Hiç geň galdyranoklar.)
Öňräk "Öwrenmeli" atly platforma giripdim, ähmiýetsiz platformadygyny öňem bilýärdim welin, bilýäňiz içgysgynçlyk her hili täze zatlary barlamaga itergi berýär. Girýänler şeýle-de bilýändir, çaga bir platforma, habar mediýasy ýalydyr, manysyz zatlar örän köp paýlaşylýar, emma şeýlebir manysyz zatlaram arasyna paýlaşylýar welin düşündirmänem durup bileňok. Ine-de netijesi, hol gün teswir ýazmak gadagan edilipdir, sene dekabryň otuzyna çenli, ne sebäp bar, ne duýduryş bar, hiç zat ýok. Sögünen bolsam, gödek gürlän bolsam, biriniň şahsyna ýeten bolsam düşünerin, hiç sebäp ýok. Birine çäklendirme berersiň, bir sebäbiň bolar şeýle dälmi? Moderatorlar etdimi, admin etdimi olam belli däl. Soň pozdum programmany. Ýagny, çyndanam biziň adminlerimiz hijem geň galdyranok, özüne garşy hakyky zatlary aýdanyňda kabul edip bilýän admina hiç gabat gelen däldirin. Näme diýeli: ýazgyt. Ýöne iň erbet zatdanam bir zat öwrenip galýaň diýýärler-ä, menem ýaşy kiçi agzalaryň üýşen ýerinde örän uly sowatsyzlyk döreýändigini öwrenip galdym, hany saglygyňyz, bulam menden günüň habary bolsun.))
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.