,,Hasrat''

,,Ozal akan ýerden, akarmyş aryk’’
Diýdiler,
Ynandym,
Gelmedi ýarym.
Ýoklugyňda hasrat çekdim ençeler,
Wah, bir bilsediň-le, ýar saňa zarym.

Barlygyňda başym dikdi elmydam,
Saňa bolan söýgim ölmez, baky bar.
Wagt geler, menem sowaryn belki,
Tapmarsyň, bolsaň-da menli güne zar.

Ençe aýlar geçdi, ýyllaram geçer,
Gideňde göwünlik beripdi ejem.
Aldanyldyň, ýalan sözlere gidip,
Bu hasratyň asyl sebäbi ejeň.

Egildi başym hem gülmedi ýüzüm,
Ýalňyş hasrat çeken, ýekeje özüm.
Çagyrdym, ýürekden göresim gelip,
Emma ýerde galdy, ,,Gel!’’ diýen sözüm.

Söhbet Döwletow
1.11.2021ý
4 лайков 112 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.