???

«Undupdyryn, kän zat ýada düşenok».
(Indi bu sözlerim äleme ýaýrar...)
Seret ahyr, dolanmasaň wagtynda,
Men başga adama öwrülip barýan.

Menden öňki duýgy deňzi akanok.
Tebigatyň bir gahary gelmesin!
Men ykbaldan razy, näme alsa-da,
Ýöne menden, ylhamymy almasyn.

Men sensiz aglany güldürip bilmen.
Ýa agladyp bilmen, dolup ýöreni.
Maňa ylham gelsin,
Onsoň gara gyş
Gyzyl güller güllemesin, göreli!

Sen edil howa deý zerur ekeniň,
Bolmaz eken, seni zada çalyşmak.
Ylham, seniň göwnüňe kän degipdim,
Mümkin bolsa, ýazygymy bagyşla!

Aýgül GARAÝEWA.
9 лайков 176 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
03 июн 2022, 17:07
Gowy goşgy, sag boluň
Maksat
03 июн 2022, 17:43
Aýgül Garaýewa özüňizmi ýa başga şahyrmy? Like.
Esma
Автор 03 июн 2022, 17:52
Bayker,
Ýok men Aýgül Garaýewa däl, şahyram däl, ýöne poeziýany gowy görýän.
ajy
03 июн 2022, 18:08
Şu Aýgül Garaýewañ "Saña aýdasym gelen sözlerim" diýen goşgysy bar eken-ä şony tapmadym. sizde barmy?
Esma
Автор 03 июн 2022, 18:17
garaburc,
SAŇA AÝDASYM GELEN SÖZLERIM...

«Nireden ýadyma düşdüň?» diýme sen,
«Salam!» diýmek üçin düşdüm ýadyňa...
«Tallaryň boýnuna tama öýmesin
saraý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Ýogsa, men böljekmi ünsüň-üşügiň?
Tekepbir bolsamam, bilýän düşünip.
«Gül göwnüňden öýke buldun düşürip,
ýagaý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Göwnüňe degenin geň görüp ýören,
Göwnüm nämelere döz gelip ýörer?!
«Men — Adam bolmagy öwrenip ýören
zenan» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Men maý tapsam, ugramakçy barybir...
Hiç bilemok adamlara garylyp.
«Bir gün ýarpy eser goýsam, ýarysyn
ýazaý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Biz bir gelýäs,
kepil ýokmuş ýenäge.
Men welin, zat tapman seni deňäre,
«Halal!» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.
ajy
03 июн 2022, 18:56
Esma,
sagboluñ
Tuman
04 июн 2022, 10:32
Gowy goşgulary ba