga we öz bilim-düşünjesini
artdyrmaga köp wagtyny sarp etdi, şonuň ýaly-da oba
çagalaryna ýazmagy we okamagy öwretdi. Onuň ady
kitaphon adam hökmünde has uzaklarda-da tanalýar.
Elbetde, onuň şeýle kitaphonlygyna hemme adamlar düşünibem baranokdy. Bir ýerlerde del kitap bar diýip
eşitse, ähli işini taşlap, uzak ýola gidýän we şol kitaby
satyn alyp gelýän pursatlaryny eşidýän käbir adamlar
muny aňlamazdylaram. Hatda satmaga diýip äkiden
üzümini çelpek ýaly ýukajyk kitaba çalşyp gelen pursatlary, hersi sowgada garaşyp oturan maşgala agzalarynyň
hem hymy-symysy bolman duranokdy. Şeýde-şeýde
ol iki sany äpet uly sandyk dolusy kitap, golýazma, öz
pikir-garaýyşlary ýazylan doly hazyna döretdi. «Akyl
sandyklary» hazynasy...
Ine, sandyklaryň eýesiniň sandykda ýazyp goýan
käbir pikir-parasatlary:
– adamyň başarnygyny onuň eden, bitiren bir
işindenem bilip bolar, häsiýetini welin köp ýyllaryň
dowamynda hem öwrenmek kyndyr;
– bir kişini uly meselelerde synagdan geçirip tanap
bolmaz. Onuň hakyky häsiýeti özüne erk edip bilmeýän
pursady, kiçijik işleri ýerine ýetirýän mahaly ýüze çykýar;
– husyt baý eli ýuka pukara adamdan has garypdyr.
Onuň baýlygy onuň gysgançlygyny ýeňip bilmez.
Aza kanagat etmegiň özi baýlykdyr. Husyt baýa öz
baýlygyndan ony ýitirmek gorkusy has köp berilýär;
– ýalňyşmaýan adam akylly däldir, ýalňyşyny gaýtalamaýan adam akyllydyr;
– senden gorkýan adamdan gork. Gorkýan bolsaň
– aýtma, aýdan bolsaň – gorkma. Biziň gorkymyz
duşmanlarymyzyň batyrlygynyň gözbaşydyr;
– ogry içerde bolsa, gulpdan ne peýda;
– ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är gögär;
– sebäbini ýok etseň, kesel ýanyňa gelmez...
Anna aga diňe kitap, golýazma däl, eýsem şygyr
bilýän, dessan aýdýan, rowaýat sözleýän göýendeleriň
dilinden çykanlary ýazyp almagy, toplamagy, ezizläp
saklamagy ömrüniň ahyryna çenli goýmady. Çagalykda bäş-alty ýyl molla gatnan hem bolsa, ol
sowadyny, esasan, özbaşdak okap aldy, okamagy, ýazmagy öz zehini bilen öwrendi. Dini mekdep diňe arap
sözlerini ýat tutmagy, ýat tutan sözleriňi okamagy öwredýär. Munuň gowy tarapy – arap elipbiýini öwrenýärsiň.
Anna ýazmaga, onda-da türkmençe ýazmaga ökdeledi.
Haçanda ol eline düşen kitaplaryň ýüzüne seredip,
adamlaryň oýuna-hyýalyna gelmejek zatlary okap beren
mahaly, töweregindäkiler agyzlaryny öweldip galardy.
«Bu zatlary özüňden nädip tapýarsyň?» diýip, geň galardylar. «Özümden däl, kitapdan okap öwrenýärin»
diýip ynandyrmak aňsadam däldi. Çünki şeýdip kitap
okap oturan molla bu obada şo eýýamda bolmandy.
Anna bilim-sowady aňyna mazaly agram salyp
ugranda, oglan okadyp başlady. Şu wagtky çaga dünýä
inen tam mekdep otagy bolupdy. Anna aga ony «meýletin
mekdep» diýip atlandyrýardy. Sebäbi mekdebe öz islegiň
boýunça gelinýär, islemeseň, mejbur edýän ýok. Hatda
olaryň arasynda okuwa käte bir gelip-gidýänem bardy.
Ara esli wagt salyp, soňra ýene dolanyp gelip, aýdylýanlary aňlaman, agzyny öweldip oturanlar hem bolýardy.
Anna aga okuwyň, sowadyň durmuşdaky ähmiýeti, zerurlygy barada köp öwüt-ündew etse-de, zorluk çägine
geçmezdi. Adamlaryň arasynda: «Äl, şü Anna serdaryň
göwrümi giň-ow, asyl deňiz-derýa ýaly adam. Başga
biri bolsa, jibrinip jigirdek bolardy, bu bolsa ýylgyryp
oňaýýar» diýip, gürrüň ederdiler. Olar seniň içki dünýäňi
bilmeýärler, asla ony bildirjek bolmagyň geregem ýok.
Anna aga öz başarnygyny oglan okatmak, çagalary hatly-sowatly etmek üçin gysgananok. Aslynda ol
«meýletin mekdebine» gelýän çagalary öz perzentlerinden aýry görmese näme! Anna aganyň okadyş usulam
üýtgeşik. Hasabam öwredýär. Gamyşdan ýasalan dürli hasap taýajyklary öwredilýän sapagyň çagalaryň aňynda
berk galmagy üçin gerek. Ýa-da, ine, aşykly hasap...
Mugallym Merediň eline ýedi sany aşygy sanap
berýär:
– Men saňa ýedi sany goýun berýärin. Näçe sany
goýun berdim saňa?
– Ýedi aşyk.
– Ýok, men saňa ýedi sany goýun berýärin, näçe
goýnuň bar?
– Ýedi aşygym... Wiý, ýedi goýnum bar, mollam!..
– Dogry, ýedi goýun. Men saňa ýene iki sany goýun
berýärin. Indi seniň goýunlaryň sany näçe boldy?
– Ýene iki aşykmy? Wiý, iki goýun. Hm...
Aşyklary ýeke-ýeke sanap çykan çaga:
– Dokuz aşyk, mollam! – diýip, şatlykly seslenýär.
– Hä-äk, oglum, bu bolşuňa ömrüňi aşyk sanap
geçäýmeseň ýagşydyr.
...Başga bir gezek okuwçylaryň ekabyrragy:
– Anna kaka, bize diňe goşmagy öwredýärsiň-laý!
Aýyrmagy öwretjek dälmi?
– Aýyrmagy durmuşyň özi öwreder, oglum. Men bir
size goşmagy öwredeýin.
Oba arasynda üýşmeleňde, toý-tomaşada, söhbetdeşlikde az, ýöne uz gepleýändigi üçin märekede
soňky söz Anna aganyňkydy. Köplenç, onuň agzyndan
çykan söz birbada ters pikir ýaly bolup eşidilse-de, soň
ol aýdylan gep her kesiň ýüregine jüňk bolaýardy.
Il arasynda şeýle gürrüň bar. Kimdir biri märekede
oturanlara şum habar getirýär:
– Pylan baýyň pylan guýudaky sürüsine gurt ordasy
darapdyr. Süriň üçden birini paýhynlap gidiberipdir,
gyran degenler.
Her kim gynanjyny daşyna çykarýar. Biri başyny
ýaýkaýar, ýene biri «juk-juk» edip, ahmyryny sözsüz
beýan edýär. Habary eşitmedik ýaly bolup oturan bir
adam bar, şondan soralsa, onuň üýtgeşik pikir aýtjagyny bilýän adamlaryň köpüsiniň gözi şonda. Ahyry
oturanlaryň biri çydap oturyp bilmän:
– Anna baý, seniň sesiň çykmady-la? Sen ne diýýäň
bu bolan ahwalata? – diýip, öz howsalasyny duýdurdy.
– Aý, süriň üçden biri elden giden bolsa, siz begeniň!
Barysyny gyranam bolsa, bedasyllara etjek alajyň bolmaz. Galanyny aldyrmajak bolmaly.
«Süriň üçden biri gyrlan bolsa, munuň nämesine
begenjek?» diýip, ilki kürtdürip duran adamlar soň
ýuwaş-ýuwaşdan:
– Aý, hawwaýt, ol hajymelikler sürini durşuna pürreläp giden bolsa nätjekdiň? Anna baýyň aýdyşy ýaly,
muňa-da şükür etmeli. Hudaýyň özi beterinden gorasyn...
Onsoň haýsy ýyl kimiň sürüsiniň «soňuna sogan
ekilendigi», haçandyr bir mahal pylan baýyň müň baş
dowarly sürüsiniň çopanynyň mallary gelegurtlara şam
edip, taýagyny süýräp, oba sopbaş gelendigi baradaky
gürrüň ýatlanar.
Ýa-da ýaňy daýhançylyga başlan ýigitleriň häli-şindi
berýän sowallarynyň biri:
– Anna kaka, bu ýyl jöweniň hasyly gowy bolarmyka?
– Bu ýyl jöweniň hasyly bol bolar, inim! Gowy bolar.
– A gowy bolmasa?..
– Gowy bolmasa, ondanam gowy bolar.
– O nähili?
– Seňki bolmasa, jöweni bitgin bolanyňky has gymmat bolar-da...
– Aý, Anna kaka, nädýäň-aý!
– Meniň edýän zadym ýok-la. Özüňe seret. Eken
zadyňa «hasyly gowy bolmaz» diýip betgüman bolup
garaşsaň, dogrudanam, ol gowy bolmaz. «Ýagşy niýet
– ýarym döwlet» diýendir könelerimiz.
– Bä-ä, şunyň-a dogry-how, Anna kaka! Biziň dilimizde serhet ýok bolarly. «Agzyňy haýra aç» diýsene...
Anna aganyň neberesinde türkmeniň ähli ugurlaryna
bap gelýän kişilikli adamlaryň bolandygy belli. Gylyç
gemren, galkan geren ärlerem, onlap sürüsini her gün
örä ýaýradýan maldaram, bedew at dabradan seýsem,
emel salan pälwanam, daýhanam bardy. Daýhançylyk
has ýaýrawly we zerur kärdi. «Odam bolsa, azal sapyn
sypdyrma» diýen sözleri Anna aganyň özem köp gaýtalaýardy.
Şejere daragtynyň köp sanly pür-pudaklaryndan
olaryň bitiren işleri, başarnygy barada ýatda galan hatyra
hekaýatlary şu günler hem ýatlanyp ýör.
... Anna aganyň garry atasy Nepesaly baýyň doganoglany Ýazly yzçy baradaky rowaýatlar häli-häzirem
dilden düşenok. Her gezekki ýatlaşykda-da söhbet: «Aý,
olar ýaly gudrat indi döremez-le» diýlip tamamlanýar.
Bir gezek Ýazlynyň yzçylyk üşügini synap görmek
üçin şeýle emel edip görýärler. Geçen ýyl haram ölen bir
düýäniň dört paşmagyny alyp, dört-bäş kişi bolup, tomursagy aýaklaryna baglap, düýe ýörişini edip, ýatakdan
çöle tarap ýöräp ugraýarlar. Soňundanam çöpe-çalama
urup, yzy ýitirýärler.
Ertesi Ýazly yzçynyň öýüne gelip, «düýe ýitirdik»
diýip habar berýärler. Yzçynyň bozmak bolmaýan
bir şerti barmyş. Yz çaldyrjak bolsaň, ol ertir çaýyny
içmänkä gelmeli eken. Habar gelensoň, yzçy ýeňil geýnip, eline bir kündük suw alyp, ýitik gözlegine çykýar.
«Şu gezeg-ä sepiň açylaýsa gerek» diýip, heşelle kakýanlaram ýanynda. Ýazly yzçy düýe ýatagyndan yz çalyp başlaýşyna
uzak bolmadyk gumuň eteginde saklanýar. Aýak
yzlarynyň biriniň başynda çommalyp oturyşyna ony üns
berip synlap, aýagyz bilen gürleşýän ýaly dodaklaryny
müňkülledýär. Maňlaýyndaky, çekgesindäki, boýnundaky damarlaryň taýak ýaly galmasy onuň özüne nähili
zor salýanlygynyň alamatydy.
Ol elindäki kündükden düýäniň aýak yzynyň üstüne
suw guýdy, siňenden soň, gapda galan suw bilen elini-
-ýüzüni ýuwup, ýerinden turdy.
– Ýigitler, bu ýitigiňiziň ölenine azyndan bir ýyl
bolupdyr.
Ýigitler «o nähili-de, o nähili» boluşýarlar.
– Nähilisi şol, ynha, serediň, täze basylan yzdan
şöhle syçrar, aýak yzyň eýesiniň ysy geler. Bu yzlarda
şöhle-hä bir ýok, gelýän ysam maslygyňky ýaly. Ine,
görýäňizmi, paşmagyň gabarasy üç ýaşar erkegiňkä
meňzeş, agramy bolsa süýtden aýrylmadyk köşegiňkiden
agyr däl. Onsoňam täze basylan yz bolsa, suw basym
siňmez, bu taýda bolsa suw şüdügäre guýlan ýaly siňdi
gitdi. Onsoňam art aýagynyň paşmagynyň syňragy tersine bakyp duran düýäni men-ä şu ömrüme görmändim.
Diýmek, ýigitleriň biri tomursagy aýagyna ters baglan
bolmaly.
Yzçy bir dem dymdy-da, düýe ýitireniň ýüzüne
dikanlap, sözüni dowam etdi: – Düýe ýitiren garyndaş,
sen malyndan aýra düşene meňzäňok, içiň gülüp dur-a
seň! Gaýdyp beýle biderek iş etmegin, inim, bolýamy...
«Ýazly kaka, bagyşla, günämizi öt, biz seni synap
görjek bolduk, hata etdik» boluşsalar-da, yzçy olaryň
töwellasyny almady. Şondan soň ol bu obada yz çalmasyny goýdy. Ýöne başga ýerden, has uzaklardanam
gelseler, kyn görmän giderdi, geleniň raýyny ýykmazdy. Kuwwat pälwan hakdaky hekaýatlary diýsene! Anna
aga dilden-dile geçen bu wakalary ýazyp, ýygnap goýdy.
Nesliň öz köklerini bilmegi gerek, oňa guwanmagy, buýsanmagy gerek. Aňyrsyny bilmeýän adamyň durmuşdaky
hereketi ömür ýoluny tarpdan başlan ýaly bolýar.
Şejeresini, aňyrsyny bilýän adam durmuş ýoluna belent
depäniň üstünden uzaklary görüp bilýäne meňzeýär.
Kuwwat pälwan Anna aganyň atasy Pyhy baýyň özünden
uly dogany bolmaly. Ol uzyn boýly, eginleri terezlenip
duran daýaw ýigit eken. Baldyrlary jürdek, döşi gapak
ýaly ýigit ýere agram salman ýeňil hem ätiýaçly hereket
edýänligi üçin onuň il içinde Arslan pälwan lakamam
bolupdyr. Bileginden tutan ýa-da egnine elini goýan kişi
pälwanyň dartylan ýaý ýaly çeýe, suw berlen polat ýaly
sagdyn bedenine haýran galypdyr.
Ahaly baglan pälwanyň ady alyslara ýaýransoň,
güýz günleri Hywa tarapdan bir pälwan Kuwwat bilen
bil tutuşmak üçin bu ýerlere ýörite gelipdir. Ol oba
baýlarynyň biriniň öýüne myhman bolup düşýär we
niýetini mälim edýär. Ilata-da geregi şu, derrew häzirlik
işlerine girişýärler.
Ýer ýumşadylyp, çäge dökülen göreş meýdanyna
çykan myhman pälwany gören adamlar ýakalaryny tutanlaryny duýman galýarlar. Boýun diýlen zat asla bolman,
äpet kelle egin bilen ýüzugra bitişip gidýärdi.
Myhman pälwan edepli adam eken. Bil tutluşylmanka,
ýaşy uluragam bolsa, Kuwwat pälwana:
– Pälwan aga, at-owazaňyz biziň jelegaýlara-da
baryp ýetdi. Sizi ýykyp, baýrak almak üçin gelendir-ä
öýtmäň. Sizi däl-de, özümi synamak üçin geldim.
Tutluşygyň netijesi nähili bolsa-da, Size hormatym egsilmezdir – diýdi. Gepiň keltesi, Gün guşluga galanda başlanan
tutluşyk günortanlar togtadyldy. Ýykan, hatda ýykaýmaga ýakynlaşanam bolmady. Dogrudanam, «Kuwwat
pälwanyň bu läheňiň biline eli bir ýetermikä?» diýip,
howatyr edenem boldy. Eliniň ýeten ýerinden guşagy
goşarlamaly bolansoň, Kuwwat garşydaşyny çemesine
salyp bilmedi. Ýöne garşydaşynyň gara güýjüni ulanmagyna-da ýol bermedi.
Ikinji gündäki tutluşyk ýene netijesiz tamamlandy.
Üçünji günem göreş öýlänler saklandy. Göreşde
biri ökde, beýleki asgyn diýer ýaly aýanlyk bolmansoň,
eminler tutluşygy deňme-deň gutardy diýip hasap etmeli
boldular. Tutluşygyň çözgüdi uzaga çekensoň, baýraga
goýlan mallaryňam sany köpelip, esli boldy. Bu üýtgeşik
bäsleşigi görmäge soňky iki günde goňşy obalardan gelenlerem köpelip gitdi.
Deňme-deňlige myhman pälwan razy bolmady. «Bellisini etmän, yzyma dolanman» diýdi. Pälwany myhman
alan baýam onuň tarapyny çaldy. Baý öz myhmanynyň
ýeňenini isleýändigini gizläp durmady. Garaz, pälwanlara ýene bir gün güýç synanyşmaga ejaza berildi.
Kuwwat pälwan öýüne dolanyp gelip, ýüze çykan
ahwalata düşünmek üçin kelle döwüp başlaýar. Ol
myhman pälwandan güýjüniň, emeliniň egsik däldigini
syzýar. Ýöne näme üçin eller guşakdaka, bu artykmaçlyk
öz netijesini berenok. Uzak oýlanyp, pälwan ahyrsoňy
belanyň körüginiň nirdedigini tapypdyr. Onuň içinde
gorky bar. Kalbynda oturan bu gorky onda myhman
pälwany başda gören pursady döredimi ýa-da has soňra
peýda boldumy, häzir ony anyklamak mümkin däl. Ýöne
pälwanyň ysgyn damarlaryny gowşadýan, bilýän köp
sanly emellerini huşundan alýan şol gorky bolmaly. «Sen gylyç gemrip, galkan tutup, duşmana topulan,
sary ýaýy dartyp, peýkam atan, kement taşlap, at üstünde ýakalaşyp, ýan bermedik gerçek ärleriň neslinden
ahyryn, nämeden gorkýarsyň? Nepesaly baýyň şejere
daragtynyň kuwwatly sütünleriniň biri sen. Nesliňde
gorkak bolmandy. Sen bolsa ejizligimi il görmesin
diýip, ony öz içiňe salyp goýupsyň. Utanç! Masgaraçylyk! Myhman pälwandan ýykylaýsam, obadaşlarymyň
öňünde masgara bolaryn diýip ýöwsellediňmi? Ýykmak-
-ýykylmak göreşiň kanuny ahyryn, biriň ýeňersiň, biriň
ýeňlersiň. Sen öz döreden gorkyňa boýun egip, guşagy
goşarlamankaň ýeňilýärsiň. Sen ilki bilen öz içiňde gizlenip ýatan gorkyny ýeňmeli!».
Kuwwat pälwan ukudan oýanan ýaly silkinip ýerinden turdy. Indi oňa hemme zat düşnükli. Ertirki
tutluşygyň netijesi şu pursat belli boldy...
Myhman pälwanam dek ýatanok. Ol hem öň şular
ýaly aýgytly tutluşyklarda özüne ýeňiş getiren emellerini
peýdalanmak kararyna gelipdi. Ol baýyň ýatagyndan
onuň görkezen gyzyl göz çebşini çykaraga-da, öz eli
bilen şakga-şukga soýupdyr. Malyň näzik etini süňki-
-saňky bilen pudarlap, sähel duzlap gazana atýar. Bir
düýp sarymsak bilen ýumruk ýaly soganam arassalap,
gazana atyp goýberýär. Gaýnadylyp, ýüzüniň köpügi
aýrylansoň, gazany pessaý otda daňdana çenli gaýnatmagy baýyň baýry aýalyndan haýyş edýär. Ýaş gelinlerine-
-de ynananok. Ýaş-ýeleňler uklap galar öýdýär. «Ýeňňe,
daň agaranda, gazandaky çorba bir şäkeseden köp bolmaly däldir» diýip tabşyrýar.
Ertir irden turlanda gazanyň etem, süňkem eräp-
-akyp, malgama öwrülen eken. Otdan düşürilen çorba
gaty sowap ýetişmänkä, myhman şakäsäni çorbadan
dolduryp, başyna çekýär. Soňra dabanyna, goltugyna owkalap-owkalap saryýag çalýar-da, göreş meýdanyna
ugraýar.
Bu gün Kuwwat pälwanyň siltemesiniň, badak
atyşynyň, çilşirme salşynyň öňkülerden üýtgeşikdigini
diňe garşydaş pälwan däl, eýsem şowhun turuzýan
märeke-de bada aňdy. Kuwwat pälwan bäsdeşini dyzyna
alyp, ýerden bir göterenden soň, entek onuň emelinden
gutulan pälwan ýokdy. Ýöne bu peläketi asla göterip
boljak gümanyň ýok. Ýeke-täk ýol bar. Ol hem onuň
agyr göwresini, güýjüni özüne garşy ulanmak.
Kuwwat pälwan çille mes iner kimin kükredi.
Myhman pälwan garşydaşyny yza tesdirmek üçin
baldyrlaryna zor salyp omzady. Kuwwat pälwan onuň
emelinden sowlan ýaly etdi-de, myhmanyň guşagyndan
bar güýji bilen tutdy-da, agyr göwräni öz daşynda aýlap
başlady. Galan zat göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi. Janköýerler agyr göwräniň gürpüldäp gaýdanyny,
Kuwwat pälwanyň onuň üstünde ýatanlygyny gördüler. Dogrusy, bu bolan ýagdaýa myhman pälwanam,
asyl Kuwwadyň özem düşünmän galdylar. Ýagyrnysy
ýere degen pälwandan: «Äý, wah, arman» diýip jandan
syzylyp çykan ses ýeňen pälwanyň ýüregini jigletdi. Ol
ýykan pälwanynyň elinden tutup, aýak üstüne galdyrdy,
gujaklap arkasyna kakdy. O-da mertlik edip, ýykylanyny
boýun alýan şekilde garşydaşyny gutlady. Guşaklar
çözülip, bir-birege sowgat edildi.
«Ýykylan göreşden doýmaz» diýilse-de, uzaga çeken tutluşykdan soň, «Bir gezekde kimiň-kimdigi belli
bolmaz, göreş gaýtalansyn» diýen tapylmady. Baş emin
Kuwwat pälwanyň elini ýokary göterip, onuň ýeňşini
yglan etdi. Pälwanyň paýyna düşen baýraklaram belli
edildi.
Myhmanyň goşaryny sypdyrman tutup duran Kuwwat pälwan beýleki elini galdyryp, märekä ýüzlendi
– Adamlar, meni diňläň! Göreşde biriň ýeňersiň,
bu dogry. Ýöne myhman hakyky pälwan eken. Menden
artyk bolmasa, kem-ä däl. Bu gün men ýeňdim, başga
bir gün gürrüňsiz ol üstün geler. Bu gün ýeňmek nesibesi
meňki boldy. Edil şonuň ýaly, myhman pälwanam meniň
ýagyrnymy ýere degrip bilerdi. Adamlar, oňlasaňyz,
göreş deňme-deň tamamlanandaky ýaly baýraklary deň
bölseňiz, gowy bolardy.
Myhmanyň başyny ýaýkanyny gören Kuwwat: –
Hatda baýraklaryň ählisini myhman pälwana bersek,
has göwnejaý bolaýjak ýaly. Nähili görýäňiz?! – diýdi.
Hywaly pälwany myhman alan baý ýüzüni bozardyp-
-gyzardyp, aýagy bişen ýaly zowzullap ýörşüne, dilinem
saklap bilmedi:
– Malyňa özüň eýelik edeweri-haw! Pälwana mal
berjek bolsak, bizde-de az däl şol kel toklular. Bolmanda-
-da, Ahala gelip, eli boş gitjekmi şo kişi?!
Ýaşy uly bolansoň, edil häzirki ýagdaýyna-da
düşünensoň, Kuwwat obadaş baýa jogap gaýtarjagam
bolmady. Oňa derek myhmanyň özi dillendi:
– Adamlar, pälwan diýeniň ýeňşi bileginiň güýji bilen gazanýar. Ýeňen baýrak alar, ýeňlen ýere bakar. Bu
däbi biz bozup bilmeris. Men bu gün hakyky pälwandan
ýykyldym. Bu meniň üçin hiç aýyp zat däl. Men Alladanam, sizdenem razy. Beýle pälwany ýetişdiren topraga
tagzym edýän. Ýöne meniň pälwandan etjek bir haýyşym
bar. Ähliňiz eşider ýaly, siziň öňüňizde söz berse.
Ýüzlerçe gezek bil tutuşyp, ilkinji gezek özüni müýnli ýaly duýýan Kuwwat pälwan:
– Pälwan aga, biziň elimizden gelýän zat bolsa,
onuňam bir gürrüňi bolarmy – diýip seslendi.
– Pälwan, seniň bu gün bil tutuşyň, silterlemäň,
çilşirmäň, badak atyşyň öňkülere asla meňzänok. Bu
ýerde bir syr bolaýmaly. Şony maňa açsaňyz?
Kuwwat pälwan hezil edip bir güldi. Pälwany gujaklap:
– Myhmany ýykanymyzy edepsizlik saýmaň. Bu
işde, dogrudanam, bir syr bar, özem uly syr bar. Ýöne
ol bular ýaly köpçülikde aýan ediljek syr däl. Ony siziň
özüňize aýratynlykda aýdaýyn – diýdi.
– Bolar! – diýip, myhman begenjine Kuwwady göterip, öz daşynda üç-dört gezek aýlady-da: – Bilegiň zory
egsilmesin! – diýip, ýerde goýdy.
– Sag bol. Saňa-da arzuwym şol.
– Aýdanyň bolsun, inim!...
Şol gün baýraklaryň hasabyna uly toý tutuldy.
Kuwwat pälwan myhmany çola ýere çekip,
ýeňmeginiň syryny paýlaşdy...
Anna aganyň daýysy, kakasy Gök baýyň aýal
doganynyň ogly Mämiş seýis baradaky gürrüňlerem
özbaşyna bir dessan. Ol seýisleýän atyny aýlawda diňe
özi çapar eken. Onuň seýisçilik syrlary barada hem her
dürli gürrüňler bar. Mämiş seýis arpany irigöz elekde
eläp, onuň diňe irisini, dokuny atyna iýdiripdir. Taýçanaklygyndan ýetişdirýän atyna iými çukur gazyp, şonda
berýärmiş. Taýyň öň aýaklaryny epmesine, dyza çökmesine asla ýol bermez eken. At iýmini boýnuny süýndürip
iýse, onuň boýny uzyn, owadan bolýarmyş. Ýa-da atlaryna çig ýumurtga içirer eken. Şeýdip saklansoň, onuň
bedewleriniň bedeni elmydama altyn suwy çaýylan ýaly
lowurdap durupdyr. Ýatagyna hemişe ürgün çäge ýazypdyr. Gezdirende-de çägelik ýerde gezdiripdir. Arassa
çägäni mör-möjege garşy iň gowy serişde hasap edipdir.
Anna aganyň «Akyl sandyklarynda» rowaýata
meňzeş şeýle bir hekaýat aýdylýar. ...Gün ýaşjak ýerine mazaly ýakynlaşyberende,
güpürdäp gelýän at toýnaklarynyň sesi eşidildi. Onýança-da bir ýigit gapyda at jylawyny çekdi. Atyň toýnak
urşundan onuň çapuw maly däldigini serinde aýlap
ýetişen seýis, bu atlynyň ýönelige gelmändigini aňdy.
Haýkyryp salam beren ýigit jogaba-da garaşman:
– Şu Mämiş seýsiň öýümi? – diýip, gyssanyp gepledi.
– Hawa, edil özi, atdan düşüň.
– Özi öýdemikä?
– Inim, Mämiş seýis-ä, ine, biz bolmaly.
– Aý, agam, günämi geçeweri, edepsizlik edipdirin
– diýip, ýigit böküp atdan düşdi. Seýsiň entek uzadyp
ýetişmedik elini garbap alyp, sypdyrman silkeläp
başlady. – Agam, men şu wagt näme edip-näme goýýanymy bilýän däldirin. Kelläme taýak degen ýalydyr. Indi
wagt ýitirmän, derdimi aýdaýyn. Bar umydymyz size
bagly. Diňe şol halas edip biler diýip, Sizi salgy berdiler.
Diňe Siz...
Seýis gelen ýigidiň habaryny ünsli diňledi. Ol goňşy
obalaryň birinden Tarhan Atanyň ogly Eýeberdi eken. Tohum baýtallary gulanlap bilmän, heläk bolup ýatanmyş.
Demren gysragyň adyny eşidende, Mämiş seýsiň süňňi
gowşap gitdi. Ol baýtalyň neslinden aýlaw baglan atlaryň
sany bir ýa iki däldi.
– Gulanlamaly wagty bolupmydy? – diýip, ol ýigide
sowal berdi.
– Golaýlan bolmaly öz-ä.
– Taýa jan girdimikä?
– Hawwa-la, gozganýany bildirip durdy. Ir guşlukdan
bäri welin, ol gymyldy galdy. Baýtalyň haly hasam
teňleşdi. Seredip durmaga ýürek tap getirenok. Alajyň
bolsa ýok – diýip, ýigit hamsygarly göründi.
– Inim, o taýda bizlik iş galmadyk bolaýmasa...
Taýçanak enesiniň içinde işini bitiren bolsa, indi alaç
tapylaýsa-ha...
– Onda-da baryp bir görseňiz. Belki, Demreni halas
edip bolar. Iň bolmanda, biz «Elimizden gelenini etdik»
diýip, göwnümizi aldamaga sebäp bolarsyňyz. Gaýrat
ediň, agam! Sylagyňyzy özüm ýetirerin.
– Bize, oňarsak, olar ýaly behişdi bedewiň janyny
halas etmekden uly sylag-serpaý bolmaz, ogul.
Ýigidiň bolşy, onsoňam baýtalyň Demren bolmasy,
özünde dynnym ýaly umyt bolmasa-da, Mämiş seýsi
ýola düşmäge mejbur etdi. Iň bolmanda, eliňden gelenini
edip, ol janawaryň öňünde günäkär bolup, müýnürgäp
galmaly däl.
Mämiş seýis ýolboýy tohum baýtala ýolugan derdiň
nämedigini aňlamaga çalyşdy. «Jüre keseline ýolugan
bolsa, ol nägehan dert baýtaly bada-bat almaga erjeşer.
Öýkeni çişip, derläbilmän, heläk bolup ýatan bolsa, bu
hut şol keseldir. Baýtalyň bogaz bolmasy çatak eken.
Ýogsam ony dertden halas ederdi. Ýa ketewmikä?
Görgüsi ýaman bokurdagy çişip, heläk bolup ýatyrmyka? Ketew deger ýaly ol gyzyp, suw içdimikä,
sowukda derläp, ýol ýöredimikä? Bogaz baýtal ýatakda
durýandyr-a hemişe. Ýa golaý-goltumynda towuk ketek
dagy barmydyka? Ketew bolsa, arpany duzda mazaly
gaýnadyp, gyzgynlygyna iým torbada baýtalyň başyna
geýdireris. Onuň bir alajy tapylar-la... Ýöne taýy içinde
işini bitiren bolsa, şonda iş kyn bolar. Gurallarymy alanam bolsam, entek ol işe batyrynyp biljegime ynamym
ýok...».
Gözýaşyny döküp ýatan malyň ýagdaýy diýseň agyr
eken. Indi başynam göterip bilmeýän baýtal ýagty jahana inmeli taýynyň düşen halyna aglaýarmy ýa öz düşen
gününe nalaýarmy – belli däldi.
Gije. Edip biljek zadyň ýok. Ähli etsem-petsemleri
ertire goýmaly boldy. Ýöne seýis uzyn gijäni çirim etmän geçirdi. Ertirki etjek işlerini ýeke-ýekeden aňynda
aýlady.
Mämiş seýis ertir namazyna eglip galansoň, horjunyndan çykaran düwünçeklerini çözüp, gurallaryny
telleşdirip başlady. Ululy-kiçili päkileriň üç-dört
sanysyny uzak wagtlap, gara çalgy daşa çaldy, tygynyň
gylawyny barmagy bilen, soňra murtuna salyp barlap
gördi. Eden işine göwni ýetenden soň, päkileriň tygy
süýem barmak bilen orta barmagyň arasynda ykjam
oturýarmy, mäkäm durýarmy diýip, deňäp başlady. Onuň
her bir hereketi Tarhan aganyň nazaryndan sypmaýan-
-da bolsa, seýis onuň öz golaýyndadygyny duýmaýan,
dünýede özünden başga jemende bardyr öýtmeýän ýaly,
öz işine gümra bolup otyrdy.
Seýis işşekçer toklyny soýduryp, onuň ajy içegesini
arassaladyp, tabaga salyp goýmagy tabşyrdy. Özi ýaş
malyň ter bagröýkeninden taýýarlanan şorsuwa meýil
bermän, saryýag bilen bir döwüm çörek iýdi, bir käse-
-de çaý içdi.
– Ýeňňe, arassa gazanlaryňyz bar bolsa, şonda suw
ýylydaýyň. Gazanlaryň näçe uly bolsa, şonça-da gowy.
Biriniň suwunyň sähel «dişi döwülse» bolar, soňkusy
ýylyrak gerek bolar – diýip, seýis Ogultäç enäniň üsti
bilen gelinlere ýumuş tabşyrdy. Özi çaklaňja tabak alyp,
düýäň gumalagyçarak mumyýa meňzeş dermany onuň
içinde ezip başlady. Derman düwürsiz eräp gutarýança
bulap oturdy.
Demreniň bolup ýatyşy naýynjardy. Düýn daşyna
egele bolup oturan adamlaryň birden möý pytran ýaly
dargamasyny öz ýanyndan ýamana ýorýan ýalydy. Düýnki üýşen adamlar halasgäre meňzeýärdiler. Ýagdaýy agyr görüp, ony ýalňyz goýup gidendirler. Indem uzak wagt
bäri habar tutýan ýok. Wah, sözläp, düşündirip bilýän
bolsady, janawar onda derdini beýan ederdi. Şeýtse,
adamlar ony ýalňyz goýup gitmeselerem gitmezdiler.
Bir alaç tapardylar, onuň derdini dep ederdiler. Ol
käte beýleräkdäki ýatakda daňlan Kemeriň öz enesine
duýgudaşlyk bildirip hokranyşyny eşidýär. Bu onuň
«Menem bardyryn, perişan halyňa gyýylýandyryn»
diýdigi bolarly... Gör, näçe wagt geçdi. Ýöne seýsem
görnenok, ýaşulam gara berenok, ýaş ýigidem. Häk, bu
zatlar gowulygyň alamaty däl ýaly. Ine, birdenem baýtal athanada gowul-çowluň başlanandygyny aňşyrýar.
Haçanda öten gije özüne nazar aýlap giden nätanyş adam
ýataga täzeden gelip girende, baýtal oňa öňküsi ýaly
umytly garap bilmedi...
Tarhan aga elindäki tabagy baýtalyň agzyna tutup,
onuň içindäki melhemden damdyk goýman içmegi üçin
mala hoşamaýlyk etdi, oňa söýünçli sözleri aýtdy. Bu
hereketleriň hut özüni halas etmek üçin edilýändigini
duýýan ýaly, Demrenem agzyna guýulýan melhemi yrýa
etmän içmek bilen boldy.
– Wah, munuň garnyndaky taýy-da şol meşhur Wepalydandy – diýip, Tarhan aga özbaşyna hümürdedi.
– Tarhan aga, ýene birsalymdan baýtala mylaýym
suwdan beriber, näçe köp içdigiçe – şonça bähbit. Aç mal
suwsagyç bolar. Üç-dört gün bäri bimaza ýatan bolsa, bir
çelek suwy dagyny gördümem etmez...
Suwdan içibilenini içen baýtalyň garny alaň ýaly
çişdi. Hälki melhemiň täsiri ýetip ugrandan soň bolsa
melul bolup, gözleri süzülip, saly gowşady. Bäş kişi baýtaly ýaňja düşelen çägäniň üstüne süýşürdi. Myşşyldap
agras dem alýan, bokurdagyna zor salýan haýwanyň
dört aýagyna-da tanap salyp, teblehananyň burçlarynda
dikilen agaçlara mäkäm berkitdiler. Mämiş seýis çalça çuwallaryň iki sanysyny eline
çemeli ýerde açyp goýdy. Gurallaryny öz horjunynyň
üstünde ýaýradyşdyryp, töweregindäkileriň ýüzüne seretmän gepledi:
– Oglanlar, indi siz öz işiňiz bilen boluberiň,
heşerlenişip durmaň. Bogaz baýtalam utanjaň bolar. Indi
Hudaýy çagyryň-da, ýagşy dilegde boluberiň. Tarhan aga
ikimizi goýaýyň bärde.
...Mämiş seýis işini Gün öýlä aganda bitirdi. Ýarag
ulanmaly bolmandygy üçin ol çaga ýaly begendi. Öz
eden işinden juda razy boldy. Çünki baýtalyň garnynda
öz ornuny üýtgeden taýçanagy, onuň enesini halas etmek,
baryp ýatan gudratdy. Esli mahaldan soň, dermanyň güýji
gaçyşyp, özüne gelip başlan malyň minnetdar bakyşyny
görüp, seýsiň damagy doldy. Eýýäm itenek-çomanak
edip, ýerinden galmak isleýän balasyna gözi düşende,
baýtal ene mähremligi bilen başyny götermäge hyýal
etdi.
Ol gün Mämiş seýis Tarhan aganyň myhmany boldy.
Saly gowşan mala däri-derman etmesini dowam etdi. Ertesi irden gapyda çykan çasly at kişňemesi hemme kişiniň
öýlerden bosup çykmasyna sebäp boldy. Demreniň ýatan teblehanasynyň gapysynda Wepaly durdy. Ol uzak
ýerden daňydan boşap gelen bolarly. Demrenem oňa
ysgynsyzraga-da hokranmak bilen, «halas boldum» diýip
jogap berdi.
– Seýis, özümi halas eden bolsaň, munça minnetdar
bolmazdym. Ömrüň uzak bolsun, eliň-gözüň dert görmesin! Seniň barlygyňa şükür. Eger garşy bolmasaň, taý
süýtden aýrylansoň, ony oglanlar gapyňa eltip gaýtsynlar.
– Mala eden emim üçin muzd almaýanymy senem
eşidensiň, Tarhan aga. Eger meniň diýenimi etseň, bu
taýy enesiniň ýanyndan hiç aýyrmagyn. Adyna-da Mäh riban dakaýyň. Belki, bir gün Demreniň ornuny tutar.
«Ýüzden ýüwrük çykar, müňden – tulpar» diýipdirler.
Bujagaz urkaçyja taýyň soňuny bilýän ýokdur welin,
ýöne ýagşy umytda bolanyň gowy...
Mämiş seýis öýüne dolanmanka, Demrene nähili
esewan edilmelidiginem öwredip gaýtdy...
Umuman, Nepesaly baýdan gaýdýan nesil arygynyň
kenarynda behişdi bedewiň egsik bolan wagty ýok. Nepesaly baýyňam, Pyhy baýyňam, Gök baýyňam gapysynda
iş atlaryny hasaba almanyňda-da, jylawyny çeýnäp duran
üç-dört sany argamak atyň bolandygy belli. Kerwende
ýöreýän on-on iki erkegi, on bäş-on alty köşekli düýeleri,
Babarap obasynyň ýakynragyndaky öz Atak guýusynyň
töwereginde örä ýaýraýan iki-üç süri dowary bu döwletli
gapylarda hemişe bolupdyr.
Ýöne XIX asyryň segseninji ýyllarynda başymyzdan
inen bela adaty durmuş ýörelgesini ber-bibat etdi. Çapylýan atlaryň müňlerçesi söweşlerde gyryldy. Tohum
bedewleriň uly topary zor bilen ýa-da satyn alnyp, uzakdaky sowuk ülkelere äkidildi. Içi buz ýaly sowuk, dar
tagta ýataga salnyp, demir ýol bilen ugradylýan atlar,
ajy aýralygy duýýan ýaly, gözlerinden boýur-boýur ýaş
dökýärdiler.
– Gök aga, ak patyşa demir ýol çekjekmişin, Siz oňa
nähili garaýarsyňyz? – diýip soralanda, ol:
– Mal-gara zyýany degmejek bolsa çekibersin –
diýip, giň göwrümlilik bilen jogap gaýtarypdy.
...Salan ýarasy bitmedik, däri ysy gitmedik şol ýowuz
uruş barada Anna aga hiç haçanam dil ýarmazdy. Öz ýanynda şol uruş barada gürrüň gozgalanynam halamazdy.
Ýogsam, 1880-nji ýylyň 28-nji dekabrynda daň atmanka
duşmanyň üstüne çozulanda, yzgantly ýigitleriň altmyşa
golaýyna baş bolan Anna serdaryň hut özüdi. Şol hüjüme türkmen esgerleriniň dört müňden gowragy gatnaşypdy.
Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda aýakýalaň, egni köýnekçe, elleri ýalaňaç gylyçly ýigitleriň duşmanlaryň
üstlerini gapyl basmagy olaryň arasyna dowul salyp,
başagaýlyk döredipdi. Duşman güýç babatda-da, adam
sany babatda-da türkmenlerden has artyk gelýärdi. Daňyň alagaraňkysynda «ur-a» diýen gohlaryny
atlarynyň toýnaklarynyň güpürdisine goşup çozuş eden
gaýduwsyz ýigitler duşmanyň iki topuny ele salyp, ata
süýredip, gala getiripdiler. Bary-ýogy sanalgyja minuta
çeken çaknyşykda duşmanyň söweş baýdagy galany
goraýjylaryň eline düşüpdi.
Geçirilen uly geňeşde: «Gala gapgarylyp oturmalyň,
ata-baba söweş usulyny ýada salalyň. Galkanymyz Garagum bolsun. Duşman bilen gaça-kowa urşuny edeliň»
diýenleriň arasynda Anna serdaram bardy. Emma,
emma... Anna aga halkyň başyna inen bu bela hakdaky
pikirlerini ýazga geçirip, «Akyl sandyklaryna» atdy:
«Nesiller netije çykarsynlar. Betbagtçylykdan hem many
almaly...».
«Ar köýen ýerde är dörär». Bu sözler sandykdaky
ýazgylarda telim ýola gaýtalanýar.
Anna aga ýaňy bolan perzendine özi at goýdy: Berdimuhamet!
Anna baýyň körpe perzendine ala-böle şu ady saýlap-
-seçip dakandygynyň sebäbini bilýän ýogam bolsa,
onuň täze bolan balasyna aýratyn nazar, üýtgeşik mähir,
umyt bilen bakýandygy basym mälim boldy. Türkmeniň
erkek kişileri öz öwladyny «balam, jigerim, köşegim»
diýip suwjaryp, ýalap, ogşap, sypalap ýörenok. Içki
duýgularyny, perzende bolan mähremligini kalbynyň
gatlarynda saklamaga çalyşýar. Çaga aga-gara düşünip,
ulaldygy saýy atasy oňa merdemsi garap ugraýar, çaga lellim, «ejemogly» bolup ýetişmez ýaly, berk tutmaga ymtylýar. Ýöne bu gezek haýsy akyla sygynanam
bolsa, haýsy duýgynyň ýesiri bolanam bolsa, Anna
aga ogluna yhlasyny, mährini, söýgüsini töwereginden ýaşyrjak bolup hem durmady. Öz wagtynda ata-
-ogullyk gatnaşygynyň lezzetinden ine-gana doýmadyk
Anna aganyň özüniň hem häzirki durmuş pursadyndan
kaýyllygyny, bagtyýarlygyny, geljege uly umydyny
düşündirip bilmezligi mümkindi.
Berdimuhamet bäbeklikden saýlanyp, ýörjen-ýörjen
bolup başlandan, Anna aga ony boýunmündük edip gezdirerdi. Çaga päsgel bermesin diýip, telpeginem çykarardy. Bolşy geňräk görünse-de, başy açyk gezerdi. Çaga
söýgiňi, hamraklygyňy gizlemek türkmen erkek kişileri
üçin aňyrdan adat bolup gelensoň, käbir deň-duşlary ony
geňläp, lak atardylar:
– Anna serdar, eýgilikmi-haw! Bu çagany boýnuňdan
düşürmän ýörşüň-ä bir hili öz-ä.
– Eýgilikdir, eýgilikdir. Berdimuhamedim meniň
gözýetimde görýänimden aňyrlaryny görsün diýip göterýärin. Enşalla, umydym hasyl bolar – diýip, Anna
aga jogap gaýtarardy.
Başga bir gezek şeýle diýlende bolsa, ol:
– Perzent pederinden beýik bolmalydyr. Berdimuhamet belent bolmagy şu wagtdan öwrensin – diýerdi.
Ogly dil açyp, jedirdäp ugrandan Anna aga oňa her
hili sözleri, san sanamagy öwredip başlady. Käteler
Anna aga gözjagazyny gyrpman, jikgerilip diňläp oturan
Berdimuhamede iki-üç ýaşly çaganyň-a däl, eýsem on
dört-on bäş ýaşly ýigdekçäniň düşünmejek, akyl ýetirip bilmejek zatlaryny hem aýdardy. Goý, şu wagtdan
çaganyň gulagy gansyn!
Soňky döwürde Anna aga uly ogullary Aba bilen Ýusupberdinem kän bir ýanyndan aýyrmazdy. Olara-da eden
her bir işini, ýerine ýetiren hereketini gaýtalap-gaýtalap
görkezerdi. Hatda duýdansyz halatda gelen karary bilen
Tejendäki garyndaşlaryna salama gidende-de olary ýany
bilen alyp giderdi. Aýalyna ýene üç aýdan, alty aýdan
soň, indiki ýyl edilmeli işleri düşündirmäni, tabşyryk
bermäni çykarypdy. Kakasy ir wepat bolansoň, ejesiniň
sesýetimdäki öýüne öňkülerinden has köp gatnady. Gapyda basylyp goýlan odun ýene iki ýyla ýetjegem bolsa,
ejesiniň gapysyna ýene dört düýe ojar düşürtdi. Atasynyň
öýünde ýygy-ýygydan ýatyp gidýärdi.
Berdimuhamediň ejesi ýanýoldaşynyň kalbynda bolup geçýän özgerişlikleriň ýorgudyny güman edýänem
bolsa, oňa ynanmakdan gaty gorkýardy: – Hernä, Hudaý
jan, özüň gowusyny edeweri!
Anna aga körpe perzendine bakyp, asla onuň mährinden ganmaýanlygyny duýýardy. Çagajyk-da kakasynyň
bolşuny görüp, onuň öz ýüzüne soňky gezek bakýan ýaly
duýgyny başdan geçirýärdi. Tüýlek ýüzüni çaganyň näzijek dulugyna oýkanda, çaganyň jykyrdap gülşi, murtuny
oýkap, onuň gyjygyny tutduryşy... Anna aga bu zatlaryň
hemmesiniň soňky gezek bolup geçýändigini, çaga
gülküsini soňky gezek eşidýändigini syzýan ýalydy. Çaga
bolsa onuň özüne şeýle gamgyn halda garaýandygyna
düşünip bilenok.
Munuň sebäbi bolsa durmuşyň özi ýaly ýönekeý.
Berdimuhamet ýaňy üç ýaşanda, Anna aga ýurduny täzeledi. Sessiz-üýnsüz, duýdansyz, azarsyz-bizarsyz gitdi.
Eger-de şu dünýäde bir zat onuň gitmeginiň öňüni aljak
bolsa, Berdimuhamediň dünýä inmegi bilen onuň eýe
bolan bagty onuň ölüminiň öňüni alardy. Şol bagta guwanyp, şatlanyp, ol ýüz ýylam ýaşardy. Ýöne, bolmady...
Her kimiň maňlaýyna ýazylan ykbaly onuň durmuşyna
özüçe erk edýär, näme etmelidigini hiç kimden sorap
duranok. Şol sanda çagadanam sorap duranok.
Deň-duşlarynyň hakydasynda Anna serdar, Anna
baý, Anna mugallym Berdimuhamet üçin bolsa şol pursat
ýöne bir peder bolup galan bu ynsan özünden soňkulara
uly miras galdyryp gitdi. Nesil goýup gitdi. Durmuş
dowam edýär, nesiller ýetişýär. Mukaddes ojagyň ody
öçenok...
Berdimuhamet gaýadan, kakasynyň boýy bilen
boýdaş belentlikden aşak gaçan ýaly boldy. Gaçan ýaly
däl, asyl gaçdam. Ýöne häzir üç ýaşly çaga bu zatlara
doly akyl ýetirip bilenokdy

"Ä[em içre at gezer"
kitabyndan
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.