PIKIR DERÝASY



Kenarynda mesgen tutdum bu derýaň,
Bolsadynyň baglaryny ekdim-de.
Kiçijek, içine giň dünýä sygjak,
Hyýalymda bir öýjagaz dikdim-de,


Käte arzuw ummanynda azaşyp,
Ýitip giden böleklermi tapmasam,
Balykçy mysaly çeňňegim oklap,
Bu derýadan öz-özümi topladym.


Bu derýada ýüzüp ýören pikirlem
Iri-külke, käte altyn balykdy.
Käte bolsa düşüp gara girdaba,
Urundy jan suwsuz galan balyk deý.


Şonda meni halas eden girdapdan
Adamlar däl, ol keremli Halykdy.
Sebäbi bu derýa meň dünýäm üçin
Adamlardan alysdaky şalykdy.


Gyzylgül ANNAGYLYJOWA
9 лайков 167 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
04 июн 2022, 22:46
Gelnejemiň gowy döredijiligi bar, tüweleme.
Gumly gelin
05 июн 2022, 06:52
Pegas, sag bol, Sapa.
Öwreniji
05 июн 2022, 07:46
tüweleme berekella
Esma
05 июн 2022, 07:59
Gumly gelin,
Hoş geldiňiz gelneje, goşgularyňyzdan paýlaşyp duruň. :)
Aýsere
Автор 05 июн 2022, 12:23
Gumly gelin,
Hoş geldiňiz gelneje, ogurlyk eden ýala boldum aýyplaşmarsyñyzda
Öwreniji
05 июн 2022, 13:20
M-11.
Gumly gelin,
Hoş geldiňiz gelneje, ogurlyk eden ýala boldum aýyplaşmarsyñyzda

adyny goýsaň ogurluk bolmaza, gaýta mahabatlamak bolaýmasa
Gumly gelin
05 июн 2022, 14:01
M-11.,Gaýta begendirdiñiz uýam.Köp sag boluñ!
Jonatan
05 июн 2022, 15:01
bet
Soho
05 июн 2022, 18:57
ine tazelik, gowmy gumlygelin gelneje yagdaylarynyz?