Sag bol,durmuş!


Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniñ üçin,
Şükür, saçagymda kemenok çörek.
Ýöne adam
Çörek bilen adam däl,
Oña başga-da kän,
Kän zatlar gerek.

Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniñ üçin,
Ýagyşlaryñ üçin, garlaryñ üçin.
Ýöne ýagyş, gara juda höwrenip,
Adamyñ hasratdan ölmegi mümkin.

Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniñ üçin,
Il deñinde ýar ýerinde ýar berdiñ.
Ýöne ýaryñ saçyn ýassyk edinip
Ýatmak gylygyna syganok merdiñ.

Dahana söz berdiñ wasypñ diýere,
Dost berdiñ şol dosta mynasyp saýyp.
Dost kyn günüñ gerek,
Duşmanam berdiñ
Şat günümde aglap biljek ajaýyp.

Saglyk berdiñ, duýgy berdiñ köñlüme,
Dözdüñ meni gyşyk añzak ýeline.
Şu zatlaryñ aşagyndan çyk diýip,
Iñ soñunda galam berdiñ elime.

Bu baglaryñ göni,
Egri hatary,
Gülleriñ, gönleriñ müñ hili reñki,
Adamlaryñ sary aýralyklary,
Elwan duşuşygy ㅡ bary meniñki.

Gije-gündiz galamymy oýnatdym,
Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan.
Aşagyndan çykar ýaly däl eken.,
Kän zat alan ekenim men durmuşdan.

Ýöne neçün
Mende kinäñ bar ýaly,
Berenlerñi alýañ ýuwaş-ýuwaşdan?
Ýa-da onuñ bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm niçe deñ-duşdan.

Atyñ eýerinde men tans oýnaýyn,
Ýolbars deý böwseýin oduñ halkasyn.
Köp zat berdim diýip gynama meni,
Berenleriñ üçin tañryýalkasyn.

Pursat ber, howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryña bir gaş kakaryn.
Öñümde ak kagyz,
Elimde galam,
Menem bir gün bergilemden çykaryn!
2 лайков 129 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
31 май 2022, 16:07
awtory kim
#динара.
Автор 31 май 2022, 16:12
G.Ezizow bolmaly...Remezan,
Perman Izakow
31 май 2022, 21:42
Miss_minnosh,...?