Içgysgynçlyk ýa-da körpeleriñ ýoklugynda

Çagalarymyz çagalar bagyndan uçurym bolup gideninden soñ boşap galan toparymyzyñ kabinetine göz aýlaýaryn.Häzir bu kabineti ýeke söz bilen beýan et diýseler,uly harplar bilen
IÇGYSGYNÇ diýerdim.Dek düýnem körpeleriñ goh-galmalygyndan hyñ beren otagda häzir dymyşlyk tans oýnaýar.
Dymyşlyk bilen dynçlyk sözi aýdylyş taýdan ýakyn bolsa-da many taýdan beýle däl eken.Usulçymyz aýyñ 30-na çenli çaga kabul etmejekdigimizi aýdanda begenenem bolsam,irden işe gelenimden başlap ägirt içgysgynçlyk meni garşy aldy.Otaglarynyñ gapysynda durup, çagalary kabul edýän terbiýeçilere gözügidijilik bilen garaýaryn.
Soñam halys bolmajagyny bilip,telewizory açýaryn-da,sapak ýazgylarymy ýazmaga oturýaryn.
Bolanok.Ýüregim gysýar.
Kime jañ etmeli?
Telefonymy elime alyp,Gültäje jañ edýän.
Alanok.
Alanok.
"Gerek wagty tapdyrañog-aý,Guliçka!"diýip hüñürdeýän-de, telefony
öçürýän.
Dymyşlykdan ýadan hyýalkeş beýnim öz wezipesini ýerine ýetirýär:
"Göz öñüñe getir,häzir çagalar toparda bolan bolsady näme bolardy?"
Gözümi ýumýaryn.Hyýalymda janlandyrýaryn.
Körpeler bilen multifilmden ýadap klip görmäge oturypdyrys.Ýaýlymda Azat Dönmezowyñ "Gördüñ garyp" klibi.Men olary klipdäki wakalara gyzykdyrjak bolýaryn.
-Hana, serediñ oglanjyk gyzjagaza sowgat alypdyr.
(Aýtman geçmäýin,"oglanjyk"diýýänim öýeribermeli eşek ýaly oglan,"gyzjagaz"diýýänim başyna kürte atsañ, arkaýyn göterip biljek ýetişen gyz)
Muny görüp,klibe ürç edip tomaşa edip oturan,Ahmet sorag berýär.
-Mollum,şol sowgadyñ içinde näme bar-aý?
Ahmetiñ bilesigelijilikde özümden ozanlygyny sessiz boýun alýaryn.Içiñi ýakaýyn diýen ýaly meşhur sowgatly gutunyñ içinde näme barlygynam gőrkezmediler.
-Men näbileýin how,oñ içinde näme bardygyny?!
Soñam tans ýaryşy gurnaýas."Tans meýdançasyna"iki-üç sany oglanjygy çykaryp,tans etdirýärin.Bulary synlap oturan Medet dillenýär.
-Mollum,menem tans edäýin.
"Tans meýdançasynyñ"doludygyny göz öñünde tutup oña oñaýsyz jogap gaýtarýaryn.
-Indiki aýdymda tans edersiñ.
Birdenem,Medetiñ juda (sözüñ doly manysynda "juda") öýkelekdigi ýadyma düşüp,yza tesýärin.
-Bolýa,çykaý senem.
Bolsa-da, wagtynda ýetişipdirin.Öýkelemäge häzirlenip oturan Medet tansa çykýar.Soñam özüniñ tagaşyksyz tansyndan göwni suw içmän,öýkeläp,sapak geçenimizde we nahar iýenimizde oturýan stollarymyzyñ ýanyna gaçyp gidýär.Ýok,ýalñyş okamadyñyz.Öz başarmadyk zady üçin menden öýkeleýär Medet.Öz-özüme göwünlik berýän.
"Ýazgytda bardyr,Mahym!Ondan öýkelemese,mundan öýkelärdi."
Günortanlyk naharyndan soñ ýatyp-turupdyrys.Olar bu gün aşa hereketjeñ.Birdenem Azym maña Seýrany görkezýär
-Mollum şu "söýgülim" diýýär.
Allaniçiksi bolýan.
-Kime?
-Saña diýýär mollum.
Elim bilen kelläme "şapladýan".
"Indi-hä işiñ gaýtdygydyr".
-Aý,sen söýgülini näbilýäñ?
-Bilýän-dä.
-Bilýän bolsañ aýt,näme?
Seýran göwni bir dillenýär.
-Iki sany gyz .
Başymy ýaýkaýan.
-Aý,ýok.
Muny eşiden Ahmet elini galdyrýar.
-Men bilýän,mollum.Bir gyz,bir oglan.
Çagalaryñ şu günki samahyllamak limitini artykmajy bilen doldurandygyny göz öñünde tutup,gürrüñi başga ýana sowýaryn.
-Söýgüli bilenem işiñiz bolmasyn,pöýgili bilenem.multigimizi göreliñ.
Soñ dek düýnki uçurym dabaramyz ýadyma düşýär.Abdyllanyñ uly adam ýaly aýdan sözlerini ýatlanymda çynym bilen ýylgyrýaryn.
-Mollum,senem kraska çalynyp tanar ýaly bolmansyñ.
Çagalaryñ ählisiniñ keşpleri ýekän-ýekän göz atuwymda janlanýar.Öýkelegi,kesiri,düşbüsi,bilesigelijisi,garagoly...
Olaryñ indi hiç birini görüp bilmejegimi,göräýenimde-de çagalar bagyndaky terbiýelenýän körpeler hökmünde görüp bilmejegimi serimde aýlanymda bolsa,gözlerimden damjalar togarlanyp gaçýar-da,partamyñ üstündäki sapak ýazgysy depderimiñ üstüne damýar.

@Mümkin.
2 лайков 288 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:04
Aly kakmyş duýguçyllygym.Durmuşyma giren her ynsan,esasanam çagalar bilen derrew duýgy baglanyşygy gurýan.
Duşmanyma bermesin şeýle duýguçyllygy.
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:09
Geceler boyu sesine uyandım
Sen sandım ellere uzandım
Sana değil kendime kızardım
Ben
Sen giderken
Aramadım ama elim gitti telefona
Soramadım ama kalbim yine yan yana
Saramadım o belinden bir daha
Sen giderken...

****
Azizim olmayaydı
Sararıp solmayaydım
Bir ayrılık bir ölüm
Hiç biri olmayaydı.

Bu gala daşlı gala.
Jyngıllı daşlı gala
Korkarım gelmeyesin
Gözlerim ýaşlı gala...
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:10
Hemedany,
Hakyky mugallymmykam?
Bilmedim.
Hiayress
25 май 2022, 21:11
"Gam çekme Mahymjan, gitsek geleris" diýmedimi ol garagöz çagalar. :)) (Şular ýaly goşgyň badymy?!))
Hiayress
25 май 2022, 21:13
Bujagazza oýlanmaňy reski neşirýada ýola. Hemmä Azat Dönmezi begendirersiň hemem çagalaň ejelerini. :))
Hiayress
25 май 2022, 21:15
Mümkin,
Öňem bir woýennyý: "Bizde duşman ýok, garşydaş bar berk belle" diýerdi. :))
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:15
Seni günüñ çoýuşyndan
Meýdanyñ gülleñ ysyndan
Adamlaryñ garaýşyndan
Gabanýan,
gabanýa-an,
Ezizim!

****
Duşup ykbalyma
Öwrüldiñ salgyma
Gulak asyp meñ owazyma
Ýatla meni!

****
Men bu ýerde ýarym
gursagymda adyñ dur
Ýazda gar ýagan kalpda
Tutaşdyran oduñ bu
Dembe-dem ömrümiz
Geçirmeli ýollar bu.
Hiayress
25 май 2022, 21:16
"Duşup ykbalyma
Öwrüldiñ salgyma"

Haý, güldürip bilýäňaý. ?
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:19
Hemedany,
Gowy mollum bolmak duýgyçyllyk bilen ölçelmeýärmikä diýýän.
Diñleýärsiñizmi Nahide Babaşlyny?
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:21
Hiayress,
Gazet üçin ýazmak ýadadýar...
"Aglama Mahym jan"goşgum bardy.Ýöne çagalar ony bilenoklar gynansamam :))
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:22
Hiayress,
Nämä gülýäñ hyýar iýýän?
Hiayress
25 май 2022, 21:25
Mümkin,
Nebir oglany özüňe sataşdyryp, salgyma uçradanyňa gülýän.
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:30
Senin gökyüzünde
Benim yerim yokdu
Kuru dallarında
Kanatlarım kırılıp koptu.
Senin toprağında
Benim evim yoktu.
Kader ayrı sondu
Yazdığı son hikaye buydu.
Yanlış yerde geziyor
buuuu
kuuuş
bu yüzden hep yalnız uçuyor
buuuu
kuuuş.
****
Anason kokarken sofralar
Ýaşlandırıyor seni aynalar
Her geçen yıl birer-birer
Masadan eksiliyor doslar

***
Terk edilmiş bir şehrin ortasındayım
Altım çamur üstüm yağmur
Ama bak burdayım
Bazı şeyler kaybetmeden
sevilmiyor
Bedenim burda fakat ruhum
Kabul etmiyor
Aaaaa
Kendime yalan söyledim
Yalnızım bunu ben istedim
Paramparça bütün aynalar
Içinde kan-revan birisi var...
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:34
Hemedany,
Sizde haýsy aýdymlary bar?
Hiayress,
Nebir oglan sataşypdyrmy? Meñ näm üçin mundan habarym ýokka?
Mümkin
Автор 25 май 2022, 21:38
Aşk!
Dön önümden
Bir sebepden
Gel gir dünyama...

****
Dökülür yediverenler
Teninden rengarenk
Açarsın mevsimli
Mevsimsiz birtanem....

Vazgeçilir gibi değil
Bu medcezirler

Fırtınam,felaketim,hasretim
Yetmiyor...
Şiddetin ne hoş,ne güzel şevkatin
Sevdikçe sevesim geliyor
Ölene kadar peşindeyim bırakmam.
Telwas
25 май 2022, 22:29
Kime jañ etmeli?

Puluňa dözde maňa jaň et, ýüregiňi gysdyrmaryn.
Mümkin
Автор 25 май 2022, 22:32
Hemedany,
Menem şeýle.Häsiýetimiz gursun haýran :))
Nirvana,
Çyndanam saña nädip jañ etmeli.
Telwas
25 май 2022, 22:33
Mümkin,
Maňa jaň ederlik pul bolmaly telefonyňda. Aýlasaň gider. Takmynan näçe bolmalydygyny bilemok-da.
Mümkin
Автор 25 май 2022, 22:35
Nirvana,
Türk nomurmy?
Telwas
25 май 2022, 22:37
Mümkin,
Hytaý nomer ulanmajagym bellä Mahymjan. Aýlajakmy? ;)
Mümkin
Автор 26 май 2022, 05:39
Nirvana,
Arap nomeri ulanaýýamykañ diýipdirin. :)
Nejisligiñi edip,özüñ-ä aýlaýañok. :)
Hemedany,
Hemme zadyñ aşasynyñ zyýan bolşy ýaly,duýgyçyllygyñam aşasy zyýan.
Ogulşirin Bayramowa
26 май 2022, 10:06
Mümkin, salam.
Meniň ugradan aýdymlarymy diňläp gördüňizmi?
Mümkin
Автор 26 май 2022, 13:08
Hemedany,
Süyji söz bilen göwnüni götermek - gowy häsiýet.Muny köpümiz ýygralyk zerarly başaramzok.
Kakamyrat Rejebowyñ bu barada bir goşgusam bardy...
Ogulşirin_Bayramowa,
Salam.Howwa.Rope dälmidi?
Gowy aýdymlar.Ýöne üýtgeşik formatda ugradanlygyñ üçin telefonyñ ýadyna alyp bolmady.Bir hepde diýen ýaly diñlämsoñam pozulyp gitdi :(